BEZEG BAGÇYLYGYNDA BÄGÜLGÜLLERINIŇ TARYHYNDAN

13
 Bägül güli gadymy döwürlerdenbäri özüniň hoşboý ysy we reňkleriniňöwüşginleri bilen tebigata bezeg berip,adamlary özüne çekip gelipdir. Asyrlarboýy adamlar öz zähmetsöýerligi wezehini bilen onuň täsin owadan şekil-lerini hem-de sortlaryny döredipdirler.Bägül ilkinji nobatda owadan bezegösümlikleriniň birine deňelipdir. Onuňstilleşdirilen şekilleri, köplenç, gündogarhalylarynyň bezeglerinde we bezeghatdatlygynyň aýratyn böleklerindegabat gelýär.
 Bägüliň medeni gelip çykyşy taryhyňjümmüşinde uzak alyslara gidýänligisebäpli, olaryň gadymy halklaryňdöwründe haçan peýda bolandygynyaýtmaklyk kynçylyk döredýär diýlipýazylýar. Şol garaýyşdan, bägüliňdöreýşini miweli ösümlikler bolanüzüm, alma, erik we zeýtun bilen birhatarda goýulmagynyň sebäbi, gadymydöwürlerde Wawilonda bu ösümlik ulyhormata eýe bolupdyr.
 Eýranda bägüle uly söýgi bilen, onuňsuwuny içmeklik belli bolupdyr, şonuňüçin bu ýurda Gülistan (“Bägülleriňýurdy”) diýlip at goýlupdyr. Eýrandan we Kiçi Aziýadan bägüllergadymy Grek döwletine, ol ýerdenbolsa Müsüre hem-de Rime çuňňuraralaşdyrypdyr. Biziň eýýamymyzdanöň I asyryň ortalarynda Müsürden Rimdöwleti üçin köp möçberde bägülleriösdürip ýetişdirilip äkidilipdir.
 Alym Gerodot Makedoniýada patyşaMidasyň bagynda 60 gülýapraklybägüliň bardygyny öz ýazgylaryndabeýan edýär. Başga gadymy alymTeofrast bolsa biziň eýýamymyzdan300 ýyl öň bägüliň gelip çykyşy, ösdüripýetişdirmegiň ýollary hem-de olaryňýabany we medenileşdirilen görnüşleribarada öz kitabynda jikme-jik ýazypdyr.Şol döwürlerde bagçylykda bägülleriň:
Damask bägüli (R. Damascena Mill.),Sentifoliýa bägüli (R. centifolia L.)we Mohly (R. muskosa Ait) görnüşleri köpçülikleýin ýaýrapdyr. Ýewropada XII asyrdan başlapýabany bägül-itburnuň Kaniniň bägüli (R. Canina L.), meýdan bägüli(R. Arwensis Huds.), gyzylymtyl-goňur (rubiginosa L.), Alp bägüli(R. Alpine L.)görnüşlerine uly üns berlip başlanypdyr. Sebäbi olar özaralarynda ýeňil jynsyçakyşdyrmageçirip, tebigy şertlerde köp garnuwlary(gibrid) beripdir. Russiýanyň bagçylygynda XII–XIII asyrlarda adaty ýabany Kani-niň bägülini bezeg bagçylygyndawe lukmançylyk maksatlary üçinköpeldipdirler. Ýabany bägüliň tebigy garnuw-larynyň we medeni görnüşleriniňarasynda geçirilen çaknyşdyrmalaryňnetijesinde, onuň köp dürli sortlaryalnypdyr: Ýüz gülýaprakly ýa-da sentifol (R. centifolia L.), Sentifol mohly (R. centifolia L.f.muscosaSchneid.),Sentifol pomponly (R. centifolia L.f.pomponiaLindl.), Damask (R. damascene Mill.), Akbägül(R. alba L), Portland (R. portlandica hort.) we başgalar.
  XVIII asyryň ahyrynda we XIX asy-ryň başynda, açyk gülgüne Çaý weBengal bägülleri Hindistandan Ýewro-pa ýurtlaryna getirilenden soň, tohum-çylykda täze döwür başlandy. Bu, barbolan görnüşler bilen gibridizasiýaesaslanýan gymmatly häzirki zamangörnüşleriniň döredilmegine itergiberdi. Gadymy Rim ýazyjysy we alymyUly Pliniý özüniň 37 kitapdan ybaratbolan “Tebigy taryh” atly işinde 12sanymedenileşdirilen bägüller hem-de12 sany beýleki bezeg ösümlikleriňgörnüşleri hakynda ýatlap geçýär. Ol “Bägül–gülleriň şazadasy, meýdanlaryňwe baglaryň iň owadan bezegi” diýip ýazypdyr. Taryhy maglumatlara görä, bägülleriňilki gelip çykan ýerleri AlynkyAziýa (Kiçi Aziýa, Zakawkazýe weEýran) we Gündogar Aziýa (Hytaý,Hindistan) hasaplanýar. Medeni bägülgülleriniň esasy ýaýran ýerleri üç ugragönükdirilen:
1) Gall (R. galliça) bägülleriniňtoparlarynyň giňişleýin ýaýramagybiziň eramyzdan öň Klçi AziýadanEgeý deňziniň adalaryndan weMakedoniýadan başlap Gresiýa, olýerden bolsa Rimde uýgunlaşyrylyp,Müsürde, ondan soňra Ispaniýada hem-de Fransiýada peýda bolupdyr;
2) Hytaý bägülleriniň toparlary-nyň–Hytaý bägüli (R. Chinensis), Wihuranyň bägüli (R.wichuraiana)uýgunlaşdyrmasy gadymy döwürlerdenHytaýdan Hindistana barypdyr,soňra bolsa XIX asyryň başlaryndaHindistandan Ýewropa döwletlerine(Fransiýa, Angliýa) eltilipdir;
3) Bägüliň ikinji gezek ýaýrawynygiňeltmekligiň üçünji ugry, Ýewropa(Fransiýada) ýurtlarynda bägüliňbagçylykda ösdürmek üçin döredilensortlaryny XIX asyryň ortalaryndadünýäniň beýleki ýurtlaryna ýaýrat-maklyk bolupdyr.
Orta Aziýa ýurtlarynda bägüliösdürip ýetişdirmeklik hem irkidöwürlerden başlanypdyr, sebäbi bu güle“rowaýatlaryň güli” diýlip ýöne ýereat berilmändir. Samanidler döwletiniňpaýtagty Buharada IX–X asyrlardaÝakyn Gündogar, Russiýa, Hytaýdöwletleri bilen bägülden öndürilenparfýumeriýa önümlerini, dürli ýaglar,atyrlar hem-de onuň tohumlary bilensöwda aragatnaşyklary ýola goýlupdyr.
  Häzirki döwürde Bägül (Rosa L.)esasy uly botanika toparyny düzýär,onuň boýy 1–2 metr bolup, göni ösýänköp görnüşli ösümlikdir. Ýöne, başga-da dürli görnüşli we şekilli bägüllerhem duşýar. Bägülleriň ýapragynydüşürýänleri, ýarym düşürýänleri webütin ýylyň dowamynda gök öwsüpoturýanlary, baldak şahalary bolsa tikenliwe tikensiz görnüşleri duş gelýar. Mysal üçin, bägüliň Alp (R. alpina) toparynadegişli Inermis Morletti (InermisMorlettii) sorty özüniň şahalarynda tikenleriň ýoklugy bilen tapawutlanýar.Alym F. Konuň “Ösümlik” atlykitabynda boýy 13 metrlik we sütüniniňdiametri 50 santimetr bolan agaçgörnüşli ýabany Kaniniň bägüliniňGildesgeým ybadathanasynyň öňünde ösüp oturandygy hem-de onuň ýaşynyň300 ýyla barabardygy barada ýazylypdyr.
 Türkmenistanda gadymy Merwiňwe Ürgenjiň töweregindäki ýaşaýyşhowlularynda bägülleriň ýakymlyyslarynyň bark urandygy barada taryhymaglumatlarda getirilýär. Türkmenistanyň Oba hojalyk mi-nistrliginiň Döwlet merkezi botanikabagynyň ylmy işgärleri hem ençemeýyllardan bäri dürli ýurtlardangetirilýän ösümlikleriň, şol sandagülleriň, bägülleriň dürli görnüşleriniňtohumlaryny ekip görüp, biziň toprak-howa şertlerimize uýgunlaşmagyboýunça köp ylmy-barlag işlerinigeçirýärler we şolaryň içinden iňgowularyny saýlap alyp, ýurdumyzyňgül-bezeglerinde, baglarynda ulan-maklygy teklip edýärler. Güller biziň durmuşymyzyňaýrylmaz bir bölegi bolup, ol bagtyýargünlerimiziň, toý-dabaralarymyzyňbezegi, parahatçylygyň we şatlygyňhem-de gözelligiň nyşany bolup durýar.

Şyhmyrat Baýmyradow,
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Döwlet merkezi botanika  bagy,oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty
Döwletmyrat Amandurdyýew,
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Döwlet merkezi botanika  bagy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04