Baharyň buşlukçy gülleri

26
  Ýurdumyzyň gözel tebigaty ýaşyl dona bürenip başlady, bu ýyl ygally howanyň yzygiderli bolmagy bilen topraga gowy çyglylygyň ýetendigini görkezýär. Baharyň buşlukçy gülleri fewral aýynda eýýäm meýdanlara öz gözelliklerini eçilip başlady. Her ýylda Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde bu täsin enaýyja gülleriň ösüş döwrüni öwrenmek boýunça ýylyň başynda ylmy gözegçilikler geçirilip başlaýar. Däligöjeleler fewral aýynyň soňky ongünlüginde meýdanlara has hem akja gülleri bilen bezeg berip başlady. Dagyň  deňiz derejesinden 2000 metr belentliklerinde, şeýle hem Çaýekde, Gökderede, Bakjada, Mürzedagda, Guryhowdanda däligöjeleleriň gülleýän wagtlary hasaba alyndy. Häzirki wagtda daglarymyza aýratyn bir bezeg berýän, syýa reňkli güljagazly  ösümlige - ýylan soganyna gözüň düşýär.  Ýylan sogan (Muscari leucostomum-Гадючий лук) - türkmen baharynyň ilkiji buşlukçylarynyň biridir. Ýylan sogany ösümlikleriň Sowsanlar maşgalasyna degişli bolup, boýy 10-30 santimetre ýetýän köpýyllyk otjumak ösümlik. Ösümligiň toprakdaky şar şekilli soganlygynyň gabarasy 1-2 santimetr. Güli doýgun syýa reňkli, miwesi açylýan goza. Bu ösümlik mart-aprel aýlarynda gülleýär. Meýdanlarda gaz soganlarynyň, sarysolmazyň  saryja gülleriniň arasynda syýa reňkli gülleri bilen bezeg berýän ýylan soganyny göreniňde tebigatyň döredýän gül çemenligine ünsüň çekilýär. Ýylan sogany  daglarda, beýik, orta we pes dag guşaklyklarda ýaýrandyr. Bu ösümlik ýurdumyzda Kürendagda, Günorta-Günbatar Köpetdagda,  Merkezi Köpetdagda, Gündogar Köpetdagda, Bathyzda, Köýtendagda duş gelýär. Ösümligiň dermanlyk maksatlary üçin soganlygy çig mal bolup hyzmat edýär. Esasan hem deri keselerini bejermekde ähmiýetiniň bardygy barada Türkmeniň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” baradaky ylmy ensiklopediýasynda maglumatlar berilýär. 
  Şu ýyl ýylan soganynyň ösüş wegatasiýasy, köpçülikleýin gögermegi 14-nji ýanwarda Kiçi Bakja meýdançasynda hasaba alyndy. Mürzedag we Kiçi Bakja meýdanlarynda fewral aýynyň başynda güllän düýpleri bellendi, köpçülikleýin güllemek döwri fewral aýynyň ikinji ongünlüginde Kiçi Bakjada hasaba alyndy.  Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň Bekrewedäki edara binasyndaky ylmy tejribe meýdançasynda ýylan soganyny we  dürli çigildemleri köpeltmek boýunça synag işleriň 2013-nji ýylda başlanandygyny Ylmy bölümiň başlygy A.Potaýewa gürrüň berdi.  Şeýlelikde ýylan sogany her ýylda tohumyndan ýaýrapdyr, soganlyklaryndan hem  köpelipdir. Ýylan soganlary tejribe meýdançada fewral aýynyň ahyrynda doly gülledi we ýene-de gülleýän düýplerini görýäris. Ösümlik diýarymyzdaky seýrek ot-çöpleriň hataryna girýär. Gülçülik bilen meşgullanýan raýatlaryň hem gül çemenlerini taýýarlamak üçin meýdan gülleri bilen, esasan hem baharyň buşlukçy gülleri bilen gyzyklanýandygyny görýäris. Biz goraghananyň işgärleri tebigy meýdanlardan çigildemleriň we başga-da gülleriň ýygylyp alynmagynyň gadagan edilýändigi barada düşündiriş işlerini geçirýäris hem-de her bir ösümligiň gymmatly genofondunyň goralyp saklanmagy babatda ýurdumyzda hereket edýän kanunlary, ýagny Türkmenistanyň “Tebigaty goramak hakynda (2014) hem-de Türkmenistanyň  “Ösümlik dünýäsi   hakynda” (2012)  kanunlaryny gürrüň berýäris. Tebigatymyzda mart aýynyň gelmegi bilen  dürli ösümlikler ösüş wegetasiýasyna başlady, goraghananyň meýdanlarynda we goraghana ýanaşyk meýdanlarda çigildemleri we başga ösümlikleri öwrenmek  boýunça biz ylmy gözegçiliklerimizi dowam edýäris. 


Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň Ylmy işgäri, Ogulşat Ataýewa
Ylmy bölümiň laboranty, Leýli Gaýypowa  

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04