Türkmenistanda gidrohlorftoruglerodlary tapgyrlaýyn ýatyrmak boýunça täze taslama durmuşa geçiriler
18 Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) arasynda «Türkmenistanda gidrohlorftoruglerodlary tapgyrlaýyn ýatyrmak boýunça III tapgyr (2026–2030-njy ýyllar)» atly taslamany bilelikde durmuşa geçirmek boýunça degişli resminama gol çekildi.
Taslamanyň esasy maksady sowadyjy enjamlarda we ulgamlarda, şeýle hem ýylylyk nasoslarynda ulanylýan GHFU-22 (gidrohlorftoruglerodlar) ýaly ozon gatlagyny dargadyjy maddalaryň sarp edilişini tapgyrlaýyn azaltmak we 2030-njy ýyla çenli olaryň ulanylyşyny doly bes etmekden ybaratdyr.
2026–2030-njy ýyllary öz içine alýan taslama Monreal teswirnamasyny durmuşa geçirmek üçin döredilen Köptaraplaýyn gaznanyň maliýe goldawy bilen amala aşyrylar.
Taslamanyň çäklerinde ozon gatlagyny dargadyjy maddalaryň dolanyşygyna gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen ekologik we gümrük barlaghanalaryny döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek, şeýle hem degişli ugurlarda işleýän hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.
Mundan başga-da, sowadyjy enjamlara hyzmat etmek boýunça okuw we sertifikatlaşdyrmak ulgamyny kämilleşdirmek, ozon gatlagyny dargadyjy maddalary howpsuz ýygnamak we gaýtadan dikeltmek üçin goşmaça ýöriteleşdirilen enjamlary satyn almak meýilleşdirilýär.
Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň Monreal teswirnamasy boýunça halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine, ozon gatlagynyň goralmagyna, ekologik howpsuzlygyň ýokarlandyrylmagyna hem-de sowadyjy ulgamynda ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm goşant goşar.