Türkmenistanyň uzakdaky ilatly ýerleri üçin energetika geçişini goldamak boýunça täze taslama durmuşa geçirilýär

17
 Türkmenistanyň uzakdaky ilatly ýerleri üçin energetika geçişini goldamaga gönükdirilen täze taslama boýunça degişli resminama gol çekildi.
Taslamanyň esasy maksady Türkmenistanda energetika geçişini goldamak hem-de aýry-aýry ilatly ýerlerde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň, ilkinji nobatda bolsa gün energiýasynyň ulanylyşyny giňeltmekden ybaratdyr.
2026–2031-nji ýyllar aralygynda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslama Global Ekologiýa Gaznasynyň (GEF) goldawy bilen amala aşyrylar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegine BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (UNDP) we BMG-niň Taslama hyzmatlary boýunça edarasy (UNOPS) gatnaşar.
 Taslamanyň çäklerinde Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ornaşdyrmak üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny berkitmek, şeýle hem bu ugurda hünärmenleriň bilimlerini we başarnyklaryny ýokarlandyrmak boýunça degişli çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
 Mundan başga-da, söwda we senagat pudaklarynda üçeklerde gün panellerini ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek, şeýle hem suw göteriji we süýjediji desgalarynda gün energiýasyny ulanmagyň täze ugurlaryny ösdürmek meýilleşdirilýär.
 Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň giňden ornaşdyrylmagyna, ekologik taýdan arassa tehnologiýalaryň ösdürilmegine hem-de uzakdaky ilatly ýerleriň durnukly energetika üpjünçiliginiň güýçlendirilmegine möhüm goşant goşar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04