Daşky gurşawyň hyzmatynda sanly tehnologiýalar: Howa babatda maliýeleşdirmegi gözegçilik etmek üçin sanly gural (DCFTT ) Aşgabatda synagdan geçirildi
12AŞGABAT, 2026-njy ýylyň 26-njy sentýabry – Paýtagtyň “Arçabil” myhmanhanasynda iki günlük bölümara amaly okuw maslahaty üstünlikli tamamlandy, onuň çäginde Howa babatda maliýeleşdirmegi gözegçilik etmek üçin sanly guralyň synag wersiýasynyň tanyşdyrylyşy we amaly synagy geçirildi. (Digital Climate Finance Tracking Tool - DCFTT).
Bu innowasion platforma Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň (FAO) we Ýaşyl howa gaznasynyň (GHF) bilelikde ýerine ýetirilýän «Mümkinçilikleri we strategiki çarçuwalary artdyrmak arkaly howa babatda maliýeleşdirmegiň elýeterligi boýunça Türkmenistanyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak» atly taslamanyň çäginde işlenip düzüldi. Taslama ýurduň durnukly ýer dolandyryşy, oba hojalygy we tokaý hojalygy ýaly strategik ugurlara howa maýa goýumlaryny çekmek üçin institutsional taýýarlygyny güýçlendirmegi maksat edinýär.
Maslahata Daşary işler, Daşky gurşawy goramak, Oba hojalyk, Maliýe we ykdysadyýet we Energetika ministrlikleriň, Döwlet statistika komitetiniň öňdebaryjy hünärmenleri, şeýle hem ýurduň ylmy-barlag institutlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň esasy çykyşçysy FAO-nyň howa maliýeleşdirmesi boýunça halkara maslahatçysy Metodiýa Dimovski öz çykyşyny interaktiw ýörelgelere esaslanyp, gatnaşyjylary DCFTT ulgamynyň arhitekturasy we onuň esasy funksiýalary bilen jikme-jik tanyşdyrdy. Ol taslama sikliniň tapgyrlaryny aýdyň kesgitlemäge aýratyn üns berd, şol sanda maliýe serişdelerini toplamak we kesgitlemek, maksadalaýyk ulanmak, seljermek hem-de maliýe serişdelerini ulanmagyň yzarlanmagy. Işlenip düzülen gural ilkinji maglumatlary bölümlere degişliligi we maliýeleşdirmegiň görnüşi boýunça seljerýär we howanyň üýtgemegi babatda degişli milli strategik resminamalary kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Bu sanly gural maglumat toplumlarynyň toplu ýüklenmegini we maliýe akymlarynyň howanyň üýtgemegine degişliliginiň klassifikasiýasyny we bahalandyrylmagyny goldaýar.
Maslahatyň möhüm bölegi interaktiw göni simulýasiýa boldy, onuň dowamynda Türkmenistanyň milli edaralarynyň hünärmenleri ulanyjy hasabynyň funksiýalaryny synagdan geçirdiler we maglumatlary girizmek we barlamak algoritmlerini tejribe etdiler. Milli edaralaryň talaplaryny göz öňünde tutup, maglumatlaryň gizlinligine we maglumatlara elýeterliligi gözegçilik etmäge aýratyn üns berildi.
GCF-iň gatnaşyk sessiýasynyň dowamynda FAO-nyň halkara bilermeni Sara Agapito ýedi moduldan ybarat okuw kursuny, şeýle hem milli şertleri we kanunçylygy göz öňünde tutup, howa çykdajylarynyň sanawyna we klassifikasiýasyna çemeleşmeleri hödürledi.
DCFTT sanly guralynyň ornaşdyrylmagy howa maliýe akymlaryny yzarlamak, gurluşly maglumatlara esaslanyp karar kabul etmegi goldamak we MDK-da göz öňünde tutulan çäreleri goşmak bilen, Türkmenistanyň howa ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmegiň maliýe taraplaryny seljermek üçin has ulgamlaýyn esas döretmegi maksat edinýär. Maslahatyň dowamynda milli bilermenlerden alnan teklipler we maslahatlar FAO taslama topary tarapyndan Ulanyjy Gollanmasyny tamamlamak we soňra ministrlikleriň gündelik iş proseslerine integrasiýa etmek üçin sanly platformany kämilleşdirmek üçin ulanylar.