“Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm şerti”

24
  Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz ýaňy-ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyran taryhy saparynda diňe bir iki taraplaýyn gatnaşyklary däl, eýsem  dünýäniň iň möhüm meseleleriniň biri bolan ekologiýa howpsuzlygyny hem täze bir basgançaga galdyrdy. Saparyň çäklerinde geçirilen ýokary derejeli duşuşyklarda Daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine garşy bilelikde göreşmek şeýle-de dünýäniň öňde baryjy tehnologiýalaryny we tejribelerini Türkmenistana getirmek ugrunda möhüm ädimler ädildi.  Bu saparlaryň çäginde sport, dynç alyş we ekologiýa taslamalaryna aýratyn üns berildi.
 Türkmenistanda golfy ösdürmek we dünýä derejesindäki meýdançalary gurmak baradaky başlangyçlar meşhur golfçy Jek Niklausyň esaslandyran “Niklaus Design” kompaniýasy bilen berk baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyz bu kompaniýanyň ýolbaşçylary bilen duşuşanda, diňe bir sport desgasyny däl, eýsem Türkmenistanyň tebigy gözelligine kybapdaş ekologiýa zoloklaryny döretmek meselesine ünsi çekdi. Golf meýdançalary häzirki zaman gurluşygynda birnäçe ekologik funksiýalary ýerine ýetirýärler. 
  Giň gök meýdançalar we ekilen müňlerçe agaçlar töwerekdäki howanyň gyzgynlygyny peseltmäge we kislorod bilen baýlaşdyrmagyna ýardam edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň görkezmeleri esasynda, golf meýdançalarynyň ýerleşjek ýerleri ýurdumyzyň syýahatçylyk we sagaldyş mümkinçiliklerini göz öňünde tutup saýlanyldy.
  Täze gurlan we “Akylly şäher” konsepsiýasyna esaslanýan Arkadag şäheriniň golaýynda hem ekologiýa taýdan arassa sport zoloklarynyň döredilmegi göz öňünde tutulýar.
  Awaza milli syýahatçylyk zologynda hazar deňziniň kenaryndaky bu zolok golfuň ösdürilmegi üçin iň geljegi uly ýerleriň biridir. Deňiz howasy bilen utgaşýan ýaşyl meýdançalar daşary ýurtly syýahatçylaryň sanynyň artmagyna we ekologiýanyň sagdyn saklanmagyna hyzmat eder.
  Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň tebigata bolan sarsmaz sarpasyny belläp “Biziň pederlerimiziň tebigaty ene saýypdyrlar, ony gorap saklamak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr” diýip, Milli Liderimiz häzirki nesliň öňünde duran ekologiýa jogapkärçiligini ýene bir gezek nygtap, “Biz geljek nesillere diňe bir ösen döwleti däl, eýsem saýasynda dynç alarlyk ýaşyl baglary, arassa howany we dury suwy miras galdyrmalydyrs” – diýip belläp geçýär.
  Ýurdumyzda Daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklarymyzy aýawly saklamak we ekologiýa medeniýetini ösdürmek ugrunda döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag ömürleriniň uzak ýurdumyzda beýik özgertmeleriniň durmuşa geçirilýän döwründe ähli amala aşyrylýan  taryhy işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Arkadag şäher Daşky gurşawy goramak müdirliginiň başlygy
G.Ýagşygeldiýew

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04