TEBIGAT BIZIŇ BAÝLYGYMYZ WE GELJEGIMIZDIR

99
  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidenti Gahryman Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda daşky gurşawy goramak, onuň baýlyklaryny artdyrmak we aýawly peýdalanmak, ekologiýa howpsyzlygyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler häzirki wagtda aýratyn derwaýys häsiýete eýedir. Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleriniň biridir. Adam tebigatyň bir bölegi bolup, onuň tutuş durmuşy tebigat bilen özara sazlaşykly gatnaşygyna, tebigy baýlyklardan nähili derejede tygşytly peýdalanýanlygyna baglydyr. Bu özara gatnaşyklarda deňagramlylygy sazlaşykly saklamagyň ýollaryny gözläp tapmak häzirki döwrüň örän möhüm wezipeleriniň biridir. Türkmenistanyň her bir raýaty töweregimizi gurşap alan ajaýyp tebigatymyzy gorap saklamaga özüniň şahsy goşandyny goşup biler. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän, ekologik abadançylygyna gönükdirilen taryhy işlerini ýaşlara dürli gyzykly maglumatlary ýetirmek möhüm bolup durýar. Ekologiýa meselelerini düýpli çözmek üçin her bir ýurtda, sebitde we halkara derejesinde ekologiýa aňyny, ekologiýa medeniýetini giň gerimde, jemgyýetiň ähli gatlaklaryna ýaýratmagyň, ilatda düýpli ekologiýa sowatlylygyny we medeniýetini döretmegiň hem-de yzygiderli ösdürmegiň zerurlygy ýüze çykýar. Çagalar bagyndaky çagalardan başlap, orta mekdeplerde, ýokary okuw jaýlarynda we beýleki köpçülikleýin ýerlerinde daşky gurşawymyzy gorap saklamak barada degişli hünärmenler tarapyndan gyzykly söhbetdeşlikler hem-de birnäçe çäreler  geçirilýär. Şeýle çäreler daşky gurşawyň goragy, howanyň üýtgemegine garşy göreş we biodürliligi saklamak ýaly meseler boýunça habardarlygy ýokarlandyrýar. Bu bolsa, adamda tebigatyň tutýan ornunyň möhümdigine aýdyň göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Ekologiýa ugrunda täze işjeň innowasion ugurlar hem ulanylýar. Innowasion ugurlara dürli görnüşli intraktiw oýunlar, ekologik hereketler, ekologiki medeni gezelençler, ekologiýa syýahatçylygy degişlidir. Şeýle hem her ýyl ýurdumyzda   Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda daşky gurşawy gowulandyrmak üçin ilatymyzyň işjeň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabaralary, daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek meselelerine ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynda uly ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky aýdyň mysalydyr. Olar ýurdumyzyň obadyr şäherlerine görk bermek bilen birlikde, ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmaga möhüm täsir edýär.
  Tebigatymyzy gorap saklamak we tebigy baýlyklarymyzy tygşytly peýdalanmak her birimiziň borjumyzdyr. Çünki, daşky gurşawyň arassalygy her bir adam saglygynyň kepilidir. Tebigata bolan söýgi türkmen halkynyň durmuşynyň däp-dessurlarynyň we medeniýetiniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Gadymy wagtlardan bäri güneşli ülkämiziň gözel tebigatyna aýawly çemeleşmek, ony gorap saklamak ýörelgeleri halkymyzyň aňyna ornaşyp, ekologiýa meselelerini çözmegiň özboluşly tärlerini kemala getiripdir. Halkymyzyň bu ynsanperwer ýörelgeleri hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen häzirki döwürde has-da ösdürilýär, kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda tebigaty goramakda, ekologik meseleleri çözmekde birnäçe giň möçberli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dünýä jemgyýetçiliginiň daşky gurşawy goramaga gönükdirilen tagallalaryna Türkmenistanyň öz saldamly goşandyny goşýandygynyň aýdyň güwäsidir. Ynsanyň durmuşy daşky gurşaw, tebigat bilen aýrylmaz baglanyşykdadyr. Ekologiýa soňky birnäçe onýyllygyň dowamynda adamzat jemgyýetinde iň ileri tutulýan meseleleriň uly bölegini özünde jemleýän hem-de ýygy-ýygydan ýüzlenilýän ugra öwrüldi. Gözel tebigatyň adamzada berýän ähli eşretlerini nazara alyp, ähliumumy ekologiýa howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen, her ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bellenilýär. Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny we gaýtalanmajak gözelligini geljekki nesiller üçin gorap saklamak, daşky gurşawyň ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň türkmen tebigatyny bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda ýadawsyz aladalary ynsan saglygyna oňyn täsirini etýän amatly daşky gurşawyň durnuklylygyny saklamagyň, adam bilen tebigatyň arasyndaky sazlaşygy üpjün etmegiň baş wezipeleriniň üstünlikli berjaý edilmegine ýardam etýär.

DURDYÝEWA SÜLGÜN
Ekologiýa gözegçilik gullugy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04