TÜRKMENISTAN ÝAŞYL TEHNOLOGIÝALARA WE MALIÝE SERIŞDELERINE ELÝETERLILIGI GIŇELDÝÄR
17 Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak Türkmenistan üçin strategik ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi, sebäbi ýurduň oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşi göni ekologik durnuklylyga baglydyr. Paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynda 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabry - 2-nji oktýabry aralygynda gibrid görnüşinde geçirilen üç günlük okuw maslahaty bu ugurda möhüm ädim boldy.
Maslahat Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň (FAO) hem-de Ýaşyl howa gaznasynyň (ÝHG) «Mümkinçilikleri we strategiki çarçuwalary artdyrmak arkaly howa babatda maliýeleşdirmegiň elýeterligi boýunça Türkmenistanyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak» atly bilelikdäki ýerine ýetirilýän taslamanyň çäklerinde guraldy. Duşuşyk howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak tehnologiýalaryna, parnik gazlarynyň çeşmeleriniň we siňdirijileriniň hasabatlylygyny seljermäge, şeýle hem oba hojalygy, tokaý hojalygy we ýer ulanylyşynyň beýleki görnüşleri pudaklarynda tehnologik maýa goýum taslamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy.
Maslahat ýurduň esasy döwlet edaralarynyň, maliýe institutlarynyň, ylmy we okuw edaralarynyň hem-de ýurduň welaýatlarynyň wekillerini bir meýdançada jemledi. Şeýle hemmetaraplaýyn çemeleşme pudaklaryň ejizligini jikme-jik seljermäge mümkinçilik berdi. Interaktiw bölümiň dowamynda gatnaşyjylar ösümlikçilik, maldarçylyk, tokaý hojalygy we balyk hojalygy üçin has geljegi uly «ýaşyl» çözgütleri kesgitlediler.
Okuw maslahatynyň dowamynda maýa goýum çeşmeleri, ýagny döwlet, halkara we hususy maliýeleşdiriş çeşmeleri barada giň söhbetdeşlikler bolup geçdi. Gatnaşyjylar FAO-nyň bilermenleri tarapyndan taýýarlanan maýa goýum meýilnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Resminama howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak babatda durnuklylygy ýokarlandyrmak we ileri tutulýan ugurlara laýyklykda, ýagny oba hojalygy, tokaý hojalygy we ýer ulanylyşynyň beýleki görnüşleri pudagyna halkara serişdelerini çekmäge mümkinçilikleri artdyrmak üçin gönükdirilendir.
Okuw maslahatyň jemleýji güni gatnaşyjylar parnik gazlarynyň inwentarizasiýasy boýunça milli hasabaty taýýarlamagyň we Giňeldilen aýdyňlyk ulgamyny (ETF) doldurmagyň döwrebap talaplaryny jikme-jik öwrendiler. Bilermenler maglumatlary ýygnamagyň we zyňyndylary hasaplamagyň usulyýetini düşündirdiler.
Maslahatyň ahyrynda maýa goýum meýilnamasynyň çärelerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça maslahatlar geçirildi. Olaryň durmuşa geçirilmegi ýurdymyzyň oba hojalygy pudaklarynda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça mümkinçilikleri artdyrmaga we ýaşyl tehnologiýalary has-da giň ornaşdyrmaga mümkinçilik berer.