Bagyrtlak guşy barada
33 Türkmenistanda bagyrtlaklar maşgalasyna degişli görnüşleriň 4 sanysy: bagyrtlak (Pterocles orientalis), gylguýruk (Pterocles arhata), dykdyky (Syrrhaptes paradokus), Senegal bagyrtlagy ( Pterocles senegallus) ýurdumyzda gabat gelýär. Senegal bagyrtlagy Amyderýanyň jülgesinde, Kelif obasynyň töwereklerinde hasaba alnandygy barada ylmy çeşmelerde bellenilýär (soňky ýyllarda bagyrtlagyň bu görnüşi barada maglumatlar ýok). Bagyrtlak, gylguýruk, dykdyky guşlary boýunça gözegçilikler olaryň uçup geçýän wagtlary, şeýle hem oturymly bölegi boýunça goraghanalarda ylmy barlaglar geçirilýär hem-de ylmy maglumatlar toplanýar.
Bagyrtlak guşy sany köp gabat gelýän guşlaryň hataryna girýär. Ýerli adyna başgaça “tural” hem diýilýär, şeýle hem bu görnüşi gymmatly aw guşy hökmünde ulanypdyrlar. Bagyrtlak uçup-geçýän-höwürtgeleýän, bölekleýin gyşlaýan görnüş, ýöne oturymly bölegini ýurdumyzyň düzlüklerinde ýylyň dowamynda görmek bolýar. Olar çöllük we ýarym çöllükdäki dykyz toprakly ýerlerde, dageteklerde gabat gelýärler. Bagyrtlagyň köp sanlysy martda we apreliň birinji ýarymynda uçup gelýär. Güýz aýlary oktýabrda uçup gidýär. Olar toýunly ýerlerde, oýjagazlarda ýumurtgalaýar. Iýun aýynyň ortalarynda jüýjeleri çykýar. Bagyrtlak tomus aýlary suw içmäge yzygiderli uzak aralyklara hem gatnaýarlar. Irden suw güzerlerine barýarlar, tomus aýlary sagat 8-10 aralyklarda suwly ýerlerde görmek bolýar. Suwdan ganan guşlar petekesinde getiren suwyny yzyna gaýtaryp jüýjelerine suw içirýärler. Käbir raýatlarymyz bagyrtlaklaryň tomus aýlary suwa düşünip perlerini suwa ezýän wagtlaryny hem synlan pursatlary barada gürrüň berýärler. Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň Mäne-Çäçe çäkli goraghanasynda oktýabr-noýabr aýlary köp mukdarda gabat gelýär we her ýylda gorag işleri talabalaýyk ýerine ýetirilýär. Şeýle hem gyş aýlary bagyrtlaklaryň, durnalaryň we bezbeltekleriň gabat gelýän ýerlerinde goşmaça iýmitlendirmekde işler geçirildi. Çäkli goraghananyň meýdanlarynda iýul aýynda jüýjelerini yzyna tirkäp ýören bagyrtlaklar gabat gelýär. Balkan welaýatynyň Gyzylarbat, Bereketli etraplarynyň düzlük ýerlerinde güýz aýlary köp mukdarda gabat gelýändigi barada maglumatlar alyndy. 2024-nji ýylyň aprel aýynyň başynda Keleta –Bakja aralykda iki sürü bagyrtlagyň, jemi 25 sanysy gabat geldi. 2026-njy ýylyň aprel aýynyň ahyrynda Ustýurt belentliklerine golaý meýdanlarda bagyrtlagyň mäkiýanlary we horazlary hasaba alyndy. Jübüt gezip ýören bagyrtlaklar köpelmek üçin amatly ýerleri saýlaýarlar. Bu ýyl ygalyň mukdarynyň ýeterlikli ýagdaýy ösümlikleriň ösüşi üçin amatly täsirini ýetirdi. Şonuň üçin hem birnäçe ýabany haýwanlar üçin tebigy meýdanlarda iýmitlik goryň ýeterlik ýagdaýy bar. Bagyrtlaklaryň iýmitiniň köp bölegini ösümlikler tutýar, şeýle hem olar az kem mukdarda mör-möjekler bilen hem iýmitlenýärler. Bu guşlaryň mesgen tutýan ýerlerini goramak örän wajyp, şeýle hem köpelýän döwürleri hem-de uçup geçýän wagtlary talabalaýyk gorag çärelerini geçirmek bu täsin guşlaryň sanynyň tebigatymyzda köpelmegine uly ýardam berer.
Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň Ylmy bölüminiň başlygy
Aknabat Potaýewa