Tomusky ekologiýa düşelgesi: ýaşlar — durnukly geljek üçin
35 Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gazanasynyň (UNICEF) goldamagynda hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýardam bermeginde, daşky gurşawy goramak, klimatyň üýtgemegi we durnukly ösüş meselelerine gyzyklanma bildirýän işjeň hem-de başlangyçly ýaşlary birleşdiren tomusky ekologiýa düşelgesi geçirildi.
Tomusky ekologiýa düşelgesi diňe bir bilim meýdançasy bolman, eýsem özara gürrüňdeşlik, pikir alyşmak we täze başarnyklary ösdürmek üçin hem giň giňişlige öwrüldi. Düşelganyň dowamynda gatnaşyjylar ekologik howpsuzlyk, klimatyň üýtgemegi, tebigy baýlyklardan oňat peýdalanmak we daşky gurşawa jogapkärli çemeleşmegi kemala getirmek ugrunda öz bilimlerini giňeltdiler.
Ýaş gatnaşyjylaryň işe nähili işjeň goşulandyklaryny synlamak aýratyn ýakymly boldy. Olar diňe bir maglumatlary diňlemek bilen çäklenmän, sowallar berdiler, çekişmelere gatnaşdylar, öz pikirlerini orta attylar we amaly tabşyryklary uly höwes bilen ýördiler.
Gatnaşyjylaryň köpüsi üçin bu düşelge diňe bir ekologik meseleler barada has köp zat öwrenmäge däl, eýsem olary çözmekde olaryň her biriniň nähili orun eýeläp biljekdigine göz ýetirmäge hem mümkinçilik boldy.
Maksatnamanyň möhüm bölegi ekologik taýdan jogapkärli jemgyýeti we durnukly geljegi kemala getirmek üçin zerur bolan «ýaşyl başarnyklary» — bilimleri, ukyplary we şahsy häsiýetleri ösdürmekden ybarat boldy. Gatnaşyjylar toparda işlemegiň başarnyklaryny kämilleşdirdiler, ekologik kynçylyklary seljermegi, döredijilikli çözgütleri gözlemegi we öz pikirlerini anyk başlangyçlara öwürmegi öwrendiler.
Ýaşlaryň täze bilimlere açyklygy we ösmäge bolan ymtylyşy aýratyn täsir galdyrdy. Olaryň işjeňligi häzirki zaman ýaşlarynyň diňe bir ekologik meseleleriň möhümdigine düşünmän, eýsem oňyn özgermeleri döretmäge hem gös-göni gatnaşmaga taýýardyklaryny görkezdi.
Şeýle başlangyçlar uly ähmiýete eýedir, çünki ekologik bilim — bu diňe bir bilim bermek däl. Bu tebigata aýawly çemeleşmek medeniýetini kemala getirmek, jogapkärçiligi ösdürmek we geljek üçin oýlanşykly çözgütleri kabul etmäge ukyply nesli terbiýelemekdir.
Tomusky ekologiýa düşelgesi bilim başlangyçlarynyň ýaşlary nähili ruhlandyryp biljekdiginiň we olary umumy maksadyň daşyna birleşdirip biljekdiginiň aýdyň mysaly boldy. Gatnaşyjylar täze bilimleri, başarnyklary we tejribäni topladylar, şeýle hem özlerini has arassa, durnukly we ekologik taýdan jogapkärli geljek ugrundaky hereketiň bir bölegi hökmünde duýmaga mümkinçilik aldylar.
Ekologik bilimi goldamak we ýaşlaryň ösmegi üçin mümkinçilikleri döretmek — biziň umumy durnukly geljegimize goşulýan möhüm goşantdyr.