Türkmenistanyň CITES-e goşulmagy baradaky teklip beýan edildi
125Prezident Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýitip gitmek howpy astyndaky görnüşleriniň halkara söwdasy hakynda Konwensiýa (CITES) goşulmagy baradaky teklip beýan edildi.
Degişli resminama dünýäde biologik dürlüligi gorap saklamaga gönükdirilen iň täsirli halkara hukuk gurallarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda dünýäniň 180-den gowrak döwleti bu Konwensiýanyň agzasydyr. Onuň sanawyna haýwanlaryň we ösümlikleriň 33 müňden gowrak görnüşi girizilip, olaryň ençemesi Türkmenistanda hem ýaýrandyr.
Degişli seljerme işleriniň geçirilmegi netijesinde, ýurduň bu Konwensiýa goşulmagy seýrek hem-de ýitmek howpy astyndaky haýwanlaryň we ösümlikleriň görnüşleriniň has netijeli goralmagyna mümkinçilik berer. Munuň özi assosiasiýa agza ýurtlaryň haýwanat baglarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna hem-de bu ugurda işgärleriň iş tejribelerini artdyrmaga mümkinçilik döreder.
Ýurtda we oňa ýanaşyk zolaklarda biodürlüligi gorap saklamak, hususan-da, ýabany haýwanlaryň göçýän görnüşlerini goramak, halkara hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň ekologiýa ministrlikleriniň arasynda Üstýurt platosynyň haýwanat dünýäsini goramak pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekmek teklip edilýär.