Süýrenjiler boýunça okuw maslahaty.
27 Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanda hereket edýän çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde çagalardyr ýetginjekleriň mynasyp dynç almagy, wagtlaryny peýdaly geçirmegi üçin tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek baradaky beren tabşyryklaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi Çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň töwereklerinde, raýatlaryň köpçülikleýin dynç alýan ýerlerinde zäherli jandarlardan gorag howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, 2026-njy ýylyň 25-nji martynda 54-ö belgili buýrugy çykaryldy. Buýruk esasynda Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň mejlisler zalynda 2026-njy ýylyň 10-njy aprelinde institutyň alymlary tarapyndan “Türkmenistanyň zäherli ýylanlary” we “Türkmenistanyň zäherli bogunaýakly jandarlary (möýler, içýanlar, sakyrtgalar, mör-möjekler)”, olar çakan ýagdaýynda ilkinji kömek çärelerini bermegiň usullary” atly amaly-okuw maslahaty geçirildi.
Okuw maslahatynda ilkinji bolup Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň Esasy ylmy işgäri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty E. Kokanowa Türkmenistanyň zäherli bogunaýakly jandarlary barada çykyş etdi. Ol Möýleriň zäherli görnüşleri adam üçin hoplydyr atly tema boýunça çykyş edip çykyşyň dowamynda:
Türkmenistanda möýleriň 38 maşgalasyna degişli 500 görnüşiniň belli edilendigi Olardan 7 sanysy zäherli görnüşlere degişlidigi we olary nädip tanamalydygy barada gürrüň berdi. Şeýle hem olaryň ýaşaýyş ýagdaýy, iýmitlenişi, köpelişi barada durup geçdi. Mundan başga-da zäherli bogunaýaklylar çakanda ýüze çykýan ilkinji alamatlar barada gürrüňi dowam etdi:
Garagurt möý çakanda çakylan ýerde kiçijek gyzyl tegmil emele gelýär we ol tiz wagtda reňkini ýitirip, agarýar. 10-15 minut geçenden soň çakylan adamyň garnynyň töwereginde, bilinde, kükreginde ýiti agyry ýüze çykýar, ol aljyraňňy ýagdaýa geçýär we gorkup başlaýar. Onuň aýaklary guruşýar, dem alşy kynlaşýar, kellesi agyryp, gaýtarýar. Ýüzüniň reňki gögerýär, ýüreginiň urmasy haýallaýar, umumy gowşaklyk basýar. 3-5 gün geçenden soň ýarawsyzyň dersiniň ýüzünde köp sanly düwürtikler peýda bolýar we onuň umumy ýagdaýy az-kem gowulaşýar. 2-3 hepde geçenden soň ýarawsyzyň ýagdaýy gowulaşyp başlaýar, emma ol köp wagtlap özüni gowşak duýýar.
Içýan çakanda güýçli agyry peýda bolýar, çakylan ýeriň dokumalary çişýär, deriň ýüzinde içi suwuklykly pakgartmalar emele gelýär. Çakylan adamyň ýürek urmasy çaltlaşýar, bedeniniň temperaturasy ýokarlanýar, kellesi agyrýar, gyzdyryp - üşedýär, uky we gowşaklyk basýar. Bulardan soň onuň damarlary çekip, ýürek urmasy bozulýar.
Möý çakanda çakylan ýeriň dokumalarynyň çäkli bozulmalary (dargamagy) ýüze çykýar we zäher tutuş organizme, aýratyn hem merkezi nerw ulgamyna täsir edýär.
Zäherli bogunaýaklylar (möýler, içýanlar) çakanda lukmana çenli ilkinji kömek barada:
- Zäherli jandarlar çakandan soň zäheri dargatmak üçin, yzýany bilen - 2 minudy hem geçirmän, ýanyp duran kükürdüň ody bilen çakylan ýeri basmaly.
- Zäherli jandarlar adamyň elinden ýa-da aýagyndan çakan ýagdaýynda, çakylan synany hökmany ýagdaýda hereketsiz ýagdaýa getirmeli, ýagny çakylan aýagy sagdyn aýaga birikdirip daňmaly; elini bolsa tirseginden epläp daňmaly. Bulardan soň, çakylan adama köp suw, çaý ýa-da süýt içirmeli.
- Ýokarda sanalan ilkinji kömek çäreleri geçirilenden soň heläk bolan adamy iň ýakynda ýerleşýän lukmançylyk edarasyna eltmeli we zäheriň täsirini peseldýän serişdeleri ulanmaly.
- Zäherli mör-möjegiň çakan ýerine islendik sowuk zat goýmaly, netijede damarlar gysylýar we zäherli maddalaryň adamyň gan aýlanyş ulgamyna ýaýramagy haýallaýar.
- Ýarym spirtli ( spirt bilen suwuň gatnaşygy – 1:1) ergin bilen çakylan ýere ýapgy etmeli.
- Çakylan ýeri hojalyk sabyny bilen ykjam ýuwmaly.
- Çakylan ýeri kartoşkanyň ýuka kesimleri bilen örtmeli, gyzandan soň olary çalyşmaly.
- Çakylan ýer güýçli gijän ýagdaýynda borly spirt bilen ol ýerleri süpürmelidigi barada gyzykly maslahatlary berdi.
Soňra Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň Biologik dürlüligi laboratoriýasynyň uly ylmy işgäri O.Gökbatyrowa Türkmenistanyň zäherli ýylanlary barada çykyş etdi, ol öz çykyşynda: Dünýäde zäherli ýylanlaryň 500 görnüşi bolup olaryň, 100-siniň zäheri adam üçin howlydyr. Türkmenistanda ýylanlaryň 32 görnüşi ýaşaýar. Olaryň 4 görnüşi Kepjebaş, Galkanburun, Alahöwren, Göklors zäherli bolup olaryň zäheri adam üçin örän howplydygy barada gürrüň berdi. Şeýle hem olaryň ýaşaýyş ýagdaýy, iýmitlenişi, köpelişi barada hemde olary göreniňde nädip tanamalydygy olaryň reňkleri biri-birinden tapawutlylygy barada durup geçdi. Mundan başga-da zäherli ýylanlar çakanda ýüze çykýan ilkinji alamatlar barada çykyş etdi. Ýagny zäherli ýylanlar çakanda adama howply ýagdaý döreýär şol sebäplide her adam ýylan çakanda lukmana çenli ilkinji kömek bermegiň usullaryny bilmelidir. Häsiýeti boýunça ýylan zäheriniň täsiri iki topara bölünýär:
Birinji topara - kepjebaş degişli, kepjebaşyň awusy ilki bilen nerwi sistemasyna şikes ýetirip işjeňsizlik ýagdaýa getirýär, çakylan ýerde agyry duýmaýar. Emme doly ysmaz bolup başlaýar dem alyşy kynlaşýar gürläp bilmeýär we gözleri ýumulýar.
Ikinji topara göklors alahöwren galkanburun degişlidir. Olar çakanda adam çakylan ýerde güýçli agyry duýýar, onuň töweregi gyzaryp, çişip başlaýar, sowuk der basyp uky tutýar soňra adam titräp samrap başlaýar we ýüregi bulaşýar.
Ýylan çakanda ilkinji kömek bermegiň usullary:
Ilkinji bilen ýarany margens turşuly kali (margasowka) bilen ýa-da suw bilen ýuwmaly.
Çakylan ýeri hereketsiz ýagdaýda, heläk bolanyň özide hereketsiz ýagdaýda bolmaly ýagny gan aýlanyş peseler ýaly. Gymyldamaz ýaly aýaklar birikdirilip daňylsa has gowy bolar.
Zäheriň bir bölegi adamyň endamyndan çykar ýaly gök çaý ýa-da suw içirmeli.
Gyssagly ýagdaýda syworatka sançmak üçin. lukmana eltmelidigi barada gerekli maslahatlary berdiler.
Bulardan başga-da çakylan ýerden ýokardan daňmagyň, çakylan ýeri ýakmagyň, çakylan ýeri kesip awusyny çykarmagyň netije bermän zyýan ýetirýändigi barada düşündiriş işlerini geçirdiler.
Soňra çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň töwereklerinde, raýatlaryň köpçülikleýin dynç alýan ýerlerinde barlag işleri geçirilende ýylanlary tutup göçürmegiň usullary öwredildi we gerekli serişdeler bilen tanyşdyrylyp olary amaly taýdan nädip ulanylmalydygy barada okuw maslahaty geçirildi.
Ýurdumyzda raýatlaryň arassa we howpsuz durmuşda ýaşamaklary üçin döredip berýän mümkinçilikleri, gözel tebigatymyzy, tebigy baýlyklarymyzy gorap saklamakda we baýlaşdyrmakda edýän taýsyz tagallalary üçin Hormatly Prezidentimize köp sag bolsun aýdýarys.
Hormatly Prezidentimiziň, Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligiň, Ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak müdirliginiň baş hünärmeni
R.Amanow