Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary: sebit başlangyçlaryndan ählumumy hyzmatdaşlyga
18 Howanyň çalt üýtgemeginiň we durnukly ösüşiň täze ýollarynyň gözlenilýän döwründe dünýä bileleşigi esasy halkara meýdançalarynda tagallalaryny birleşdirýär. Şeýle ykbal kesgitleýji merkezleriň biri hem Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplarynyň 31-nji maslahaty (COP-31) boldy. Bu ýerde — diplomatiýanyň, ylmyň we tejribäniň sepgidinde iki ýüze golaý döwletiň wekiliýetleri zyňyndylary azaltmak, ekoulgamlary goramak we ykdysadyýeti täze ekologiýa şertlerine uýgunlaşdyrmak boýunça çözgütleri işläp düzýärler.
Bu giň gerimli forumda ählumumy derejede esasy tebigaty goraýyş ylalaşyklarynyň — BMG-niň Konwensiýalarynyň işjeň gatnaşyjysy bolmagynda galýan Türkmenistan mynasyp we saldamly wekilçilik edýär. Şol konwensiýalar boýunça hasabatlylyk we olaryň düzgünleriniň ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň çölleşmäge garşy göreşmek, parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň derejesini peseltmek, tebigy biodürlüligi goramak, ozon gatlagyny saklamak babatda gazanan üstünliklerini nygtap görkezýär. Şu ýyl ählumumy howa forumynda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini diňe bir döwlet edaralary däl, eýsem, jemgyýetçilik guramalary, Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) ilçileri we ekologiýa meýletinçileri hem tanyşdyrdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Taraplaryň maslahatynyň çäklerindäki Liderleriň sammitine gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş sapary ýurdumyzyň ekologiýa jemgyýetçiligi üçin möhüm waka boldy. Gahryman Arkadagymyzyň Liderleriň sammitiniň barşynda belleýşi ýaly, Türkmenistan bu forumy howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça özara ynanyşmagy berkitmek, ählumumy howa dialogyny dünýä ösüşiniň hereketlendiriji güýjüne öwürmek işinde möhüm ädim hökmünde garaýar.
Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda bäş sany teklibi öňe sürdi: Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 2028–2037-nji ýyllary Howa durnuklylygynyň we uýgunlaşmagynyň onýyllygy diýip yglan etmek mümkinçiligine garamak; özara gatnaşyklaryň täze inklýuziw görnüşini — Aşgabat howa dialogyny döretmek, şeýle hem Howanyň üýtgemeginiň we onuň ýaramaz netijeleriniň sanly atlasyny taýýarlamak; ösüp barýan döwletleriň ekologiýa taýdan arassa häzirki zaman tehnologiýalaryna, innowasion işläp taýýarlamalara we howa maliýeleşdirmesine elýeterliligini giňeltmäge gönükdirilen howa tehnologiýalaryny bermek boýunça ählumumy hyzmatdaşlygyň görnüşini esaslandyrmak; şeýle hem BMG-niň howandarlygynda Halkara ekologiýa kodeksini işläp düzmek mümkinçiligine garamak.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini (Aşgabat şäherinde ýerleşmek şerti bilen) döretmek barada başlangyç bilen çykyş etdi we bu teklip sebitiň döwletleri hem-de halkara hyzmatdaşlar tarapyndan goldaw tapdy. Şunuň bilen baglylykda, forumyň münberinden Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň 2027-nji ýylyň başynda öz işine başlaýandygy bellenildi. Onuň işi ylalaşylan guramaçylyk-hukuk mehanizmlerine we halkara standartlara laýyklykda BMG hem-de beýleki halkara düzümler bilen özara gatnaşykda amala aşyrylar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (ÝUNEP), Bütindünýä meteorologiýa guramasy we beýleki hyzmatdaşlar bilen bilelikde Howanyň üýtgemeginiň we onuň ýaramaz netijeleriniň sanly atlasyny taýýarlamagy teklip edýär. Forumyň milli çäreleriniň hatarynda Türkmenistan bilen halkara düzümleriň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi.
Türkmenistanyň milli pawilýonynda her gün işjeň işler alnyp baryldy: giň gerimli sergiler görkezildi, pikir alyşma kluby hereket etdi. Ýurdumyzyň wekilleri myhmansöýer ýer eýeleri hökmünde çykyş edip, pawilýonyň binýadynda halkara bilermenleri açyk dialoga işjeň çagyrdylar, ara alyp maslahatlaşmak üçin wajyp temalary orta atdylar, şeýle hem mazmunly tegelek stollary we tanyşdyryş çärelerini guradylar. Howa maglumatlarynyň açyklygyny üpjün etmäge, Pariž ylalaşygyna laýyklykda Türkmenistanyň hasabatlylygyna, parnik gazlarynyň we metanyň zyňyndylarynyň hasaba alnyşy (inwentarizasiýasy) meselelerine bagyşlanan tematiki mejlisler, şeýle hem ýurdumyzyň ekologiýa başlangyçlaryny düşündirmek boýunça tanyşdyryş çäreleri işleriň aýratynlygy boldy. Aýratyn çäreler deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Awaza hereketler maksatnamasynyň howa ugurlaryny, şeýle hem ýakyn wagtda Aşgabatda açyljak Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça merkeziň ähmiýetini we mümkinçiliklerini düşündirmäge gönükdirildi.
Çäreler Türkmenistanyň esasy ekologiýa başlangyçlaryny wagyz etmäge doly gönükdirilip, ýurdumyzyň durnukly ösüş ýörelgelerine hem-de milli we sebit derejelerinde howa meselelerini iş ýüzünde çözmäge ygrarlydygyny tassyklady. Türkmenistanyň ekologiýa teklipleriniň toplumy dürli ugurlary öz içine alýar.
Üns merkezinde — aral deňziniň basseýni we kriosfera
Aralýakasynyň ekoulgamyny halas etmek esasy temalaryň biri bolmagynda galýar. Aral deňziniň basseýni üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp düzmek baradaky teklip BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2008-nji, 2018-nji we 2021-nji ýyllardaky kararnamalaryna (soňky kararnama Aralýakasyny ekologiýa innowasiýalarynyň we tehnologiýalarynyň zolagy diýip yglan etdi) daýanýar. Bu pikiri ilkinji gezek 2012-nji ýylda beýan eden Gurbanguly Berdimuhamedow hyzmatdaşlygyň ylmy seljermä, adalatlylyk ýörelgelerine we Merkezi Aziýanyň kriosferasyny gorap saklamaga esaslanmalydygyny nygtaýar.
Ýer barada alada: çölleşmäge garşy göreş
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Çölleşmäge garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjy BMG-niň Çölleşmäge garşy göreşmek baradaky konwensiýasyny ýerine ýetirmäge goşulan amaly goşant boldy. Merkez Türkmenistanyň giň gerimli tokaýlaşdyrmak boýunça köpýyllyk tejribesiniň üstüni ýetirip, emeli hemra maglumatlaryny ulanmak arkaly ýerleriň zaýalanmagynyň amaly barlaglaryny we monitoringini utgaşdyrmaga gönükdirilendir.
Suw diplomatiýasy we hazar başlangyjy
Türkmenistan halkara hukugynyň esasynda serhetüsti derýalaryň suw serişdeleriniň adalatly paýlanylmagyny yzygiderli goldap, serhetüsti suwdan peýdalanmak boýunça sebit geňeşiniň döredilmegini goldaýar. Şunuň bilen birlikde, deňziň özboluşly biodürlüligini gorap saklamaga we Hazarýaka döwletleriniň utgaşykly işini berkitmäge gönükdirilen Hazar ekologiýa başlangyjy ösdürilmeginde galýar.
Hödürlenen başlangyçlar anyk häsiýete eýe bolup, adamlaryň hakyky islegleri, sebit ösüşiniň we özara gatnaşyklaryň maksatlary bilen baglanyşyklydyr. Teklipleriň ideýa mazmuny, olary anyklaşdyrmak, durmuşa geçirmegiň ugurlary, şeýle hem olaryň ýurdumyz, Merkezi Aziýa sebiti we tutuş Ýewraziýa yklymy üçin ähmiýetine baha bermek babatda taýýarlyk işleri we seljerme gözlegleri dowam etdirilýär.
Ýelena Dolgowa