“Türkmenistanyň Garaşsyzlygy: ylmyň we innowasion tehnologiýalaryň dabaralanmagy” atly halkara ylmy maslahaty geçirildi

42
  Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýyly mynasybetli 2026-njy ýylyň 21-nji aprelinde “Türkmenistanyň Garaşsyzlygy: ylmyň we innowasion tehnologiýalaryň dabaralanmagy” atly halkara ylmy maslahaty geçirildi
 “Türkmenistanyň Garaşsyzlygy: ylmyň we innowasion tehnologiýalaryň dabaralanmagy” atly halkara ylmy maslahaty Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda geçirildi. Maslahatda ilki bilen Umumy mejlis geçirilip, soňra 1-nji Himiki tehnologiýalar we ekologiýa, 2-nji  Nanotehnologiýalar we energetika, 3-nji Bio-iýmit we derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýalary, 4-nji Maglumat aragatnaşyk we geografiki maglumat ulgamlary tehnologiýalary, 5-nji Innowasion ykdysadyýet atly bölümlerde dowam etdirildi. Himiki tehnologiýalar we ekologiýa bölümiň işine ylmy barlag institutlaryň ylmy işgärleri, ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary şeýle-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” atly ylmy-populýar žurnalynyň wekilleri gatnaşdylar. Bölümde türkmen alymlarynyň, hem-de daşary ýurtly alymlaryň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Maslahatda jemi 10 çykyş göz öňünde tutuldy. Ähli çykyşlarda getirilen amaly we tehnologiki barlaglaryň netijeleri ýurdumyzda himiki tehnologiýalary we ekologiýa ugurlaryny ösdürmeklige gönükdirilendir. 
  Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň Daşky gurşawy goramagyň tehnologiýalary barlaghanasynyň müdiri, tehniki ylymlarynyň kandidaty Gurbanýazow Meretdurdy Aşyrowiç ýygnagy açyp, himiýa tehnologiýalar, ekologiýa boýunça ylmyň we innowasiýa tehnologiýalarynyň ileri tutulýan ugurlary hem-de ösüş tejribesi barada çykyş etdi.
Maslahatda diňlenilen çykyşlardan tapawutlananlary:
  Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz  uniwersitetiniň Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň Senagat ekologiýasy kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, tehniki ylymlarynyň kandidaty Altyýewa Aýtäç Arazownanyň “Parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmagyň usullaryny işläp düzmek” atly çykyşy;
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” atly ylmy-populýar žurnalynyň baş redaktory Akyýew Myratberdi Bazarbaýewiçiň “Биоразнообразие лесов Туркменистана” atly çykyşy;
Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň Daşky gyrşawy goramagyň tehnologiýalary barlaghanasynyň müdiri, tehniki ylymlarynyň kandidaty Gurbanýazow Meretdurdy Aşyrowiçiň “Ekerançylykda ekologiýa ähmiýetli innawasion suwaryş tehnologiýasy” atly çykyşy;
  Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Himiýa fakultetiniň Organiki himiýa kafedrasynyň mugallymy, himiýa ylymlarynyň kandidaty Hallyýewa Ogultuwak Glyjownanyň “Ýag önümçiliginiň parafin konsentratlaryndan ýokary ýag karbon kislotalaryny almak” atly çykyşy
  Halkara maslahatynyň 1-nji bölüminiň işine gatnaşyjylar dünýä ülňelerine laýyk gelýän innowasion tehnologiýalary, şol sanda himiki tehnologiýalar, ekologiýa, suw tygşytlylygy bilen baglanşykly tehnologiýalary şeýle hem himiýa we ekologiýa ugurlarynyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Çykyşlar arkaly gatnaşyjylaryň bu ugurlar boýunça ylmy maglumatlary almagyna giň mümkinçilikler döredildi. Maslahat alymlaryň geljekde bilelikde ylmy-barlag işlerini alyp barmaklaryna şert döreder.
  Maslahata gatnaşyjylar Gahryman, Alym Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ylym ulgamlarynda alnyp barylýan innowasion ösüş syýsaty üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdiler we Watanymyzy ösdürmekde öz güýçlerini we bilimlerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkyn tarapyndan ähli çykyş edenlere ýörite sertifikatlar gowşuryldy.
  Bölümiň işiniň jemleri boýunça aşakdaky teklipleri edildi:
1. Dünýä derejesinde ekologiýa, himiýa, innowasion tehnologiýalary özleşdirmek üçin alymlar, ylmy işgärler bilen has-da ýakyn aragatnaşykda bolmagy;
2. Ylmy täzeçilliklere esaslanýan ylmy-barlag işleriň netijelerini halkara neşirlerde çap etmegi işjeňleşdirmegi;
3. Ylymda we innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlamakda alynan netijeleriň amaly ähmiýetine üns bermegi we bu ugurdaky önümçilikleri ýola goýmagy maksat edinmek.
  Biz – ylym işgärler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimiziň gülläp ösmegi, türkmen ylmynyň täze belent sepgitlere ýetmegi we bu ugurda daşary ýurt döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda alyp barýan giň gerimli işleri üçin Alym Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize köp sag bolsun aýdýarys.
Alym Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli umumy adamzat bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Myratberdi Akyýew,
“Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” atly ylmy-populýar žurnalynyň baş redaktory 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04