Ahal welaýat daşky gurşawy goramak müdirliginiň hem-de Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleri tebigatyň biodürlüligini öwrenmekde we gorag işlerine gözegçilik etmekde sanly tehnologiýalaryň peýdalanylyşyny özleşdirýärler

31
  Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet Maksatnamasyna” laýyklykda, şeýle hem Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda milli we halkara bilermenleriň gatnaşmagynda geçirilmeli çäreleriň meýilnamasynda “SMART ulgamyny ulanmak arkaly biodürlülige we gorag işine gözegçilik etmek boýunça meýdan ylmy barlaglary, saýlanan çäklerde SMART boýunça okuwlary geçirmek” bellenendigini göz öňünde tutyp, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Uly Landşaftlary goramak merkeziniň arasynda Özara düşünişmek hakynda gol çekilen Ähtnamanyň çäklerinde hyzmatdaş guramasy bilen bilelikde guramaklarynda. 2026-njy ýylyň fewral aýynyň 17-ne Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň merkezi edarasynda biologiki dürlülige gözegçilik etmekde “SMART-ulgamyny” ornaşdyrmak boýunça okuw-maslahaty geçirildi.
  Ministrligiň Ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak müdirliginiň başlygynyň orunbasary Dosow Mahmytgurban maslahaty açyp onuň başlanmagy bilen gutlag sözüni aýtdy, ol öz çykyşynda “SMART-gözegçilik” ulgamy ornaşdyrylan Köýtendag, Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanalary, Balkan welaýat daşky gurşawy goramak müdirliginiň gözegçilik işleriniň öňki ýyllar bilen deňeşdirilende netijeleriniň has ýokarlanýandygy barada aýdyp geçdi. Şeýle hem biologik dürlüligi gorap saklamak boýunça döwlet wezipelerini ýerine ýetirmekde şeýle tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň ähmiýetini belledi.
 Bu günki maslahat döwlet gözegçileriniň we ýerli bilermenleriň gatnaşmagynda Ahal welaýat daşky gurşawy goramak müdirliginde, Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynda “SMART-gözegçilik” ulgamyny ornaşdyrmak barada dowam etdi. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi we "Conservation X Labs" guramasy    hem-de ýerli SMART hünärmenleri bilen bilelikde gurnalan bu çäre goralýan tebigy ýerlerde gözegçiligi güýçlendirmek we seýrek duş gelýän biologik dürlüligiň we landşaftlaryň abat saklanylmagyny hem-de aýratyn goralýan tebigy ýerleriň ulgamyny yzygiderli öwrenmekde we ösdürmekde alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
  Maslahatyň birinji ýarymynda gözegçileriň we beýleki hünärmenleriň arasynda tebigaty goramak işinde halkara standart bolan “SMART-gözegçilik” ulgamynyň iş ýörelgelerini we peýdalanmagyň usullaryny öwrenmek boýunça okuw çärelerine bagyşlandy. Gorag, ylymy we degişli bölümleriň hünärmenleri tebigaty goramak pudagynyň halkara standartyna laýyk gelýän “SMART-gözegçilik” (Spatial Monitoring and Reporting Tool) ulgamynyň peýdalanşy we ulanylyşy bilen doly tanyş boldular.
  Okuw maslahatyň ikinji güni “SMART-gözegçilik” ulgamynyň operatorlaryny okatmaga bagyşlandy. Olar geçilen ugurlary ulgama girizmek, maglumatlar binýady bilen işlemek, seljerme geçirmek we hasabatlary taýýarlamak boýunça tälim aldylar.
  Maslahatyň dowamynda çykyş eden ministrligiň wekili ýurdumyzda biodürlüligi gorap saklamak boýunça öňde goýulan wezipeleri ýerine ýetirmekde şunuň ýaly usulyýetleri ornaşdyrmagyň wajyplygyny belläp geçdi. Ministrligiň hyzmatdaş guramasy bolan Conservation X Labs tarapyndan “SMART-gözegçilik” ulgamyny ornaşdyrmak we goraghananyň we müdirligiň hünärmenleriniň peýdalanmaklary üçin ýörite enjamlar (smartfonlar, kompýuter) bilen üpjün edildi.
 “SMART-gözegçilik” tehnologiýalaryň özleşdirilmegi, Hormatly Prezidentimiziň sanly ulgamyny ösdürmek, tehnologiýalary we elektron resminama dolanşygyny ornaşdyrmak baradaky strategik ugrunyň we konsepsiýasynyň bölegidir. Tebigaty goramak tejribesine şeýle ulgamlaryň girizilmegi döwrebap, tehnologik taýdan ösen daşky gurşawy goramak ulgamyny döretmek wezipelerine doly laýyk gelýär. Şunlukda, Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň we Ahal welaýat Daşky gurşawy goramak müdirliginiň işi hil taýdan täze maglumatlara esaslanýan derejä geçýär. Bu bolsa aýdyňlygy, hasabatlylygy we netijede, ajaýyp tebigatymyzy geljekki nesillerimiz üçin goralyp saklamagyň netijeliligini ýokarlandyrýar.

Ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak müdirliginiň baş hünärmeni 
R.Amanow

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04