SUGUN
56 Biz “sugun” sözüni eşidenimizde gelşikli we güýçli aýakly, belende galyp duran kelleli, owadan şahly, syratly iri jandary göz öňüne getirýäris. Erkek sugunlar we olaryň köpsanly görnüşleri hut şeýle sypatlydyr. Urkaçy sugunlar o diýen haýbatly däldirler, olar ýygra we ürkek görünýärler, ýöne olar hem özboluşly owadanlygy bilen tapawutlanýarlar. Sugunlar jandarlaryň has ykjam toparyny düzýärler, häzirki wagtda olaryň 35–40 görnüşi bellenendir, olaryň daşky keşbinde geň galdyrýan tapawutlary görmek bolýar. Mysal üçin, towşanyň ululygyndaky sugunlar duş gelýär, iň maýda sugunyň agramy bary-ýogy 2–2,5 kg, boýy bolsa 20–25 sm ýokary geçmeýär. Sugun goşatoýnaklylar otrýadynyň sugunlar maşgalasynyň adaty görnüşidir, ol Ýewraziýada, Demirgazyk Afrikada we Demirgazyk Amerikada has giň ýaýrandyr. Köp wagtlap doly üzňelikde ýaşan sugunlaryň wagtal-wagtal daş keşplerini üýtgedendikleri tebigy ýagdaýdyr. Häzirki wagtda zoologlar keşpleri biri-
birinden görnetin tapawutlanýan 15–18 aşaky görnüş sugunlaryň toparlaryny tapawutlandyrýarlar. Her bir aşaky görnüşli toparyň öz ady bardyr. Ýewropa we Kawkaz sugunlary; Merkezi Aziýada ýaýran buhara ýa-da tokaý suguny; Sibir maraly; Uzak Gündogar izýubry; Demirgazyk Amerika wapiti giňden tanalýandyr. Sugunlar tokaýlarda we gyrymsy agaçlaryň arasynda: demirgazykda taýganyň günorta çäklerinden başlap, günortada subtropik tokaýlyklara çenli aralykda, daglarda – belentlikleriň alp çemenzarlyklaryndan başlap hasylly meýdanlara çenli menzillerde duş gelýärler. Türkmenistanda sugunlaryň (Cervus hanglu hanglu Wagner.) 1844 sinonimi (C.elaphus hanglu), merkezi-aziýa toparynyň aşaky görnüşi bolan (Cervus hanglu bactrianus) duş gelýär. Sugun iri, owadan we syratly, 100 kg we ondan hem agyr agramly, şahalanýan owadan şahly jandardyr. Bu sugunlaryň şahlary beýleki jandarlaryň şahlaryna meňzemeýär. Olar maňlaý süňküniň ýörite ösüntgilerinde – töňňelerde ösýärler. Şah bezemenligi diňe erkek sugunlara mahsusdyr. Sugunlaryň şahlary mydamalyk däldir, jübütleşme tapgyry tamamlanandan soň şahlar taşlanýar, bu hadysa her ýyl bolup geçýär. Köne şahlar taşlanýar, olaryň ýerine bolsa täze şahlar ösýär, şahlar hiç haçan bir görnüşini gaýtalamaýarlar. Sugunyň ýaşy artdygyça, ol guratlandygyça, şahlary has-da ulalýarlar, agralýarlar, olarda täze ösüntgiler peýda bolýar. Erkek sugunlar garranlaryndan soň, täze şahlar, gurply hallaryndakydan üýtgeşiklikde, has ýönekeý görnüşde ösýärler. Sugunlaryň şahlary – bu şah daşlygy bilen örtülmedik süňk ösüntgileridir. Sugunlar öz şahlaryny taşlanda, süňk töňňejiginiň başynda kekirdewük ösýär, ol daşyndan mahmala meňzeş ýüňjagazly ham bilen örtülýär. Şol kekirdewük dokumadan gije-gündizde 1 sm tizlik bilen şahlar ösýär. Olar gan damarlary we nerw süýümleri bilen üpjün edilendir. Pantalar diýip atlandyrylýan ýaş şahlar, elläp görlende ýumşak we ýylydyr, olara aňsatlyk bilen zyýan ýetirilip bilner. Şahlar süňkleşmänkäler sugunlar olara örän eserdeň çemeleşýärler. Erkek sugunlaryň şahlary adatça bäş ösüntgiden ybaratdyr.

Sugunlar Amyderýa jülgesiniň arna tokaýlyklarynda ýaýrandyr, ol derýanyň arnasyndaky baglyklarda, gyrymsy agaç jeňňelliklerinde ýaşaýar. Sugunlar oturymly ýaşaýyş düzgünine eýerýärler, elmydama tokaýlarda ornaşýarlar, ol ýerde amatly iým we gorag şertlerini tapýarlar, ot ösümlikleri, baglaryň we gyrymsy agaçlaryň ýaş ýapraklary bilen iýmitlenýärler. Olar suwdan ganmak üçin yzygiredli suwly kenara gelýärler. Ýaz çykanda hemişe çöle çykýarlar. Türkmenistandan başga-da bu görnüş Özbegistanda, Täjigistanda we Gazagystanda duş gelýär. Sugunlar ýetişen urkaçy sugundan we onuň dürli ýaşdaky neslinden ybarat bolan 3–6 başly uly bolmadyk sürülerde ýaşaýarlar. Ýala gelmeklik awgustyň ahyrynda oktýabr aýynda başlanýar. Bu döwürde erkek sugunlar kellelerini ýokaryk galdyryp we şahlaryny yza atyp arlaýarlar, baglaryň şahalaryny döwýärler, şahlary bilen baglaryň sütünlerine sürtünýärler. Bäsdeş peýda bolanda söweş başlanýar. Ýöne, bäsleşik şahlary güjeňlemek we güýçlidigini görkezmek bilen çäklenip bilner. Deň bäsdeşler duşuşan mahaly, söweşiň manysy gaçýar we çalt tamamlanýar. Urkaçy sugunlaryň jyns kämilligi bir ýarym, iki ýarym ýaşlarynda ýetişýär, ýöne köpelmäge ukyplylygy 4–5 ýaşlarynda ýüze çykýar. Maý–iýun aýlarynda adatça bir göle
guzlaýar. Ilkinji günlerde gölejik bukulyp ýatýar, ejesi bolsa töwereginde gezip, diňe iýmitlendirmek wagty geleninde sugunjygyň ýanyna barýar. Bir hepdeden soň gölejik ejesiniň ýanynda gezmeleýär we bir aýdan geçirmän otlary dadyp başlaýar. Bir ýaşyny dolduryp barýarkalar erkek sugunjyklaryň maňlaýynda töňňejikler peýda bolýar, 2–3 aýdan soň bolsa olardan şahasyz şahjyklar – çöpler ösüp çykýar. Alty ýaşa çenli şahlar ulalýar we agralýar. Sugunyň baş duşmany möjekdir. XX asyryň başyna çenli sugunlar Amyderýanyň jülgelerindäki tokaýlyklarda ýaşaýardylar. Amyderýanyň jülgesiniň özleşdirilmegi, derýanyň arnasynyň oba hojalyk ekinleri üçin bölünmegi, mallaryň bakylmagy, ýangynlar tokaý meýdanlarynyň kemelmegine getirdi. Darganata tokaýlyklarynda 1941-nji ýylda sugun goraghanasy döredildi, ol ýerde 60 sany sugunlar jemlenendi, 1947-nji ýylda olaryň sany 100 çenli köpeldi. Sugunlaryň esasy baş sany Burul tokaýlygynda jemlenendir, Garateňgir we Jegirbent tokaýlyklarynda sugunlaryň az sanlysy mesgen tutupdyr. Darganata goraghanasynyň ýapylmagy görnüşiň sanynyň heläkçilikli kemelmegine getirdi. Amyderýanyň orta akymynda 1949-njy ýylda bolup geçen güýçli suw joşguny elliden gowrak sugunyň ölümine sebäp boldy. Olaryň baş sany 1958-nji ýylda 20 çenli kemeldi. Ol ýerde 60-njy ýyllaryň ortalarynda 12–15 sugun galypdyr, 1966–1968-nji ýyllarda Jargüzer tokaýlygynda diňe 5 sany sugun bellenipdir. Sugunlaryň doly ýitip gitmek we Amyderýanyň ähli tebigy tokaý toplumynyň bozulmak howpynyň öňüni almak maksady bilen 1982-nji ýylda Türkmenistanyň Hökümetiniň karary bilen derýanyň arnasynda Amyderýa goraghanasy döredildi. Sugunlaryň görnüşi ýitip gitmek derejesine ýetdi we TGHB-niň Gyzyl sanawyna (Derejesi CR, ölçegi C1), CMS-iň I we II Goşundularyna, CITES-iň II Goşundysyna, 1985-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Türkmenistanyň birinji Gyzyl kitabynyň neşir edilen pursatynda (1985 ý.) sugunlaryň baş sany 15–20-den geçmeýärdi. Türkmenistanyň Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň döredilmegi bilen 1989-njy ýyldan 1995-nji ýyla çenli döwürde goraghanada 28–30 su-gun ýaşaýardy. Ol ýerde 2010-njy ýylda sugunlaryň 60–70 sanysy, 2018-nji ýylda 112 sanysy, 2019-njy ýylda 120 sanysy bellenildi. Jargüzer tokaýlygynda bolsa 1989–2000-nji ýyllar aralygynda sugunlaryň sany 20 çenli artdy, 2010-njy ýylda bolsa sugunlaryň 50-si bellendi.
Häzirki döwürde sugunlaryň iki sany köpeliş sebiti saklanyp galdy, olaryň biri Amyderýada Seýdi we Darganata şäherleriniň arasyndaky tokaýlykdyr, beýlekisi Owganystan bilen serhetdäki Jargüzerde ýerleşýär. Türkmenistanda sugunlaryň häzirki baş sany 250 golaýdyr. Bu gün Türkmenistanyň Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň esasy baýlygy tokaýlyklar bilen sugunlardyr, olar biri-birinden aýrylmaz tebigy sazlaşygy döredýärler. Häzirki wagtda goraghananyň meýdany 48,35 müň gektardan ybaratdyr.
Galina Wlasenko,
Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýi, biologiýa ylymlarynyň kandidaty