Tebigat bilen Türkmen halysynyň arabaglanyşygy
33 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halyçylyk sungatyna berilýän goldawyň netijesinde ýurdumyzyň medeni mirasynyň iň gymmatly hazynasy bolan bu sungat kämillik derejesine çykarylyp, ösdürilýär. Türkmen halyçylyk sungaty özüniň gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýar. ”El hünäri il gezer” diýilişi ýaly, asyrlardan-asyrlara aşyp, gelin-gyzlarymyz tarapyndan sünnälenip dokalýan inçe sungatymyz öz nepisligi, mizemez owadan öwüşginliligi bilen tapawutlanyp, onda ata-babalarymyzyň taryhy we medeniýeti barada syrly, gymmatly maglumatlar jemlenýär.
Halyçylyk sungaty asyrlaryň dowamynda timarlanyp, nepislenip, kämilleşip gelýär. Munuň şeýledigine irki döwürde dokalan halylar bilen XX asyrda dokalan we XXI asyrda dokalýan halylary deňeşdirilende göz ýetirmek bolýar. Döwür özgerdigiçe, gelin-gyzlarymyzyň el hünäriniň görnüşleri hem kämilleşýär. Häzirki döwrüň talaplaryna laýyk edip dokalýan haly önümleri çitme we kakma görnüşlerinde dokalýar. Maglumatlardan görnüşi ýaly, häzirki döwürde türkmen haly we haly önümleriniň gadymy nusgalary dikeldilip, halylaryň hili, reňki, görnüşleri döwrebaplaşyp, göllerinde, nagyşlarynda ýagty reňkler ulanylyp, haly sungatynda uly ösüşlere, özgerişlere eýe bolunýar. Halyçylyk sungatynyň döremegine we kämilleşmegine ýardam beren esasy şertleriň birnäçesiniň keremli topragymyzda we tebigatymyzda jemlenendigini bellemek buýsançlydyr. Eziz watanymyzyň tugundaky haly göllerini synlanyňda hem tebigatyň owadan keşbini aňşyrmak mümkindir. Türkmen halysynyň milli aýratynlyklary, halynyň nagyşlarydyr-gölleri, onuň aňladýan manylary, alamatly nyşanlary, olaryň tebigat bilen berk baglanşygyny, ýüplükleriniň tebigy reňkler bilen boýalmagy arkaly aýdyň görkezilýär. Halylaryň nagyşlary tebigatyň owadanlygynyň soňlanmaýan waspyny çuň manyly ses bilen aýdýar. Türkmen zenany öz ýaşaýan tebigatyny köňül dünýäsine öwrüp, hala çitýär. Ynsanyň döreden gymmatlyklarynyň tebigy baglanşygyny häzirki wagt ylym hem, adaty ynsan aňy hem ykrar edýär. Şeýle gymmatlyk derejesine ýetmegiň owal akabasynda tebigat bar. Türkmen halylaryna täsin gözelligi bagyş eden gudrat hem tebigatdadyr. Halyda türkmen baharynyň täsin gözelligi, dag ýerinde dagy, çöl ýerinde çöli, derýasy-deňzi bolan tebigatyň durky janlanýar. Türkmen halysynyň çig maly hökmünde diňe saryja goýunlaryň ýazky gyrkymynyň ýüňünde işlenip taýýarlanýan has berk, maýyşgak, arassa ýüň ýüplük ulanylýar. Haly dokamak, onuň hiliniň ýokary, reňk öwüşginleriniň ajaýyp bolmagy üçin boýaglary taýýarlamagyň hem öz syrlary bolupdyr. Ene-mamalarymyz asyrlaryň dowamynda ösümliklerden reňk almakda baý tejribe toplap, ýokary hilli owadan halylary dokapdyrlar. Köz ýaly ýanyp duran gyrmyzy reňki diňe ak ýüňden alyp bolýar. Çal, goňur, açyk mele reňkleri bolsa gök we gara gyzyl boýaglara ýatyryp alynýar. Şol boýaglara reňklenen ýüplükden dokalan el halylar asyrlar geçsede könelmeýär, sarysy gitmeýär. Türkmen tebigatymyzda ösýän ösümlikleriň güýjini süňňüne siňdiren halylar ýyl geçdigiçe läle ýaly reňk saçýar, olaryň gölleriniň çyzygy ýekejede mizemeýär. Biziň toýlarymyzyň bezegi, ojaklarymyzyň mukaddesliginiň nyşany bolan Türkmen halysynyň baýramy her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde uludan bellenilip geçirilýär.
Ekologiýa gözegçilik gullugynyň Tehnologiýa we innowasiýa bölüminiň baş hünärmeni
Durdyýewa Sülgün