Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw maksatnamasynyň (UNEP) Nebit we gaz metany hyzmatdaşlygy (OGMP) 2.0 maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça konferensiýa

35
  2026-njy ýylyň 10-11-nji fewralynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň we “Turkmennebit” döwlet konserniniň wekillerinden ybarat bolan türkmen wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw maksatnamasynyň (UNEP) Nebit we gaz metany hyzmatdaşlygy (OGMP) 2.0 maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýyllyk konferensiýa gatnaşdy. 
  Bu konferensiýa Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçirildi. Maslahatda, ölçeg esasly hasabatlylygy öňe sürmek we Altyn standartyň talaplaryna laýyklykda nebit-gaz pudagynda metanyň zyňyndylaryny azaltmak, meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
  Dünýädäki nebit we gaz önümçiliginiň 42%-den gowragyny, şeýle hem hökümet we akademiýanyň hyzmatdaşlaryny 150-den gowrak agza ýokary derejeli kompaniýanyň wekillerini bu konferensiýa, ýygnady.
Maslahatda, altyn standart hasabatynyň 5-nji derejesini gazanmak maksady bilen metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça anyk çäreler geçirmeklik ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem, Maslahatyň çäginde türkmen wekiliýeti Bütindünýä bankynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw maksatnamasynyň (UNEP) wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirdi. Duşuşyklarda OGMP 2.0 standartynyň bolup biläýjek roly we metanyň zyňyndylaryna gözegçilik etmek, hasabat bermek we barlamak (MRV) ulgamyny döretmek üçin teklip edilýän grant taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Daşky gurşawy goramak müdirliginiň esasy hünärmeni,
Kajarow Allanazar

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04