Hoz agajy
4 Biziň ýurdumyzyň örän täsin tebigaty, ösümlik dünýäsi we ajaýyp haýwanat dünýäsi bar. Täsin tebigatymyzda gabat gelýän, gadymy hem uzak ýaşaýan agaçlaryň hataryna degişli bolan agaç hoz agajydyr. Ýokary derejede dermanlyk we azyklyk häsiýetli hoz agajynyň Watanymyzda bir görnüşi duşýar. Daragt başgaça grek hozy ýa-da adaty hoz diýlip atlandyrylýar.
Adaty hoz (Juglans regia L.) - Hozlar maşgalasyna (Juglandaceae) degişli bolup, boýy 20-25 metre çenli ýetýän, bir ýa-da köp sütüni emele getirýän agaçdyr. Onuň şar şekilli ýokary başynyň gabarasynyň giňligi 20 metre çenli ýetýär. Sütüniniň diametri 16 sm-e barabardyr. Ýapraklary çylşyrymly we örän uly bolýar, uzynlygy 0,5 sm-e barabar bolan gysgajyk ýaprak sapajygynda ýerleşýär. Hoz agajy adatça, ýapragyny çykarýan wagtynda, aprel - maý aýlarynda gülleýär. Gülleri aýry jynsly, ownuk, ýaşylymtyl reňkli bolýar. Atalyk gülleriniň uzynlygy 5-10 sm we 12-18 sany tyçinkalary bar. Enelik gülleri bir ýyllyk pudaklarynyň depesinde ýekeleýin ýa-da 2-3 sany bolup ýerleşýär. Gülleri ýeliň kömegi bilen tozanlanýar. Miwesi sentýabr - oktýabr aýlarynda ýetişýär. Miweleri togalak ýa-da süýnmegräk şar görnüşli, gara-ýaşyl reňkli galyň gabyl bilen örtülen uly şänik bolýar. Agaçlaşan gabynyň içinde ikileýin tohum - maňyz ýerleşýär. Hoz agajy tohumyndan we düýpden çykan ösüntgilerinden wegatatiw usul bilen köpelýär. Bu agaç 10-12 ýaşynda miwe berip başlaýar. Doly miwe berip başlamak adatça, 30-40 ýaşynda başlanýar.
Bu agaç esasan derelerde, çeşmeleriň boýunda has oňat ösýär. Hoz Hytaýda, Hindistanda, Owganystanda we Eýranda has giň ýaýran agaçdyr. Türkmenistanda günorta-günbatar we merkezi Köpetdagda duş gelýär. Esasan jülgeleri, derýalaryň we ýaplaryň boýlaryny, çeşmeleriň golaýlaryny halaýan agaç.
Hoz agajy Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen agaçlaryň biridir. Agajyň köki ýeriň çuň gatlaklaryna uzap gidip, ýerden ygaly sorup alýar we şonuň netijesinde howanyň çyglylygyny artdyrýar, temperaturany pese düşürýär. Grek hozy biziň ýurdumyzyň ajaýyp tebigatynyň gözelligine has-da görk goşýar.
Mähri Jaltykowa.
Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgäri.