Türkmenistan boýunça 2026-njy ýylyň fewral aýynyň 23-i we mart aýynyň 01-i aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty
31 Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-günbatardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 10-13-den 14-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1...+1°С-dan +6...+8°С aralygynda maýyl, gündizlerine +5...+7°С-dan +16...+18°С aralygynda maýyl bolar.
Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-günbatardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 9-12-den 13-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0...-2°С sowukdan +5...+7°С aralygynda maýyl, gündizlerine +4...+6°С-dan +14...+16°С aralygynda maýyl bolar.
Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2...+3°С-dan +4...+9°С aralygynda maýyl, gündizlerine +12...+17°С, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +6...+11°С maýyl bolar.
Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-günbatardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-12-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2...+3°С-dan +4...+9°С aralygynda maýyl, gündizlerine +5...+10°С-dan +19...+24°С aralygynda maýyl bolar.
Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1...+4°-dan +5...+10°С aralygynda maýyl, gündizlerine +5...+10°С-dan +18...+23°С aralygynda maýyl bolar.
Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-12-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4...+1°С-dan +5...+10°С aralygynda maýyl, gündizlerine +4...+9°С-dan +21...+26°С aralygynda maýyl bolar.
Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7-12-den 10-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3...-8°С sowukdan 0...+5°С aralygynda maýyl, gündizlerine -1...+4°С-dan +1...+6°С aralygynda maýyl bolar.
Hepdäniň dowamynda Türkmenistan boýunça ýagnyň mukdary 0,1-14,0 mm bolmagyna garaşylýar.