Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk: Ekologik çäre jemlendi
25 5-nji iýunda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli guralan «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologik çäre Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde üstünlikli dowam etdi. Bu barada guramanyň resmi saýtynda tebigatchy.co.tm habar berilýär.
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu çäräniň çäklerinde “Geçmişden geljege tarap eko ädimler” atly sergi guraldy. Sergide ekologiýa bilimi we tebigaty goramak ugrundaky möhüm işler hem-de taslamalar görkezildi. Döredijilikli we amaly häsiýete eýe bolan bu sergä ýurdumyzyň ÝUNESKO klublary, assosirlenen mekdepleri, döredijilik toparlary hem-de hususy telekeçileri işjeň gatnaşdylar.
Ekologik çäre degişli edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we halkara düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen adybir maslahat bilen dowam etdi. Maslahatyň dowamynda howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, suw diplomatiýasy, daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almak, ekologiýa howpsuzlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmek ýaly dünýä ähmiýetli meseleler boýunça çykyşlar diňlenildi. Çykyş edenler bu ugurlar babatda ýurdumyzda döwlet derejesinde alnyp barylýan yzygiderli we netijeli işlere aýratyn üns çekdiler.
Iki günlük ekologik çäräniň ahyrynda oňa işjeň gatnaşanlara guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Çärä gatnaşyjylar ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde, ekologik durnuklylygy hem-de daşky gurşawyň arassalygyny üpjün etmekde taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny beýan etdiler.