GARAKÖLDE GÜÝZ GÖZEGÇILIKLERI
26 Döwlet tebigy goraghanalarda işleýän ylmy işgärleriň ylmy barlag işleri tebigatda yzygiderlikde dowam edýär. Ýurdumyzyň biodürlüligini ylmy tarapdan öwrenmegiň uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen goraghanalaryň işgärleri pasyllaýyn barlaglary dowam edýär. Daşoguz welaýatynyň çäginde dürli ululykdaky köller bar. Olaryň arasynda goralmaga, öwrenmäge mynasyp kölleriň biri hem Şabat etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginiň çägindäki Garaporsaň obasynyň günbatar tarapynda ýerleşýän Garaköl kölüdir. Bu ýeri özüniň kiçi göwrümlidigine garamazdan ösümlik we haýwanat dünýäsine baýlygy bilen tapawutlanýar. Şol sebäpli bu kölde guşlar boýunça gözegçilikler geçirilip, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň saýtynda 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde we 31-nji iýulynda “Alahekek çulugy barada” we “Garakölde Gyzyl gazlar” barada makalalar çapdan çykaryldy.
Kölüň guşlaryny öwrenmegiň wajypdygyny bellemek bilen biz goraghanalaryň işgärleri bilelikde ylmy barlaglarymyzy geçirdik. Kölüň gözelligi örän täsin, onuň bir tarapyny ekin meýdanlar eýeleýär, galan bölegi sazakly çerkezli çägelik-çöllük meýdan. Şahyrlarymyzyň wasp edişi ýaly “durnaň gözi ýaly” dury suwly köldäki dürli guşlary synlamagyň özi gyzykly pursatlaryň biri. Kölde ilki bilen golaý aralykda Gyzyl gazlary görüp, olara tarap ýuwaş-ýuwaşdan golaýlap surata düşürdik hem-de sany bilen gyzyklandyk, şeýlelikde jemi 25 sany Gyzyl gazy kölüň dürli ýerinde sanadyk. Olaryň ýaş osoblary hem bardy. Ylmy gözegçilgimizde uly (Podiceps cristatus) we garaboýun (Podiceps nigricollis) tersaýaklary, uly ak hokgary (Casmerodius albus), gök hokgary (Ardea cinerea), aňky (Tadorna ferruginea), ala gazy (Tadorna tadorna), tamdyra ördegi (Anas clypeata), gamyş gulatysyny (Circus aeruginosus), uly ýylkyçyny (Numenius arquata), gyzyl aýajykly çulugy (Tringa totanus), kiçi kebezi (Charadrius dubius), bizçüňk çulugy (Recurvirostra avosetta), kepderi pisintli deňiz çarlagyny (Larus genei), gülegen çarlagy (Larus cachinnans), ýaşyl daraklygy (Merops persicus), kenar garlawajyny (Riparia riparia), mollatorgaýy (Galerida cristata), geçi guşy (Motacilla alba) hasaba aldyk. Aňkyň we gök hokgarlaryň sürüsiniň arasynda 6 sany kaşykburun (Platalea leucorodia) hasaba alyndy. Garakölde ýaşaýan ýene-de bir Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen görnüşi bu kölde hasaba almak bizi has-da täsin galdyrdy. Sebäbi bu guş örän seýräk duş gelýär, Daşoguz sebitinde ol esasan Sarygamyş kölünde duşýardy.

Kaşykburun uzyn aýakly we uzyn boýunly guş. Ýelek örtükleri ak, depesindäki hüpügi we petekesindäki tegmili açyk-sary reňkde. Bu guş çüňküniň görnüşi boýunça atlandyrylypdyr. Onuň çüňki uzyn, ýasy, ujy giňelen kepje görnüşli. Kaşykburun uçup geçýän guş. Biziň ýurdumyzda höwürtgeleýändigi barada hem çaklamalar berilýär. Ýazky migrasiýasy fewral-mart aýlary, güýzküsi sentýabr-oktýabr aýlary. Uly köllerde ýaşaýar. Kaşykburunyň höwürtgeleýän ýerleri Günorta we Günorta-Gündogar Ýewropa, Orta, Merkezi, we Gündogar Aziýanyň günorta we gündogar bölekleri, Hindistan we Afrikanyň demirgazyk gündogar çetleri. Biziň ýurdumyzda uçup geçende derýa jülgelerine, Hazaryň kenar ýakalaryna çekilýärler. Gyşyny Günorta-Gündogar Hytaýda, Hindistanda, Pars aýlagynyň gündogar kenarynda, Gyzyl we Otaýer deňizleriniň günbatarynda, Nil derýasynyň jülgesinde gyşlaýar. Garakölde kaşykburunlaryň kenaryň gyralarynda iýmitlenýändigine gözegçilik geçirdik. Olar balykgulaklar, mör-möjekleriň liçinkalary, maýda balyklar bilen iýmitlenýärler. Uzak aralyklardan dürbüniň kömegi bilen kaşykburunlary anyklanymyzdan soňra golaýyna baryp surata düşürmäge hem mümkinçilik boldy. Guşlar üçin kölde iýmit gorunyň bardygy sübhesizdi, çarlaklaryň maýda balyklar bilen iýmitlenişlerini synladyk, kenaryň gyrasynda iýmitlenýän çuluklaryň, ala gazlaryň we beýleki guşlaryň toplanan ýerlerinde suwuň içinde suw otlarynyň boldugyny hem belledik. Kölüň gyrasy bilen gözegçilik geçiren pursatymyz ýene-de bir täsinligiň üstünden bardyk. Kölüň gyrasyna üýşen ot-çöpleriň arasynda uly balykgulagy tapdyk. Onuň ululygy 12 santimetre barabardy. Şeýlelikde balykgulagyň bu görnüşiniň tapylmagy kölde ýaşaýan guşlar bilen bilelikde suw jandarlarynyň öwrenilmeginiň hem wajypdygyny görkezýär. Suw jandarlary, esasan hem balykgulaklar bilen iýmitlenýän kaşykburun, tamdyra ördegi ýaly guşlaryň bu ýerde saklanmagy muňa şaýatlyk edýär.
Garakölde gözegçiliklerimizi geçirenimizde geljekde ylmy barlaglarymyzy dowam etmek üçin ýene-de bir täze ylmy sahypanyň açylandygyny belledik, ýagny kölde tapylan balykgulagyň taryhy, görnüşiň ylmy ady we biologiýasy barada maglumatlaryň toplanmagy ýurdumyzyň suw ýataklarynyň biodürlüligini öwrenmegiň ähmiýetini görkezýär. Goraghanalaryň işgärleri bilen bilelikde geçiren ylmy işlerimiziň netijesinde toplanan ylmy maglumatlary seljerip ýurdumyzyň faunasy üçin örän wajyp maglumatlaryň ýazgylaryny geçirdik. Garakölde ýaz we tomus aýlary geçirilen gözegçiliklerde guşlaryň dürli görnüşi hasaba alyndy, güýz aýynyň gözegçiliklerinde hem guşlaryň görnüşleriniň sanynyň köpelýändigini geçirilen ylmy barlaglar görkezdi. Meýdan gözegçiliklerimizde kölüň täsin tebigatyny synlamaga gelýän raýatlar bilen hem gürrüňdeşlik geçirdik. Ýerli syýahatçylaryň arasynda Daşoguz şäheriniň 26-njy orta mekdebiniň geografiýa mugallymy Wepa Allaýarow bilen hem söhbetdeşlik geçirdik. Wepa mugallym ýaşlaryň tebigat baradaky bilimlerini çuňlaşdyrmakda ýerine ýetirýän işlerini gürrüň berdi hem-de öz ýoldaşlary bilen bilelikde kölüň töwereklerinde arassaçylyk işlerini geçirdiler. Garaköle raýatlarymyzyň syýahata gelýändigi hem-de guşlary synlaýan pursatlary, tebigaty gorap saklamak barada düşünjeleriniň kämilleşýändigi bizi begendirdi. Şeýlelikde Daşoguz welaýatynyň çägindäki dürli kölleriň ýagdaýyny, guşlaryň toplanýan ýerlerini öwrenmek üçin ylmy gözegçiliklerimizi dowam edýäris.
Aknabat Potaýewa,
Köpetdag döwlet tebigy goraghanasy
Arazmyrat Amanow,
Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasy