Akguýruk suw bürgüdi
30 Guş ýaly, şeýle özüne çekiji, täsin galdyryjy, ruhuňy göteriji, başga bir jandar toparyny göz öňüne getirmek kyn. Guşlaryň dünýäde 9 müňe golaý görnüşi bolup, olar 28 topara bölünýärler. Türkmenistanyň faunasy 18 topardan ybarat bolup, 446 görnüşden durýar.
Guşlar çäksiz gözelligi bilen gadymy döwürlerden bäri adamzadyň ünsüni özüne çekip gelýär. Ýyrtyjy guşlar- orta we uly göwrümli, uly çüňkli, ýiti dyrnakly ýyrtyjy guşlar toparyna degişli bolup, olaryň 290-a golaý görnüşi duş gelýär. Türkmenistanda olaryň 3 maşgala degişli görnüşleriniň 36-sy duş gelýär. Olaryň biri-de Akguýruk suw bürgüdidir.
Bürgüt dünýäde gaýduwsyzlygyň we edermenligiň nyşany hökmünde tanalýar. Akguýruk suw bürgüdi (Haliaeetus albicilla) urugyň uly ýyrtyjy guş wekili bolup, bürgütden has iriräkdir. Onuň bedeni berk, ganaty giňden uzyn, ýaýraw gerimi 2–2,5 metre barabar. Bu bürgüdiň gözüniň görüjiligi örän ýiti bolup, adamyňkydan bäş-alty esse ýokarydyr. Çüňki bilen aýaklary berdaşly, umumy beden gurluşy deşli, süňňi agyr. Reňki goýy goňur, kellesi, boýny we bedeniniň aşaky tarapyndaky ýelekleri açyk goňur reňkli. Guýrugy başgalara garanyňda gysga, pahnaşekilli bolup, uly ýaşly guşlaryň guýrugy ak reňkde, ýaş guşlaryň guýrugy goňur reňkde bolýar. Mäkiýany horazyndan diňe göwresiniň ululygy bilen tapawutlanýar. Ýaş guşlaryň arkasy tutuş goýy goňur, aşagy açyk-goňur reňkde. Uly ýaşlylarynyň çüňküniň reňki sary, ýaşlarynyňky goýy reňkde, penjesi ýeleksiz. Akguýruk suw bürgüdi beýleki bürgütlerden tapawutlylykda has agyr uçýar, ýöne howada seýrek gaýýar. Umumy uzynlygy 60-100 sm, agramy bolsa 3-6,5 kg çenli ýetýär.
Akguýruk suw bürgüdi esasan Demirgazyk Aziýada mesgen tutup, güýz-gyş aýlarynda Hazar deňziniň türkmen böleginde hem duşýar. Ýylyň sowuk döwri olaryň bir topary göçýär, gyşyna günorta tarapa - Gimalaý daglarynyň etegine çenli sähelçe günorta uçup gidýär. Höwürtgeleýän ýerine baglylykda, bahar aýlary uzak wagt aralygynda ýumurtgalaýar. Höwürtgesini ýogyn gözli şahalardan dykyz örýär, içini gury agaçdyr gabyk bilen düşeýär. Köplenç, guş jübütleri şol bir höwürtgäni köp ýyllaryň dowamynda ulanýarlar. Uly agaçlarda, deňiz kenarlarynda ýaşaýarlar. Fewralyň ahrynda mäkiýany 2-3 sany ýumurtgany 37-40 güne çenli basyryp oturýar. Jüýjeleriniň ejiz, özbaşdak iýmitlenip bilmeýän döwürleri horazy iýmit tapyp, ony höwürtgä getirýär. Jüýjeler sähel ulalyp, iýmiti özbaşdak çokmaga ýaransoň, mäkiýany hem awa çykyp başlaýar. Akguýruk suw bürgüdiň esasy iýmiti balyk, keselbent hem gurpdan gaçan suw guşlary (sakarbarak, ördek, käwagt guw, gyzyl gaz) we şolaryň maslygy bolup durýar. Käbir jübütleri balykly suw howdanlaryň ýanynda mesgen tutýarlar. Ylmy maglumatlara görä, akguýruk suw bürgüdiniň Hazar deňzinde ejizlän ýa-da doňan guşlara hem hüjüm edýändigi mälimdir.
Gadymy Müsürde we Hytaýda bürgüt - Günüň nyşany hasaplanylýar. Bürgütler örän wepaly guşlardyr. Olar bir birine dönüklik etmeýär. Ýewropanyň ornitologlary 35 ýyl bilelikde ýaşaýan bürgüt jübütlerini nusga hökmünde mysal getirýärler.
Akguýruk suw bürgüdi seýrek görnüş bolup, sany durnuklydyr, ýurdumyzda esasan gyş döwründe duş gelýär. Ony tutmak we awlamak gadagandyr.
Mälim bolşy ýaly, her ýylyň ýanwar aýynda Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň Ylmy we Gorag bölüminiň hünärmenleri tarapyndan Hazar deňziniň türkmen böleginde gyşlaýan suw-batgalyk guşlarynyň gyşky sanawy amala aşyrylýar. Bu ýylky geçirilen nobatdaky sanawlarda Akguýruk suw bürgüdiniň 120 sanysy Hazar deňziniň türkmen böleginiň kenarýakalarynda duş gelip, bellige alyndy.
Elmira Rozumowa.
Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň Ylmy bölüminiň laboranty.