Tebigatymyzyň ajaýyp dag goçlary
10Günbatar Köpetdagyň tebigaty ösümlik we haýwanat dünýäsine örän baýdyr. Bu sebitde süýdemdiriji haýwanlaryň 52 görnüşi gabat gelýär. Şolaryň arasynda iň görnükli owadan jandarlaryň biride aýraklardyr. (Goşa toýnaklylar otrýady, Gowak şahlylar maşgalasy)
Aýrak Türkmenistanyň daglarynyň ajaýyp haýwanlarynyň biridir.
Türkmenistanda dag goçularyň aşakdaky 3 görnüşi ýaşaýar:
Buhara goçy - Köýtendag daglarynyň gerşlerinde we Özbegistanyň, T¬äjigistanyň oňa golaý dag belentliklerinde ýaýrandyr.
Türkmen dag goçy - Garabiliň tokaýjyklarynyň günorta böleginde, Guşgy-Murgap derýalarynyň arasynda, Bathyzda Köpetdagda, Kiçi we Uly Balkan daglarynda giňden ýaýrandyr.
Üstýurt dag goçy - Garabogazgölüň kenarlarynda, Maňňyşlakda, Üstýurtda, Gaplaňgyrda, Akjagaýa we Üňüzaňyrsy Garagumyň beýleki ýerlerinde ýaýrandyr. Bu syratly we seýrek haýwanlar Köpetdag, Sünt-Hasardag, Bathyz., Köýtendag we Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanalarynda goralyp saklanylýar.
Türkmen dag goçunyň has köpsanly populýasiýasy Merkezi Köpetdagda ýerleşýär. Merkezi Köpetdagyň dagetek ýerlerinde bolsa, türkmen dag goçlary aýratyn sürüleri emele getirýärler. Olaryň umumy ýaýran ýerleri dagynyk häsiýetindedir.
Türkmen dag goçlary Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň çäklerinde, Sünt-Hasar daglarynyň töwereklerinde Aýderede, Çendir meýdanlarynda köpçülikleýin süri bolup ýaşaýar.
Türkmen dag goçlary deňiz derejesinden 2500-3000 metr bolan belentliklere çykmaga ukyplydyrlar.
Dag goçlary uly giňişlikli dürli otjumak ösümlikli dag s¬ähralyklarda, baýyrly daglyklarda çöllük belentliklerde dag eňňitlerinde ýaşamagy gowy görýä¬rler. Olar öz duşmanlaryndan gaçyp dag gaýalarynda gizlenýä¬rler ýa-da hojalyk mallary tarapyndan gysylyp, berk daşlyk eňňitlerde ýaşamaga mejbur bolýarlar. Dag goçunyň esasy duşmany möjeklerdir, birn¬äçe ýerlerde dag goçlary barslaryň esasy iýmit oljasy bolup durýar.
Türkmen dag goçy örän owadan, syratly, ýeňil bedenli, uzyn aýakly, berk boýunly we kellesini dik saklaýan haýwandyr. Şahy aýlaw örä¬n owadan kä¬ biriniňki uly we giň aýlawly bolup şahlarynyň üstündä¬ki zolak güberçekleri irimçikdir. Bedeniniň uzynlygy 110-200sm beýikligi gerşinden alynanda 65-125sm., şahynyň uzynlygy 67-den 190 sm. çenlidir. Bizde ýaşaýanlarynyň erkeginiň agramy 80-kg ýetip, goýunlarynyňky 46 kg töweregidir.
Tomsuň yssysynda dag goçlary suwly çeşmeleriň gözlegine çykýarlar we olaryň golaýynda howpsuz ýerlere ýygnanýarlar. Şol döwürde olar suwly güzerlere yzygiderli gatnaýarlar. Beýleki toýnaklylaryň köpüsinde bolşy ýaly, dag goçlary hem irden, agşamara, käte gijesine otlaýarlar. Günüň yssy wagtlarynda dynç alýarlar.
Beýleki toýnakly haýwanlar ýaly, dag goçlary hem süri bolup ýaşaýarlar. Dag goçlarynyň sürüsi onlarça baş sany (50-100) ýetip bilýär. Olar şeýle sürini ýylyň sowuk döwründe döredýärler. Urkaçy mallar köpelmeginiň öň ýanynda sürüden bölünip aýrylýarlar. Sürüde ýaş mallar we garrylary galýar. Tomusda dag goçlary giňişliklerde uly bolmadyk toparlar ýa-da bölek-büçek bolup ýaşaýarlar. Bular esasan guzuly goýunlardyr. Goçlar bolsa aýratyn gezýärler. Höwre gelen wagtlary olar 2-3 goçdan we birnäçe uly ýaşly urkaçy mallardan hem-de guzulardan ybarat uly bolmadyk toparlara bölünip ýaşaýarlar. Olaryň urkaçysy 2 ýaşa goçlary 3 ýaşa ýeten wagtlarynda jyns kämilligine ýetişýärler, olaryň bir bölegi şol wagtdan hem köpelişe gatnaşýarlar. Urkaçy mallaryň esasy bölegi diňe üç ýaşandan soň köpelýärler. Goçlar 4 ýaşdan soň, köpelişe gatnaşýarlar, 6-7-i ýaşlarynda bolsa görnüşi öndürmäge saldamly goşant goşýarlar. Olaryň höwür döwri noýabr-dekabr aýlarynda geçýär we bir aýa golaý dowam edýär.. Bir goça birnäçe urkaçy mal düşýär. Goçlaryň arasyndaky özara oňşuksyzlyk adaty häsiýetdedir. Uly goçlar sürüdäki ýaş goçlary kowmaýarlar, ýöne olary urkaçy mallaryň golaýyna-da getirmeýärler. Argalylaryň bogazlyk döwri 5 aýdan sähelçe geçýär. Aprel aýynyň ahyrynda-maý aýynyň başynda argaly bir, köplenç 2, seýregräk ýagdaýda 3 sany guzy guzlaýar. Köpelenden 4-5 gün geçenden soň, ol guzulary bilen sürä goşulýar. Süýt bilen iýmitlendirmek wagty güýze çenli dowam edýär. Guzujyk eýýäm bir aýlyk wagtynda otlary çirtip başlaýar. Argalylaryň duşmanlary alajagaplaň, syrtlan, möjekdir. Guzylaryň ýaş döwründe şagal tilki hem olara howp salyp bilýär.

Dag goçy sany kemelip barýan, seýrek duş gelýän görnüş hökmünde TGHB-niň (1996), Türkmenistanyň Gyzyl kitaplaryna, CITES-iň (1997) halkara söwdasy üçin gadagan edilen görnüşleriniň sanawyna girizildi. Bu haýwanlar Bathyz, Köpetdag, Sünt-Hasardag we Gaplaňgyr goraghanalarynda goralýar. Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň biodürlüligi köpeldiş merkezinde 7 başy saklanýar, olara dürli iýmit gorlary döredilýär. Olar her ýyl köpelýärler.
Ýaňy ýakynda 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 21-ne Balkan welaýatynyň Daşky gurşawy goramak müdürliginden aýagy agyrly bir aýragyň ýaşajyk guzysy gelip gowuşdy. Guzyjygyň aýagy seýiklenip bejergi edildi. Bejergi 2 aýa golaý dowam etdi.
Guzynyň aýajygy ylmy bölümiň işgärleriniň tagallasy bilen bejerildi, Biodürlülik merkeziniň jogapkär işgäri Hojamämmedowa Hanmeňli tarapyndan guzyjygy 3 aýdan gowrak wagt süýt we Dürli ýokumly iýmit gorlary, we ter ýorunja bilen iýmitlendirildi. Guzyjyk sagaldy we adamlar bilen öwrenişdi. Guzyjyk her gün irden Biodürlülik merkeziniň jogapkär işgäri Hojamämmedowa Hanmeňlini özüne höwür tutunyp onuň yzyna düşüp meýdanlarda dürli otlary otlaýar. Bu guzujyk adamlar bilen öwrenişdi, adamlaryň ýanynda arkaýyn otlap gezip bilýär. Tebigatyň bu täsin jandaryny Hanmeňlä eldeki etmek kyn düşmedi. Magtymguly etrabynda geçirilýän döwlet çärelerinde bu guzyjygy görkezmek meýilleşdirilýär. Bu ajaýyp jandary eldeki halda halk köpçüligine görkezmek we olarda türkmen tebigatyna bolan duýgyny oýarmak biziň zähmetimiziň miwesidigi has-da guwandyryjydyr.Sünt-Hasardagyň gerişlerinde aga –ýana gezýän bu haýwana syn etmek, jahankeşdeler üçin hem lezzetli duýgudyr. Dag goçlaryň populýasiýasyny baýlaşdyrmak janly tebigat bilen aragatnaşykda bolmak onuň baýlyklaryndan lezzet almak Türkmen halkynyň gadymdan gelýän ýolydyr.
Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň agzybir işgärleri ösen ylmyň gazananlaryny ýagny surat gapanlary bu gymmatly haýwanyň ýaşaýan ýerlerine aýak yzlarynyň bar ýerlerine gurnap gymmatly ylmy maglumatlar toplaýarlar olaryň haçan höwüre gidýän we köpelýän döwürlerinde iýmitlenişi barada maglumatlar alynýar.
Goraghanasynyň agzybir işgärleri teleýaýlymlarda gazet žurnallarda we ilatyň arasynda düşündiriş, wagyz nesihat işlerini giňden alyp barýarlar.
Türkmen tebigatynyň baýlyklaryny ylmy esasda giňişleýin öwrenmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimiziň umumy adamzat bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Hojamämmedowa Hanmeňli
Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň uly ylmy işgäri