Kaşykburun – tebigatyň täsin guşy
17 Guşlar tebigatymyzyň bezegidir. Olar tebigatyň deňagramlygyny saklamakda janly tebigatyň esasy toparynyň biri bolup durýar. Bütin dünýäde bolşy ýaly, Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde hem guşlaryň ýaýraýşyny, sanyny, görnüş düzümini öwrenmeklige uly üns berilýär. Bu babatda ýurdumyzyň döwlet tebigy goraghanalarynda degerli işler alnyp barylýar.
Guşlar görnüş sany boýunça ýurdumyzyň haýwanat dünýäsiniň iň baý toparydyr. Görnüşleriň umumy sany boýunça olaryň esasyny serçeşekilliler, çulukşekilliler, laçynşekilliler we gazşekilliler düzýär. Biziň gürrüňini etjek bolýan guşumyz kaşykburun leglekşekilliler toparynyň ibisler maşgalasyna degişli. Bu guş çüňküniň görnüşi boýunça atlandyrylypdyr. Onuň çüňki uzyn, ýasy, ujy giňelen kepje görnüşli.
Kaşykburun (Platalea leucorodia) Türkmenistanyň Gyzyl kitabynda bolup, ol ýitmek howpunyň abanmagyna ýakyn görnüşdir. Onuň goralyp saklanmagy bütin Merkezi Aziýanyň faunasy üçin örän möhümdir. Sebäbi ol halkara ylalaşyklarynyň köpüsine, has takygy Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň Gyzyl sanawyna, Ýitip barýan howpy astyndaky ýabany ösümlikleriň we haýwanlaryň görnüşleriniň halkara söwdasy baradaky (CITES) konwensiýasynyň II-nji, Göçýän haýwanlaryň görnüşlerini goramak baradaky Bonn konwensiýasynyň (CMS) II-nji Goşundylaryna we Afrika-Ýewraziýa göçýän suw guşlaryny goramak hakyndaky (AEWA) Ylalaşygyna girizilen görnüş.
Derýalaryň jülgeleriniň suw-batgalyk ýerleri, deňiz kenarýakalary, köller, suw howdanlary we beýleki uly suw aýtymlary kaşykburunyň ýaşaýan ýerleri bolup hyzmat edýär. Dünýäde ol Günbatar, Günorta we Günorta-Gündogar Ýewropada, Afrikanyň demirgazyk-gündogarynda, Russiýanyň günorta çetlerinde, Merkezi Aziýada, Aziýanyň günortasynda duş gelýär. Günorta-Gündogar Hytaýda, Hindistanda, Pars aýlagynda, Gyzyl deňziniň günbatar we Ortaýer deňziniň günorta kenarýakalarynda, Nil jülgesinde gyşlaýar.
Türkmenistanda bu guş uçup geçýär we seýrek halatlarda höwürtgeleýär. Onuň ýazky migrasiýasy martdan maý aýyna çenli dowam edýär, güýzkisi sentýabr-oktýabr aýlarynda bolup geçýär. Ol uçup geçende ýurdumyzyň Amyderýa, Garagum, Murgap, Tejen derýalarynda we Hazar deňziniň hem-de Sarygamyş kölüniň kenarýakalarynda duş gelýär. Onuň höwürtgesine seýrek gabat gelinýär. Geçirilen ylmy gözegçiliklerde derýalaryň jülgeleriniň suw otly suw basan meýdanlarynda hokgarlar, garajagazlar, gamaburunlar bilen üýşüp höwürtgeländigi bellenýär. Ol gamyş sypallarynyň üstünde, kä halatlarda bolsa baglarda höwürtgeleýär. Höwürtgelände ýumurtgasynyň sany 3-5 bolup, jüýjeleri adatça iýun aýynda çykýar. Ylmy çeşmelerde käbir ýyllarda kaşykburunlaryň gyşlaýandygy, tomusda hem duşýandygy barada maglumat bar, şeýle-de Sarygamyş kölünde we Amyderýada höwürtgelemeginiň mümkindigi bellenýär.
Ýurdumyzyň dürli künjegindäki goraghanalarda geçirilen ylmy barlaglaryň netijesi boýunça Hazar deňziniň kenarýakalarynda (Türkmenbaşy we Garabogaz aýlaglarynda), Amyderýanyň jülgesinde dürli ýyllaryň dürli pasyllarynda kaşykburunyň ýekebara we birnäçe guşdan ybarat sürüleri hasaba alnan. Hazar döwlet tebigy goraghanasyndaky kärdeşimiz Sähetmyrat Mämmedowyň maglumatyna görä, 2014-nji ýylyň 27-nji maýynda Hazar deňziniň Balkan aýlagynyň Jüpdin adasynda höwürtgede ýumurtgadan çykanyna kän wagt bolmadyk 2 sany jüýjeleri surat düşürilen. Hazar deňziniň Ogurjaly adasynda 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda 4 sany, fewral aýynda Türkmenbaşy aýlagynda 5 sany, 2020-nji ýylyň ýanwarynda Ogurjaly adasynda 2 sany kaşykburun hasaba alnan.
Biziň geçiren gözegçiliklerimizde Sarygamyş kölünde zeý-suw akabanyň köle guýýan akym ugrunda 2011-nji ýylyň 1-nji aprelinde kaşykburunyň 2 sanysy, 2012-nji ýylyň 24-nji iýunynda kölüň Maşryk ajy meýdanynda 1 sanysy hasaba alnypdy. Bu guşuň köpelýän döwri bolan iýun aýynda duşmagy onuň bu ýerde höwürtgelemeginiň mümkindigine şaýatlyk edýär. Bu barada halypa alymlarymyzyň teklibi hem bar. Ynha, Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginiň çägindäki Garaporsaň obasynyň günbatar tarapynda ýerleşýän Garaköl kölünde 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda goraghanamyzyň ylmy işgärleri we Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň ýolbaşçysy Aknabat Potaýewa bilen bilelikde geçirilen meýdan işlerimiziň dowamynda bu ýerde uly (Podiceps cristatus) we garaboýun (Podiceps nigricollis) tersaýak, uly ak hokgar (Casmerodius albus), gök hokgar (Ardea cinerea), aňk (Tadorna ferruginea), ala gaz (Tadorna tadorna), tamdyra ördegi (Anas clypeata), gamyş gulatysy (Circus aeruginosus), uly ýylkyçy (Numenius arquata), gyzyl aýajykly çuluk (Tringa totanus), kiçi kebez (Charadrius dubius), bizçüňk çuluk (Recurvirostra avosetta), kepderi pisintli deňiz çarlagy (Larus genei), gülegen çarlak (Larus cachinnans), ýaşyl daraklyk (Merops persicus), kenar garlawajy (Riparia riparia), mollatorgaý (Galerida cristata), geçi guş (Motacilla alba) ýaly guşlaryň 20 görnüşi hasaba alyndy. Bize bu ýerde Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen gyzyl gazyň (Phoenicopterus roseus) we kaşykburunyň duş gelmegi gözegçilik işimiziň netijeliligini has artdyrdy. Kaşykburun aslynda örän seýrek duş gelýän guşlaryň biri. Garakölde onuň uçup geçýän döwründe düşlemegi, duş gelmegi bu ýerde onuň iýýän iýmitiniň bardygyna şaýatlyk edýär. Ol suwda ýaşaýan jandarlar, maýda balyklar, gurbagalar, mör möjekler we olaryň gurçuklary, balykgulaklar, leňňeçler bilen iýmitlenýär. Bu bolsa kölüň suw otlary we suw oňurgasyzlary bilen hem iýmitlenýän guşlar üçin ähmiýetlidigini görkezýär we tebigatyň bu täsin guşunyň ýaşaýan, duş gelýän ýerlerinde onuň goragyny geçirmek zerur bolup durýar we ylmy gözegçiliklerimizi indiki pasyllarda-da dowam etmäge itergi berýär.
Arazmyrat Amanow,
Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasy