Türkmenistan we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) durnukly energetika ulgamynda strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada ylalaşdylar.
4 Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri Öwezgeldi Goşjanow we BMGÖM-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan ýurduň uzakdaky ilatly ýerlerinde energetika geçişini goldamagy göz öňünde tutýan bilelikdäki taslama resminamasyna gol çekdiler.
Täze başlangyç döwrebap we ekologiýa taýdan arassa energiýa çeşmelerine elýeterliligi giňeltmäge ýardam bermäge, durnukly energetika çözgütlerini öňe sürmäge hem-de esasy infrastruktura merkezlerinden uzakda ýerleşýän sebitleriň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Taslama has netijeli we pes uglerodly energetika modeline geçmek, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmagy giňeltmek babatda aýratyn ähmiýete eýedir.
Uzakdaky sebitlerde energetika geçişini goldamak elýeterli, ygtybarly we döwrebap energiýa çeşmelerine ählumumy elýeterliligi üpjün etmek boýunça halkara tagallalara hem laýyk gelýär. Şunuň ýaly başlangyçlaryň çäklerinde Gün energiýasyndan peýdalanmaga, energiýa netijeliligini ýokarlandyrýan tehnologiýalary ornaşdyrmaga we häzirki zaman energetika ulgamlaryny ulanmak boýunça ýerli jemgyýetçilikleriň mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga aýratyn üns berilýär.
Bu ugurda BMGÖM bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Türkmenistanyň ekologiýa we energetika başlangyçlaryny yzygiderli durmuşa geçirmäge, döwrebap tehnologiýalaryň ulanylyşyny giňeltmäge hem-de durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan ygrarlylygyny görkezýär. Bu iş ýurduň ähli sebitleriniň ilaty üçin deň mümkinçilikleri üpjün etmek we uzakdaky ilatly ýerleriň howa hem-de energetika bilen bagly kynçylyklara durnuklylygyny ýokarlandyrmak babatda aýratyn ähmiýete eýe bolýar.