Jennet uzynguýruk siňekçisi Bathyzda

20
 Ýurdumyzda guşlaryň 410 görnüşi bolup, şolaryň 39 görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen. Şeýle seýrek duş gelýän guşlaryň biri hem jennet uzynguýruk siňekçi guşudyr. Bu owadan guş Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň suwly derelerinde duş gelýär. Olar Türkmenistandan başga-da, Günorta, Günorta – Gündogar we Gündogar Aziýa, Demirgazyk –Gündogar Hytaýda, Koreýa ýarym adasyndade we Gündogar Primorýe, Hindistanda, Päkistanda we Günorta Owganistanda gyşlaýar.
 Göwresi serçeden ulurak, guýrugy uzyn, hüpüginiň çowlandygy oňat görünýär. Kellesi we bokurdagy metal ýalpyldyly garamtyl gök. Arkasy, guýrugynyň üsti we guýrugy ýiti çypar reňkli. Ganatlary goýy çal reňkli, ganatlarynyň aşagy agymtyl çyparrak, bedeniniň aşagy çal. Günki inli, güýçli, garamtyl çünküniň ujy gaňyrçakly, garamtyl çünküstüniň ujy gaňyrçakly, mawumtyl çal reňkli. Aýaklary mawumtyl çal,gözleriniň töweregindäki ýalaňaç halkasy gögümtil reňkli. Horazynyň ganatlarynyň uzynlygy 89- 100mm., mäkiýanyyňky 88-98 mm.
 Uçup gelýän we höwürtgeleýän guş. Maý aýynda ýurdumyza uçup gelýär we awgust aýynyň ortasyndan sentýabr aýynyň ortasyna çenli uçup gidýärler. 
 Ýurdumyzda bu  guşuň diňe Köýtendag döwlet tebigy goraghanasyndan başga ýerde duş gelmeýändigine garamazdan, kähalatlarda tebigatyň täsiri bilen uçýan ýoluny üýtgedip tötänden garaşylmaýan ýerlerde duş gelmegi haýran galdyrýar. 
 2026-njy ýylyň awgust aýynyň 18-ne Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäheriniň golaýynda ýerleşýän gür bagly dik guýynyň ýanynda jennet uzynguýruk siňekçisi hasaba alyndy. Bar bolan maglumatlara görä jennet uzynguýruk guşy Serhetabat şäheriniň töwereginde 1961-nji we 1964-nji ýyllaryň maý aýynda hasaba alynypdyr. Birnäçe ýyllardan soň jennet uzynguýruk siňekçisiniň ýene bu sebitde duş gelmegi ylymda täzelik bolup, gözegçilik işlerini dowam edip, içgin öwrenilmegi talap edýär. Jennet uzynguýruk siňekçisiniň täze ýaýran ýerlerini öwrenilip, gorag astyna alynsa, olaryň tebigatdaky sanynyň artmagyna ýardam berer.

Nurmuhammet Hudaýgulyýew 
Bathyz döwlet tebigy  goraghanasynyň ylmy bölüminiň başlygy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04