Ýabany tebigatyň halkara günine bagyşlanan maslahat

40
  Şu gün Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň mejlisler zalynda Ýabany tebigatyň halkara gününe bagyşlanan maslahat geçirildi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan döredilen bu baýramçylyk her ýyl dünýä bileleşiginiň biodürliligi gorap saklamak boýunça tagallalaryny birleşdirýär.
  Halkara guramalarda däp bolup gelşi ýaly Ýabany tebigatyň halkara gününi mynasybetli  her ýyl tebigata bagyşlanyp şygar bellenilýär şeýlelikde 2026-njy ýylyň şygary: „Dermanlyk we hoşboý ysly ösümlikler: saglygy we mirasy gorap saklamak“. Türkmenistan üçin bu mowzugyň çuňňur manysy bar, sebäbi ýurdumyz seýrek duş gelýän ajaýyp ösümlik dünýäsiniň mekanydyr, bu tebigy baýlygy gorap saklamak bolsa geljekki nesilleriň abadançylygynyň girewidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň düýpli ylmy işleri bolan köp jiltli „Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri“ ensiklopediýasy bu ulgamda aýratyn gollanma bolup hyzmat edýär. Bu kitaplar ýurdumyzyň „tebigy dermanhanasy“ bolan ösümlik dünýäsini öwrenmegiň we rejeli peýdalanmagyň binýadyna öwrüldi.
  Maslahatyň dowamynda çykyş edenler biodürliligi gorap saklamak, rejeli peýdalanmak we üznüksiz köpeltmek ugrunda amala aşyran işleriniň netijeleri barada belläp geçdiler, şeýle hem, ýakyn ýyllar üçin ileri tutulýan maksatlary we halkara konwensiýalaryň çäklerindäki borçnamalary ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ýurdumyzyň gaýtalanmajak tebigatyny has-da çuňňur öwrenmäge we goramaga gönükdirmek boýunça tejribe alyşdylar. Mundan başga-da, ylmy işgäriň bitirýän işleriniň jemgyýetçilik köpçüliginde görünmeýändigi, emma hut şolaryň amala aşyrýan ylmy-barlaglarynyň ekoulgamlary gorap saklamagyň binýadyny düzýändigi bellenilip geçildi.
  Maslahata gatnaşyjylar daşky gurşawy goramagyň we ýurduň ekologiýa mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak her bir hünärmeniň gönüden-göni borjydygyny nygtadylar.
  Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlyk alyp barýan Uly landşaftlary goramak merkezi (CLLC) bilen bilelikde, tapawutlanan hünärmenleri sylaglamak boýunça ýyllar boýunça dowam etdirilip gelýän asylly däbe görä Türkmenistanyň döwlet tebigy goraghanalarynyň ylmy bölümleriniň işgärleri hormat hatlary we sowgatlar bilen sylaglanyldy.

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak müdüirliginiň Biodürlilik boýunça ylmy bölüminiň baş hünärmeni
R.Amanow

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04