“Daşky gurşawy goramak, häzirki döwrüň möhüm wezipesi” atly maslahat

41
  Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde gurnamagynda ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenýän 5-nji iýun Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Daşky gurşawy goramak, häzirki döwrüň möhüm wezipesi” ady bilen Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň mejlisler zalynda maslahat geçirildi. Maslahaty Türkmenistanyň Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Berdimyrat Rozyýew alyp bardy. 
  Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň adyndan Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň, Ekologiýa gözegçilik gullugynyň, “Bereketli Garagum” döwlet tebigy goraghanasynyň işgärlerine sowgatlar gowşyryldy.

“Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” žurnalynyň baş redaktory 
Myratberdi Akyýew.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04