Türkmenistanyň Prezidenti «RES 2026 EXPO» sergisine baryp gördi
30 Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirlýän Sebit ekologiýa sammite gatnaşýan beýleki döwlet Baştutanlary forum bilen ugurdaş guralan «RES 2026 EXPO» ýaşyl we durnukly tehnologiýalaryň halkara sergisine baryp gördüler diýip, «Kazinform» habar berýär.
«Gazagystanyň, Ermenistanyň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň Prezidentlerine we beýleki ýokary derejeli myhmanlara Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň ýaşyl energetika hem-de tebigy serişdeleri dolandyrýan ulgamdaky milli ileri tutulýan ugurlaryny görkezýän pawilýonlary tanyşdyryldy» diýlip habarda bellenilýär.

Ekspozisiýalarda ekoulgamlaryň durnuklylygyny saklamaga, daşky gurşawy goramak ulgamyndaky hyzmatdaşlyga we ekologiýa meselelerini çözmegiň täze usullaryna, şol sanda Aralýaka sebitini dikeltmäge esasy üns berildi.
Döwlet Baştutanlaryna sebit ýurtlarynyň hususy pudagynyň ekspozisiýalary hem görkezildi. Olarda kompaniýalar ýaşyl energetika, ekologiýa taýdan arassa gurşawy kemala getirmek we galyndylary gaýtadan işlemek ulgamyndaky senagat çözgütlerini görkezýärler.
Sergi dünýäniň 30 ýurdundan 240-dan gowrak gatnaşyjyny we halkara hyzmatdaşlaryň ençemesini bir ýere jemleýär. Onuň çäginde durnukly ösüş ulgamyndaky öňdebaryjy çözgütleri şöhlelendirýän 120-den gowrak pawilýon hödürlenýär.