EKOLOGIÝA TAÝDAN TASLAMANY TAÝÝARLAMAK: ESASY ÝÖRELGELER, USULLAR WE UGURLAR

34
  Daşky gurşawy goramak we onuň baýlyklaryny aýawly peýdalanmak, eko-logiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri hem-de ileri tutylýan ugurlary bolup durýar. Şu maksat bilen ýurtda tebigaty goraýyş döwlet maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirilýär, kanun çykaryjy namalar ulgamy wezipesini ýerine ýetirýär, daşky gurşawy goramak boýunça ýerine ýetiriji hökümet edaralarynyň işi sazlaşykly alnyp barylýar we bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk işjeň amala aşyrylýar.
  Ekologiýa taýdan taslamany taý-ýarlamak (ETT) – bu daşky gurşawa ujypsyz täsir edilmegini we tebigy baý-lyklaryň durnukly peýdalanylmagyny nazara alyp, binagärçilik, inženerçilik, senagat we beýleki desgalary döretmäge çemeleşmedir. Howa ýagdaýynyň we ekoulgamyň üýtgeýän, şeýle hem tebigy baýlyklaryň azalýan şertlerinde ETT bütin dünýäde durnukly ösüşiň esasy bölegine öwrülýär. Ekologiýa taýdan taslama taýýarla-mak (ýa-da “ekodizaýn”) binagärligi, ekologiýany, energetikany we ykdysadyýeti utgaşdyrýan tertipleýji pudak bolup durýar. Onuň baş maksady – bu önümleri, binalary we tebigata ýetirilýän zyýanly täsiri azaldýan infrastrukturany döretmekdir.
 ETT-nyň esasy wezipeleri – energiýa we suw sarp edilişini, parnik gazyny we zyňyndylary azaltmak, energiýanyň netijejijigini ýokarlandyrmak, ekologiýa taýdan arassa, gaýtadan işlenip we biodegrirlenip bilinýän materiallary ulan-mak we önümiň ýa-da binanyň ömrüni (dizaýndan başlap zibile çenli) göz öňüne tutmakdyr.
  Ekologiýa taýdan taslamany taýýarlamak – bu ekologiýa ýörelgelerini we talaplary hasaba almak bilen taslamalary işläp düzmegi, meýilleşdirmegi we durmuşa geçirmegi öz içine alýan ýagdaýdyr. ETT-nyň esasy maksady daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň öňüni almakdan we ony azaltmakdan, şeýle hem onuň dikeldilmegi we biodürlüligi gorap saklamak üçin şertleriň döredilmeginden ybaratdyr. Ekologiýa taýdan taslamany taý-ýarlamak özüniň tebigaty goramak üçin hereketdäki köklerini XIX asyryň ahyryndan – XX asyryň başyndan alyp gaýdýar. Emma şeýle-de bolsa, hakykatda ol, diňe 1970-nji ýyllarda ekologiýa ýagdaýynyň has pese düşmeginden soňky ýagdaýyň uly ähmiýetine akyl ýetirilenden we ilkinji halkara tebigaty goraýyş konwensiýalarynyň kabul edileninden soň ösüp başlady. Ilki bilen, ETT hapalary “arassalama” ünsi jemledi, soňpa öňüni alyş çärelerine öwrüldi we netijede ekologiýa, ykdysady hem-de sosial taraplary öz içine alýan durnukly ösüş ýörelgesine başlady.
  Ekologiýa taýdan taslamany taýýarlamagyň esasy ýörelgeleri:
1. Öňüni alyş ýörelgesi (ilkinji ters täsiriň netijelerini aýyrmaklyga däl-de, eýsem, onuň öňüni almaklyga gönük-dirilen çärelere berilýär;
2. Integrasiýa ýörelgesi (ekologiýa nukdaýnazarlary taslama taýýarlamagyň we taslamany durmuşa geçirmegiň ähli tapgyrlarynda birleşdirilmelidir);
3. Toplumlaýyn ýörelgesi daşky gurşawyň ähli böleklerini  we olaryň özara baglanyşygy göz öňünde tutýar;
4. Ýaşaýyş döwrüni hasaba alyş ýörelgesi (önümiň ýa-da taslamanyň ýaşaýyş döwrüniň ähli tapgyrlarynda daşky gurşawa edilýän täsiriň seljermesi çig maly gazyp almakdan ony peýdaly ulanmaklyga çenli);
5. Uýgunlaşma ýörelgesi (çözgütleri kabul etmekde başarnyklylyk we üýtgeýän şertlere hem-de täze maglumatlara baglylykda taslamany ugrukdyrmak mümkinçiligi).
Ekologiýa taýdan taslamany taýýarlamak aşakdakylary öz içine alýan pudaklaryň we ugurlaryň giň gerimini gurşap alýar:
1. Daşky gurşawa edilýän täsire baha bermeklik – bu işiň meýilleşdirilýän görnüşleriniň birnäçe ekologiýa netijelerini durmuşa geçirilmezden öň ýüze çykarýan, çaklaýan, baha berýän we gowşadýan ýagdaý. Birnäçe iri taslamalar üçin baha bermeklik hökmany hasaplanýar (senagat kärhanalary);
2. Ekologiýa ekspertizasy – bu taslama resminamasynyň ekologiýa talaplaryna we kadalaşdyryjy resminamalaryna laýyklygynyň döwlet tarapyndan geçirilýän barlagydyr. Ekologiýa ekspertizasy ekologiýa kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligiň möhüm mehanizmi hasaplanýar;
3. Zaýalanan ýerleriň rekultiwasiýasy– bu oba hojalyk işleriniň (dagda gazylyp alynýan işler, gurluşyk, zir-zibil dökülýän ýer) netijesinde zaýalanan ýerleriň öndürijiligini we halk hojalyk gymmatlygyny dikeltmek boýunça çäreler toplumy. Tehniki (meýilleşdiriş, toprak gatlagyny döretmek) we biologiýa (ösümlikleri ekmek) tapgyrlaryny öz içine alýar;
4. Landşaftlaýyn meýilleşdiriş we dizaýn (bezeg) – bu tebigy elementleri binagärlik we infrastruktura bilen integrirleýän, ekologiýa taýdan durnukly we estetika taýdan özüne çekiji landşaftlary döretmek. Ýaşyl zolaklary meýilleşdirmegi, ekoul-gamlary dikeltmegi, suw serişdelerini dolandyrmagy öz içine alýar;
5. Galyndylary dolandyryş ulgamlaryny taslamak – bu galyndylaryň daşky gurşawa edýän zyýanly täsirini has-da azaltmak maksady bilen durmuş we senagat gaty galyndylaryny toplamak, gaýtadan işlemek, peýdaly ulanmak we gömmek üçin strategiýalary hem-de infrastrukturany işläp düzmek. “Nol galyndylaryň” we sirkulýar ykdysadyýetiň konsepsiýalaryny öz içine alýar;
6. Energiýa netijeli we “ýaşyl” gurluşyk – bu energiýanyň iň az mukdaryny sarp edýän, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini peýdalanýan, ekologiýa taýdan arassa materiallary ulanýan we ulanylýan döwrüniň tutuş dowamynda daşky gurşawa täsiri azaldýan binalary  hem-de desgalary taslamak;
7. Suw arassalaýyş we suw taýýarlaýyş desgalaryny taslamak – bu hapa akym suwlaryny arassalamak we içilýän agyz suwuny taýýarlamak üçin suwuň hiliniň sanitariýa hem-de ekologiýa kadalaryna laýyklygyny üpjün edýän ulgamlary işläp düzmek;
8. Tebigaty goraýyş zolaklaryny taslamak – bu biodürlüligi gorap saklamak, ekologiýanyň deňagramlylygyny saklamak we ekosyýahaty ösdürmek maksady bilen goralýan tebigy ýerleri, milli seýilgähleri, goraghanalary döretmek hem-de dolandyrmak.
  ETT prosesi, adatça, şu tapgyrlary öz içine alýar, ýagny: taslamagyň öň ýanyndaky barlaglary we maglumatlary toplamagy; ekologiýa auditi (daşky gurşawyň häzirki ýagdaýyna baha bermek we bolup biljek ekologiýa meselelerini ýüze çykarmak); inžener-ekologiýa gözlegleri (geologiýa, gidrogeologiýa, topraklar, ösümlikler, haýwanat dünýäsi, howa ýagdaýlary baradaky maglumatlary toplamak); kanunçylyk binýadyny seljeriş (ulanylmaga degişli ekologiýa ka-dalary, standartlary we talaplary öwrenmek); şeýle hem ýerleşýän ýeriniň duýgurlygyna baha bermek (aýratyn goralýan tebigy ýerleri, ajaýyp ekoulgamlary, medeni miras binalaryny ýüze çykarmak).
  ETT-da modelirlemek – bu matematiki modelleriň we kompýuter programmalaryň kömegi bilen ekologiýa proseslerini öwrenmek usuly. Ol populýasiýalaryň dinamikasyny we ekoulgamlaryň ösüşini çaklamaga, dürli ýagdaýlaryň tebigy ulgamlara edýän täsirine baha bermäge hem-de daşky gurşawy goramagyň strategiýalaryny işläp düzmeklige mümkinçilik berýär.
“Türkmendöwlettaslama” baş döwlet taslama birleşiginiň hünärmenleri häzirki wagtda “Arc GIS-Pro” (geogiňişlik maglumatlary bilen işlemek üçin programma bolup, ol landşaftyň hakyky 3D-modellerini döretmäge, olary daşyn-dan görmäge we seljermäge mümkinçilik berýär) programmanyň kömegi bilen ETT-da modelirlemäni ulanmagyň meseleleri bilen meşgullanýarlar.
  Ekologiýa tarapdan taslamany taýýarlamak – bu XXI asyryň ekologiýa kynçylyklarynyň tarapyndan ýüze çykan zerurlyk. Ol düzgün-tertipli çemeleşmäni, täze tehnologiýalary we taslamagyň adaty usullarynyň başgaça öwrenilmegini talap edýär.
  Bu çygryň ösdürilmegi durnukly geljegiň emele gelmegine ýardam berýär, ýaşaýşyň hilini gowulandyrýar we ekologiýa düşýän agramy azaldýar. Bu gün ekologiýa taýdan taslamany taýýarlamak – bu diňe bir hemmetaraplaýyn amatlylyga däl, eýsem, siwilizasiýanyň ýaşamagyna hem maýa goýumdyr. ETT toplumlaýyn çemeleşmäni we çuň bilimleri talap edýär. Howa ýagdaýynyň üýtgän şertlerinde islendik taslamalaryň meýilleşdirilişi we durmuşa geçirilişi gündelik iş tejribesine has köp integrirlenmek bilen, ETT-nyň ähmiýeti ýerliden ählumuma çenli artar.
Aýgül Gurbanowa, 
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň “Türkmendöwlettaslama” baş döwlet taslama birleşigi.
"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” zurnaly

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04