TEBIGAT TÄSINLIGI - SURATÇYNYŇ SUNGATYNDA

12
  Türkmenistan ýurdumyzyň tebigat täsinliklerine gezelenje çykýan raýatlarymyz diýarymyzyň täsin gözelliklerine haýran galýarlar. Elbetde tebigatymyzda ösýän ösümlikleri, daglarda derelerde, çöllerde ýaşaýan jandarlary, al-asmanda uçýan guşlary we başga täsinlikleri alymlar yhlasly öwrenýärler. Aýdymçylar, sazandalar öz mukamlarynda ýaňlandyrýarlar, suratkeşler bolsa ol gözellikleri nepislik bilen öz eserlerinde suratlandyrýarlar. Şeýle hem tebigat täsinlikleri surata düşürmek bilen tebigatyň täsin dünýäsini görkezmek hem yhlasly zähmedi talap edýär. 
  Surata düşürmegiň aýratyn bir gyzygy, höwesi we tärleri bolýar. Ýaşlygymdan surata düşürmegi halaýardym. Öz alan hünär bilimim hem tebigat bilen gönüden bagly bolandan soň tebigatyň inçe syrlaryny öwrenmäge has hem gyzyklanýaryn. Tebigatyň her möwsümine görä suratyny almak gyzykly hem-de wajyp bolýar. Şonuň üçin hemişe meýdanlara Garagum sährasyna, daglara gezelenje çykyp ýabany haýwanlary surata almagy has hem halaýaryn. Şu ýylyň aprel aýynda Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň meýdanlarynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen çöl serçesini surata düşürmegi arzuw edip çäge çöllüge çykdym.  Ýol ugurlarda gyrymsy agaçly aklaň çägelikleriň arasynda dykgatly barlaglary geçirenimde çürçüri guşuna gabat geldim. Çürçüri Orta Aziýanyň endemigi, şeýle hem Garagum sährasynyň ornitologik nyşany hasaplanýar. Çürçüri oturymly guş, ýarymberkän, berkän çägeliklerde, seýrek çägeli takyrlyk meýdanlarda ýaşaýar. Ol aprel aýynda höwürtgeleýär we maý aýynda jüýjeleýär. Garagumyň käbir ýerlerinde “Çürçüri” ady bilen belli ýerler hem bar. Bu guşy surata düşürmek üçin birnäçe gezek amatly pursatlary gözleýärsiň, emma birden hem suratçynyň yhlasyny duýýan ýaly onuň golaýyňa gelenini duýmany galýarsyň, şeýlelikde ýakyndan bu enaýyja guşyň suratyny  düşürmek ugruna boldy. 
  Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen, şeýle hem Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň gyzyl sanawuna  girizilen çöl serçesini görmek we surata düşürmek üçin biziň ýurdumyza her ýylda daşary ýurtly syýahatçylaryň, alymlaryň gelýändigi barada ornitolog alym Eldar Rustamow gürrüň berdi. Çöl serçesi ýurdumyzda diňe Gündogar, Uňuzaňyrsy we Merkezi Garagumda hem-de Sandykly çölünde duş gelýär. Çöl serçesiniň ýaşaýan ýerleriniň bir bölegi Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň hem-de “Bereketli Garagum” döwlet tebigy goraghanasynyň  meýdanlaryny öz içine alýar. Onuň ýaşaýan ýerleri sözenli, selinli, çerkezli, gandymly aklaň çägelikler. Bu saparky iş maksadyma laýyklykda uly sözenlerde höwürtge gurýan çöl serçelerini ýakyndan synlamaga amatly pursatlar döredi. Guşlaryň golaýyna baranyňda olary bimaza etmezlik  üçin howatyrlanýarsyň. Şonuň üçin her bir suratçy hem bukurak ýerleri gözleýär. Uzak wagtlap sazaklyklaryň arasynda oturyp olaryň höwürtge gurşuny synlamagyň özi hem gyzyklydy. Şeýlelikde çöl serçesiniň 2 jübütine gabat geldim  hem-de  mäkiýanynyň we horazynyň ýakyndan  suratlaryny almaga amatly pursat döredi.  Çöl serçesi we başga-da ýabany haýwanlar barada 2026-njy ýylda surat enjamlaryň üsti bilen alnan takyk maglumatlar Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň ylmy we surat gaznasyny baýlaşdyrar. Surata düşürmegiň sungatyny ulanmak bilen türkmen tebigatynyň täsinliklerini, gözelliklerini her bir raýatlarymyz bilen paýlaşmak, galybersede dünýä ýüzüne görkezmek hem gyzyklanýan ugrumyzda işlemäge has-da höwes döredýär.

Atamyrat Weýisow, 
suratçy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04