Durnukly ösüşiň bähbidine iň gowy ylmy taslamalar
43 5-nji iýunda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenistanyň Bilim, Oba hojalyk, Daşky gurşawy goramak ministrlikleri bilen bilelikde guramagynda «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ylmy taslamalaryň bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu bäsleşik Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek, talyplaryň döredijilik ukyp-başarnyklaryny, ylmy gözleglere, hünärine bolan höwesini artdyrmak maksady bilen, dördünji gezek guraldy.
Durnukly ösüş maksatlaryna bagyşlanan bäsleşigiň I tapgyryna ýurdumyzdan hem-de Azerbaýjandan, Bangladeşden, Belarusdan, Eýrandan, Gazagystandan, Hytaýdan, Malaýziýadan, Özbegistandan, Pakistandan, Rumyniýadan, Russiýadan, Türkiýeden 150-ä golaý iş hödürlenip, olar eminler topary tarapyndan içgin seljerildi. Netijede, onuň II tapgyryna 45 sany ylmy taslamanyň awtorlary gatnaşdylar.
Ikinji tapgyryň netijeleri boýunça 28 ylmy taslamanyň awtorlary ýeňiji diýlip yglan edildi. Olaryň 8-si daşary ýurtlaryň, 20-si ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň işleridir. Netijede, birinji orna 5, ikinji orna 9, üçünji orna 14 ylmy taslama mynasyp boldy. Şeýle-de, 14 talyba höweslendiriji baýrak gowşuryldy.
1-nji orna mynasyp bolan taslama işleri balary maşgalalarynyň biologik işjeňliginiň esasynda energoüpjünçilik ulgamyny taslamalaşdyrmak, alyç we ýandak ösümliklerini peýdalanyp, ýürek-damar keselleriniň birnäçesini bejermegiň tehnologiýasy, suw geçiriji akabalarda suwuň syzylmalaryna garşy ýerli gurluşyk materiallaryny ulanmak, beýi ýapragynyň hem-de onuň demlemesiniň melhemlik häsiýetleri, Garagum derýasynyň, şor suw akabalarynyň ugry boýunça innowasion tehnologiýaly gök önümçilik zolagyny döretmek bilen baglanyşyklydyr.
Baýrakly orunlara mynasyp bolanlaryň hatarynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň, Gürgen oba hojalyk ylymlary we tebigy serişdeler uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Belarus döwlet oba hojalyk akademiýasynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, «W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersiteti» federal döwlet býujet ýokary bilim edarasynyň wekilleri bar.
Ýeňijileri sylaglamak dabarasyna gatnaşyjylar uniwersitetiň Medeniýet merkezinde ylmy-taslamalar, ýurdumyzda daşky gurşawy, biodürlüligi goramak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrýan sergä tomaşa etdiler. Dabarada ýokary okuw mekdebiniň «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňleri aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Olarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhy joşguny öz beýanyny tapyp, beýik ösüşleriň waspy ýetirildi. Oňa gatnaşyjylar şeýle giň gerimli ylym-bilim özgertmeleriniň başynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.
Rahmanberdi GÖKLEŇOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň esasy hünärmeni.