Bathyz, gajar guşuň mekany

27
  Ýurdumyzda ýyrtyjy  guşlaryň 40-a golaý görnüşi bar. Şolaryň iň ulusy gajar guşydyr. Ol oturanda boýy bir metrden geçýär, ganatlaryny ýaýanda bolsa, 3 m golaýlaýar, agramy 6-7,5 kg. ýetýär. Bu äpet guşuň uçuş we guýruk ýelekleri gara, bedeniniň galan ýelekleri – goýy goňur bolýar. Kellesindäki we boýunynyň gapdallaryndaky sütük ýelekleri hem goňurdyr. Şonuň üçin ol uzakdan gara bolup görünýär.Guşuň kellesinde we boýunynda iri ýelekleriň ýoklugy, onuň ýokary derejeli maslykçydygyny aňladýar. 
 Her bir ýyrtyjy guş tebigatda ýaşap, özüniň täsirini töweregine ýetirýär. Olaryň biri gemrijileri awlap, agaçdyr otjumak ösümlikleri zyýankeşlerden gorasa, beýlekileri – agsak-towsak ýa-da kesellidir şikesli bolan haýwanlary awlaýarlar, ýene-de birleri- meýdanda öz ajalyna ýa-da başga bir sebäplere baglylykda ölen haýwanlaryň maslyklaryny çöpleýärler. Soňkylaryň hataryna Bathyz sebitinde gajardan başga sakally garaguş, kelguş, dazzarkel girýär. Olar bu ýerde mekan tutup, toýnakly haýwanlaryň iň köp toplanan giňişliginiň arassaçylygyna „ tebigy“ gözegçiligi geçirýärler.
  Gajar guşy Bathyzdan başga, Uly Balkanda, Köpetdagda, Amyderýa, Murgap we beýleki derýalaryň arasyndaky giňişliklerde duş gelýär. Ýöne, onuň sany tebigatda örän az. Şonuň üçin ol Tebigy goramagyň halkara bileleşiginiň Gyzyl sanawuna, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. 
  Gajar guşlary Bathyzda oturymly ýaşaýar. Olar pisselik jeňňelliginiň köp ýaşan we sagdyn düýplerinde, Gyzyljardyr Ýeroýulanduz ýaly ýerleriň kert gaýalarynyň erňeklerinde, çöketligiň gum basan ýerlerinde  gara sazak düýplerinde höwürtge gurýarlar.Guşlaryň höwürtge gurmaga saýlap alan ýerleri köplenç suwly çeşmelere golaý ýerleşýär, höwürtgeden bütin töwerek oňat görünýär, howa akymynyň täsiri ýumşak geçýär. Gajar guşlary bir höwürtgäni birnäçe ýyllap ulanýarlar. Höwürtgäniň möçberiniň we agramynyň ýyldan-ýyla artdygyça, onuň töweregine berkligi gowşaýar, güýçli tüweleý onuň üstünden düşende ol gapdala agýar. Şondan soň guşlar täze höwürtge gurýarlar.
  Gajarlaryň täze guran höwürtgelerini penalap köp guşlar gelýärler, şolaryň arasynda serçeler ýeňiji bolup, onuň aşaky diwarlaryndaky boşluklary eýeleýärler. Göräýmäge gajar guşy bu „gelmişek“ serçelere gaýtawul beräýjek ýaly, ýöne ol beýle däl..., gaýtam serçeleri uly ýyrtyjylaryň howpyndan goraýar. Tebigatda ýyrtyjy guşlaryň serçeşekilliler bilen „ylalaşykly“ ýaşaýşy köp duşýar.Höwürtgeleýän serçeleriň sany bu ýerde 7-8 jübüte ýetýär.
    Gajarlar aprel aýynyň birinji ýarymynda, kä ýyllar mart aýynyň ikinji ongünlüginde ýumurtgalaýarlar. Olaryň diňe bir ýumurtgasy bolýar. Ine şu hem guşlaryň tebigy sanynyň haýal dikelmeginiň bir sebäbidir. Maý aýynyň ortalaryndan tä ahyryna çenli dürli wagtda goýulan ýumurtgalardan jüýjeler çykýar. Iýundyr iýulda – tomsuň jowzaly yssysynda uly guşlar juýjelerini juda gyzmakdan goramak üçin, onuň üstüne ganatyny gerip, kölege edip, tä salkyn düşýänçe oturýarlar. Nesil aladasyna guşlaryň ikisi-de gatnaşýar. Jüýjeler ösdükleriçe olaryň ak sütük ýelekleri hakyky ýelek örtügi bilen çalyşýar. Awgust aýynda olar doly ganatyna galyp, uzakdan uly gajara çalymdaş bolýar. Bu sypat täze nesliň basym uçurym bolup, uly guşlaryň toplumyna goşuljakdygyny aňladýar.
     Gajarlar maslykçy guşlaryň iň iýermenleriniň biridir. Olar uly ýyrtyjylaryň toýnakly haýwanlary – keýikdir aýragy awlap, geregini iýip boldum diýip gyra çekileninden soň, bu maslygyň ilkinji eýeleri gajarlardyr. Çüňki, olar gün nuruny giňişleýin çaýyp başlanyndan asmana 1-2 km ýokary göterilip, ganatlaryny ýaýyp ummasyz uly giňişligi synlaýarlar. Maslygy görenlerinden şol tarapa toplanýarlar we ýeke-ýekeden oňa golaý gonýarlar. Olaryň toparlaýyn maslyga ýakynlaşmaklary ýyrtyjyny öz tutan awundan daşlaşmaga mejbur edýär. Ýyrtyjy gyra çekilen dessine gajarlar maslygy juda çaltlyk bilen iýýärler. Daýaw çüňkleriň batly urgysyna gyýylan etler tutuşlaýyn ýuwdulýar, aňrysy bäş –on minutdan uly haýwanyň maslygyndan diňe ýalaňaç süňkler galýar. Şonda olaryň petekesine salan etleriniň agramy guşuň öz agramyndan ýokary geçýär. Şu ýagdaýda bimaza gajarlar birden howa göterilip bilmeýärler. Howpdan goranmak üçin olar ylgawuna iýen etleriniň bir bölegini ögäp, soňra howa göterilýärler. 
       Gyş paslynda, onuň aýazly, sowuk we agyr gelen ýyllarynda iýmit gözlegi üçin, gajarlar esasy ýaşaýan ýerinden uzaklara göçýärler. Bathyz sebitinde we oňa ýanaşyk giňişliklerde ýabany toýnaklylaryň baş sany ýeterlik, öri meýdanlarynda bolsa, dowarlaryň müňlerçesi bakylýar.Olaryň tebigy ölüm-ýitimi hem maslykçy guşlara ýeterlik bolýar. Şonuň üçin-de bu ýerde gajar guşlaryň baş sany durnukly saklanýar we olar üstünlikli nesil öndürip, tebigy sanlaryny dikeldýärler.


Nurmuhammet Hudaýgulyýew 
Bathyz döwlet goraghanasynyň ylmy bölüminiň başlygy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04