Türkmenistanda ÝHG–FAO howa taslamasynyň netijeleri: netijeleriň tassyklanylmagy we Ýolbaşçy komitetiň çözgütleri

17
  AŞGABAT, 2026-njy ýylyň 29-njy oktýabry – Aşgabat şäherinde taslama netijelerini tassyklamak boýunça maslahat we Taslama dolandyryş komitetiniň (TDK) jemleýji mejlisi geçirildi. Bu çäreler Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň (FAO) hem-de Ýaşyl howa gaznasynyň (ÝHG) «Mümkinçilikleri we strategiki çarçuwalary artdyrmak arkaly howa babatda maliýeleşdirmegiň elýeterligi boýunça Türkmenistanyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak» atly bilelikdäki ýerine ýetirilýän taslamanyň çäginde geçirildi.
Bu taslama howa hereketleriniň öňündäki esasy päsgelçilikleri ýeňip geçmäge we ýurduň institusional taýýarlygyny güýçlendirmäge gönükdirilendi, esasan hem oba hojalygyna, tokaý hojalygyna we ýer ulanyşynyň beýleki pudaklaryna üns berildi. 
Maslahata  Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň, maliýe pudagynyň, şeýle-de ylym we bilim edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Taslamanyň durmuşa geçirilişiniň gözden geçirilmeginiň çäginde, FAO-nyň tehniki bilermeni institutsional mümkinçilikleri güýçlendirmek we howa hasabatlylygyny sanlylaşdyrmak bilen baglanyşykly esasy netijeleri, şol sanda howa maliýeleşdirmesini belliklemek, hasaba almak we yzarlamak üçin ýöriteleşdirilen sanly guralyň işlenip düzülmegi, milli hünärmenler üçin birnäçe amaly okuw sapaklary bilen tanyşdyrdylar. 
Mundan başga-da, howa abatda serişdeleri çekmek päsgelçilikleriň giňişleýin seljermesi geçirildi, onda, milli «ýaşyl» taksonomiýanyň ýoklugy, ýeňillikli maliýe mehanizmleriniň çäkliligi we tehniki tejribäni we howa bilen baglanyşykly maglumatlary işläp düzmegiň zerurlygy ýaly meseleler öz içine alyndy.
Ikinji netije toplumy howa tehnologiýalaryna ileri tutulýan ugurlary kesgitlemäge, strategik resminamalary taýýarlamaga we hususy sektoryň maýa goýumlaryny höweslendirmäge gönükdirildi. Maldarçylyk, ekin önümçiligi, tokaý hojalygy we akwakultura pudaklarynda howanyň üýtgemegine çydamly, şeýle hem parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga ýardam berýän ileri tutulýan tehnologiýalar kesgitlenildi. 
Geçirilen seljeriş işleriň esasynda bir näçe resminamalar işlenip düzüldi, şol sanda täzelenen Milli Kesgitlenen Goşant (MKG) üçin durmuşa geçirmek we maýa goýum meýilnamalary; milli «Howa Kanunynyň»  taslamasy üçin kadalaşdyryjy düzgünler; hususy pudak üçin ýol kartasy; Aral deňziniň basseýni üçin deslapky tehniki-ykdysady barlaglar we daşky gurşawyň bahalandyrylmagy; şeýle hem Aşgabatda Merkezi Aziýa üçin Sebitleýin Howa Tehnologiýalary Merkezini döretmegiň hukuk we maliýe esaslandyrylmasy.
Görkezilen materiallaryň jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylmagyndan soň, taslamanyň Ýolbaşçy komiteti resmi Netijäni kabul etdi, işlenip düzülen analitiki we tehniki resminamalary ykrar etdi we milli ministrliklere we edaralara olaryň pudaklaýyn maksatnamalaryň çäklerinde soňraky amaly ulanylyşyny üpjün etmegi maslahat berdi. 
Duşuşygyň ahyrynda esasy hökümet ministrlikleriniň, bilim edaralarynyň we halkara guramasynyň ygtyýarly wekilleri tehniki goldawy dowam etdirmek, Ýaşyl Howa Gaznasyndan (ÝHG) grant maliýeleşdirilmegini giňeltmek we Türkmenistanyň uzak möhletli ekologiýa maksatlaryna ýetmek üçin milli mümkinçilikleri ösdürmek üçin ileri tutulýan zerurlyklary beýan edýän jemleýji beýanata gol çekdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04