TEBIGAT MUZEÝI - TEBIGATYŇ TÄSINLIKLERI

25
 Ýurdumyzyň tebigat täsinliklerini, gözelliklerini öwrenmek üçin daglyk, düzlük ýerlere gezelenje gitmegi her birimiz arzuw edýäris. Gökdere jülgesine, Sekizýap derýajygyna, Nohur obasyna, Balkan welaýatynyň täsin ýerlerine, Bathyza, Köýtendaga gidip tebigy meýdanlara gezelençler gurnaýan raýatlarymyza, ýerli we daşary ýurtly syýahatçylara häli-şindi duşýarys. Internet sahypalarynda ýurdumyzyň täsin ýerleriniň suratlaryny görkezmek bilen syýahatçylar, suratçylar türkmen tebigatynyň gözelliklerini dünýä ýüzüne wasp edýärler. Kähalatlarda tebigat syrlaryny we gözelliklerini öwrenmegiň ýene-de bir ugry ýurdumyzdaky goraghanalaryň “Tebigat muzeýlerine” gezelençler gurnamagyň ähmiýeti biziň tebigat baradaky bilimlerimizi artdyrmaga uly ýardam berýär. Ýaňy ýakynda maşgalamyz bilen Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň “Tebigat muzeýine” gezelenje bardyk.  Goraghananyň muzeýi örän täsin, ýabany haýwanlaryň dürli görnüşiniň gäpleri, guşlaryň dürli görnüşiniň täsinlikleri haýran galdyrdy. Muzeýde Köýtendagyň gowaklarynyň we birnäçe asyrlaryň dowamynda saklanyp galan dinozawrlaryň yzlarynyň ekspozisiýasy ýerleşdirilipdir. Hazar deňzinde ýaşaýan guşlaryň, balyklaryň görnüşleri barada gymmatly maglumatlary synlamaga mümkinçilik döreýär. Garagum sährasynyň täsinliginde çölüň ekspozisyýasy, zemzeniň, keýigiň  we başga jandarlaryň görnüşleri görkezilýär. Ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikleriň görnüşleri hem muzeýiň bir burçuny eýeleýär. Bu täsinliklerden başga-da goraghananyň ylmy bölüminiň işgärleriniň T.Täşliýewiň, A.Nurýagdyýewanyň, L.Gaýypowanyň, Ýe.Urýupiniň hem-de gorag bölümiň işgäri Ö.Amanowyň  muzeýi bezemekde çekýän zähmedine haýran galdym. Goraghananyň ylmy bölüminiň başlygy Aknabat Potaýewa her bir görnüş barada, şeýle hem  ýurdumyzyň biodürlüligini ylmy tarapdan öwrenmekde goraghanada ýerine ýetirilýän işler barada gyzykly gürrüňleri berdi. Muzeý eksponatlarynyň arasynda täsinlige gözüm düşdi. Ol edil zenanlaryň eli bilen örülip taýýarlanan elligede, jorabada  örän meňzeşdi, şeýle hem gapdallarynda gysgaça girelgesi bardy. Agaçlaryň şahalarynda ýerleşdirilen bu täsinligiň ýanynda saklanyp synlaýan pursadym A.Potaýewa meniň eksponada düşünmeýändigimi dessine aňdyda “bu - garabaşly züýk guşynyň höwürtgesi” diýdi. Şeýle täsin höwürtgäni haýsy guşyň bejerýändigini meniň göresim geldi. Muzeýde duran ylmy kitaplaryň arasyndan “Türkmenistanyň guşlary” atly ylmy kitaby elime berdiler. Bu gymmatly ylmy kitapda Türkmenistanyň faunasynda ýaşaýan ähli guşlar barada maglumatlar bilen tanyşdym, şeýle hem suratlaryny gördüm. Men züýk guşuny görmäge hem-de onuň ýaşaýşynyň aýratynlygyny öwrenmäge howlukdym. Türkmenistanda  züýk guşunyň iki görnüşiniň adaty züýügiň hem-de garabaşly züýügiň ýaşaýandygyny öwrendim. Züýkler guşlaryň Jikjikiler maşgalasyna degişlidir. Garabaşly züýk serçeden kiçi, olaryň agramy 7-10 grama ýetýär, uzynlygy 105-126 mm barabar.  Ýaşaýyş aýratynlygyna görä züýk höwürtgeleýän, uçup geçýän we gyşlaýan görnüş. Merkezi Aziýanyň düzlük we daglyk ýerlerindäki deýajyklarda, medeni zolaklarda hem höwürtgeleýär. Türkmenistanda Amyderýada, Sarygamyşda höwürtgeleýändigi we Alynky Aziýada hem-de Hindistanda gyşlaýandygyny öwrendim. Ýöne bu guş barada gyzykly ylmy maglumatlary hem-de türkmen halkynyň arasyndaky rowaýatlary goraghananyň tejribeli ylmy işgäri Aknabat Potaýewanyň - “Bu guş höwürtgesini ösümlikleriň süýmlerinden örýär, köplenç hem agaçlaryň suwa sallanyp duran  çybygyndan asyp goýýar, onuň sebäbi höwürtgesini ýylandyr başga howplardan goraýar. Gadymdan bu guşa halkymyz üns beripdir. Züýk guşy höwürtge gurjak ilkinji süýmüni Mekge-Medineden getirýär - diýip  garry enelerimiz yrym edipdirler. Guşuň köne höwürtgesinden kiçijik süými alyp ýarawsyz çagalara tütetgi edip bejeripdirler. Hiç wagt täze höwürtgeleri zaýalamandyrlar, züýügiň höwürtgelän ýerlerinde ynjalyksyzlandyrýan täsirleri döretmändirler” – diýip beren  gürrüňlerini diňlemek örän täsirlidi. Şeýle hem häli-şimdi züýk guşuň höwürtgesini görmek üçin gyzyklanýan raýatlaryň goraghana ýüz tutýandygyny ylmy işgärler gürrüň berdiler. Ol Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň obalarynda ýaplaryň gyralarynda ösýän söwütlerde züýügiň höwürtgesini düşüren suratlaryny görkezdi. Şeýle hem Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgäri Ýewgeniý Agryzkowyň düşüren suratlarynda  züýügiň höwürtgeleriniň suratynyň ussatlyk bilen düşürilendigini belledi.   Men birnäçe wagt muzeýdäki we tebigatda enaýyja bejerilip söwütden sallanyp duran suratdaky höwürtgäni synlap durdum, şeýle täsin ýaşaýyşda ýaşaýan guşyň bu höwürtgäni gurmakda zehin ussatlygy hem-de ýaşajyk nesillerini goramakda edýän aladalary barada uly pikire gitdim. Bu guşy tebigatda synlamaga howlukdym hem-de höwürtge gurýan ýerlerini tebigy meýdanlarda görmegi arzuw etdim. Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň muzeýinde ýene-de birnäçe gyzykly  eksponatlar we gymmatly ylmy kitaplar bar. Men goraghananyň tebigat muzeýiniň bezegleriniň üsti bilen tebigat täsinliklerini  we olary gorap saklamagyň ähmiýeti barada wagyz-nesihat işlerini geçirýän işgärleriň kärleriniň ussadydygyna göz ýetirdim. Goraghananyň “Tebigat muzeýine” gurnalan gezelenjiň meniň häzirki wagtda alýan bilimimi çuňlaşdyrmaga uly ýardam berdi. Biz ýaşlar tebigy baýlyklary gorap saklamakda we syýahatçylygy ösdürmekde ýurdumyzda gazanylýan üstünliklere öz bilimlerimiz hem-de zähmedimiz bilen uly goşant goşarys. 
 
Karina Fateýewa
Aşgabat şäherindäki Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň                                                    
Daşky gurşawy goramak we tebigy miras hünäriniň talyby  

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04