Ekologiýa üns merkezinde.
23 Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň işgärleri, baglary Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myrady mekany ýylynyň ilkinji günlerinden başlap, welaýatyň çäklerinde ýerleşýän edara –guramalarda, kärhanalarda daýhan birleşiklerinde , mekdeplerde çagalar bakja baglarynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda bolup, ýaş nahallary oturtmagyň usullary, olara ideg etmegiň agrotehniki çäreleri dogrusynda düşündiriş işlerini yzygiderli alyp barýarlar.
Biz öňümizde goýulan anyk wezipelerden ugur alyp, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ekologiýa abadançylygyny gazanmak dogrusynda ilat arasynda wagyz- nesihat işlerini geçirýäris.
Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň badalga berýän ýazky we güýzki bag ekmek dabarasyna sandamly goşandymyzy goşup, öz nahalhanamyzda ýetişdirilýän agaç nahallarynyň we hoşboý ysly bägülleriň müňlerçe düýplerini agza bolup durýan edara- guramalara, kärhanalara, daýhan birleşiklerine, mekdeplere, çagalar baglaryna paýlap berýäris. Geçen güýzde agaç nahallarynyň jemi müň 2670 düýbi, şeýle-de bägül şitilleriniň 1 müňden gowragy.welaýatyň ähli ýerlerine paýlandy.
Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň bagbanlarynyň, hünärmenleriniň, tebigaty söýüjileriniň gatnaşmaklarynda jemgyýetiň nahalhanasynda ýetişdirilýän agaç nahallaryna, şeýle-de bägülleriň dürli görnüşlerine edilýän agrotehniki çäreler dogrusynda maslahatlar geçirildi.
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň başlygyň orunbasary
Merdan Jumaýew