Güller – durmuşymyzyň bezegi
21 Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Güneşli ülkämizi bagy – bossanlyga, gül gülzarlyga öwürmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Paýtagtymyz, onuň daş – töwerekleri, welaýatlardyr, etraplar, obalardyr, şäherçelerimiz gür baglyga bürenýär. Eziz Diýarymyzda gurulup ulanylmaga berilýän, dünýä üleňlerine laýyk gelýän, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaý toplumlary, medeni durmuş maksatly desgalaryň, binalaryň daş – töwereginde oturdylan agaç nahallary bilen birlikde yhlas hyjuwlar bilen kemala getirilen hoş boý ysly gülleriň dürli görnüşleri durmuşymyza bezeg bolup, daş töwerege al elwan reňkleri bilen öwüşgün çaýýar.
Ynsan ençeme ýyllaryň dowamynda owadan gülleri ösdürip ýetişdirmek bilen çäklenmän, olaryň täsin we gözel görnüşlerini hem döretmegi başarypdyrlar. Şeýlelikde adam elleri bilen bägülleriň 40 müňden gowrak, çigildemleriň hem 7 müňe golaý görnüşleri döredilipdir. Görnüşleri boýunça güller dürli – dürli bolup ýagtylyga bolan talaplary boýunça bir näçe toparlara bölünipdirler. Ýöne bezeg ösümlikleriniň aglabasy ýagtylygy söýýänler bolup bu şertlerde gowy boý almaga uýgunlaşypdyrlar.
Tomus pasly otag şertlerinde ösýän ösümlikleri günüň şöhlesinden goramalydyr. Günüň ýiti şöhlelerinden goralmadyk ýagdaýda ýapraklarynda sary tegmiller emele gelýär. Otag gülleri köplenç penjireleriň öňünde ösdürilýär. Sebäbi ýagtylygy talap edip, gün şöhlesine örän mätäç bolýarlar. Penjire gün şöhlesiniň ýarysy diýen ýaly saklap galýar, şondan galan bölegini bolsa güller iýmitlenýärler. Otag şertlerinde ýetişdirilýän bezeg gülleriň ösmek üçin diňe bir ýagtylyk hökmany bolman eýsem günüň uzaklygy, dowamlylygy hem öz täsirini ýetirýär.
Gyşda günüň otag ösümlikleriniň güllemekleri üçin diňe 8 – 10 sagat bolup, göni düşýän günüň ýagtylygy 4-5 sagada barabar bolup, göni otag şertlerinde ýaşaýan güller üçin olary gündizlerine goşmaça ýagtylandyrmagy talap edýär. Bezeg gülleriň kadaly ösüp ýetişmekleri üçin ýagtylyk, howa, suw, toprak şertleri talaba laýyk üpjün edilmelidir. Otag şertlerinde ösdürülýän güller güýçli ösüş döwründe köp derejede iýmiti talap edýärler. Gülleriň kökleri arkaly iýmitlenmekleri örän çylşyrymly döwür bolup, gülleriň iýmit çalşygy bilen baglanyşyklydyr. Kök arkaly iýmitleri sorup almak üçin köklere ýeterlik mukdarda howa üpjünçiligi bolmaly. Güllere diňe bir idegler edilmegi dälde eýsem olara azot, fosfor, kaliý, kalsiý kükürt, demir, magniý ýaly mikroelementler zerur bolup durýarlar.
Elbetde, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, asyrlardan asyrlara nesillerden nesillere geçip biziň günlerimize gelip ýeten hoşboý ysly gülleriň ýetişdirilişine aýratyn ähmiýet berilip, ata- babalarymyzyň asylly däpleri esasynda gülleriň ençeme görnüşleri ýetişdirilýär. Güller howa, toprak şertlerine görä ekilmek bilen özüniň oňyn netijesini berýär. Bu günki gün ynsan ellerinden kemal tapýan güller özleriniň owadanlygy hoşboý yslary bilen ynsan kalplaryny joşa getirip, Eziz Diýarymyzy gül gülzarlyga besleýär.
“Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany ” ýylynda durmuşymyzyň bezegleri bolan hoşboý ysly gülleri ýetişdirmek işlerine aýratyn ähmiýet berlip, obadyr, şäherçelerimizde bark urýan jadylaýjy yslary bilen köňülleri lerzana getirýän güller göreni haýrana goýýar.
Türkmeistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň bagbany
Rozymurat Saparow