ÇÖL ÝERLERINIŇ TOPRAK-EKOLOGIÝA GÖZEGÇILIGINIŇ KONSEPSIÝASY
29 Ekologiýa monitoringi tebigy gurşawyň ýagdaýyna gözegçilik etmegiň häzirki zaman usullarynyň biri bolup, ol daşky gurşawyň ýagdaýynyň üýtgeýşine baha bermek we çaklamak, tebigy hadysalaryň ýagdaýyna, şol üýtgeşmeleriň antropogen düzüjilerini kesgitlemek maksady bilen döredilen gözegçiligiň habar beriji ulgamydyr. Maglumat ulgamlarynyň döredilmeginiň esasy maksady – bu daşky gurşawyň ýagdaýy şeýle hem tebigy we antropogen faktorlarynyň täsiri astynda fiziki we biotiki düzüjilerinde bolup geçýän üýtgeşmeleri barada ygtybarly maglumatlary almakdyr.
Toprak-ekologiýa gözegçiligi şu aşakdaky meseleleri çözýär:
− başlangyç maglumatlaryň ýygnalmagy, onuň toplanmagy, ulgamlaşdyrylmagy, derňewi we maglumatlar binýadynyň döredilmegi;
− maglumatlaryň gaýtadan işlenilmegi we olaryň dürli tablisalar, grafikler we tematiki kartalar görnüşinde berilmegi;
− daşky gurşawyň häzirki ýagdaýyna baha bermek we çaklamak, başlangyç maglumatlary almagyň usullarynyň işlenip düzülmegi hem-de kämilleşdirilmegi;
− toprak ýagdaýynyň üýtgemeginiň mümkinçiliklerini we gözegçiligiň sebäplerini seljermek;
− zerur maglumatlar bilen ähli gyzyklanýan taraplary operatiw (gysga wagtyň içinde) üpjün etmek.
Toprak-ekologiýa gözegçilik ulgamlaryny gözegçilikleriň usullary boýunça toparlara bölmekde uzak aralykdan, biologiki, fiziki we himiki gözegçilikleri tapawutlandyrylýar:
− uzak aralykdan gözegçilik, derňewiň obýekti bilen gös-göni aragatnaşykda bolman, surata alyş enjamlarynyň kömegi bilen, toprak-ösümlik örtüginiň ýüzünden ýagtylyk signalynyň serpikdirijilik ukybyny ulanmak arkaly amala aşyrylýar;
− biologiýa gözegçiligi bioindikatorlaryň kömegi bilen amala aşyrylýar (ýagny, olaryň barlygyna, ösüş ýagdaýyna we fiziologiýa aýratynlyklaryna görä, daşky gurşawdaky üýtgeşmelere baha berilýär);
− fiziki gözegçilik – bu fiziki prosesleriň we hadysalaryň tebigy gurşawa edýän täsirine gözegçilik etmek ulgamydyr (suw joşgunlygy, wulkan hadysasy, ýer titremesi, sunami, gurakçylyk, topragyň ýuwulmagy we ş.m.);
− himiki gözegçilik – bu himiki düzümine gözegçilik (atmosferanyň tebigy we antropogen gelip çykyşyna, ygalyň, ýerüsti hem ýerasty suwlarynyň, umman hem-de deňiz suwlarynyň, topraklaryň, düýpdäki çökündileriň, ösümlikleriň, haýwanlaryň, himiki hapalaýjy maddalaryň ýaýramagyna gözegçilik) ediş ulgamydyr.
Uzak aralykdan gözegçiligi ösdürmek maksady bilen, topragyň we toprak-ösümlik örtüginiň uzak aralykdan toprak-ekologiýa gözegçiliginiň konsepsiýasy işlenip düzüldi. Bu konsepsiýanyň esasyna aşakdaky ýörelgeler girýär:
− topragyň iň gowşak häsiýetlerine, ýagny topragyň gurplulygynyň ýitmegine, ösümlik önümliliginiň hiliniň peselmegine, toprak-ösümlik örtüginiň zaýalanmagyna gözegçilik edýän ulgamynyň esasy bölegi, bu kosmiki, awiasiýa we ýerüsti bazaly giperspektral surata alýan enjamdyr;
− toprak-ösümlik örtüginiň wajyp hasyllylyk görkezijilerine hemişelik gözegçilik, giperspektral kosmiki suratlarynyň awtomatlaşdyrylan anyklaýyş usullarynyň ulanylmagy arkaly amala aşyrylýar;
− topragyň häsiýetleriniň ýaramaz üýtgeşmeleriniň irki diagnostikasy, biologiýa barlaglaryň, morfologiýa gözegçilikleriň, toprakdaky turşulykaşgarlaryň, okislenme-dikeldişi we suw-duz kadalarynyň derňewi arkaly kesgitlenýär;
− toprak prosesleriniň möwsümleýin dinamikasyna gözegçilik etmek usullarynyň işläp düzülmegi, uzak möhletleýin antropogen täsirleriň netijesinde topragyň häsiýetleriniň üýtgeýşine baha bermek, şeýle hem garaşylýan hasyly çaklamak we oba
hojalyk ekinleriniň ösüşini sazlamak spektral maglumatlarynyň derňewi esasynda amala aşyrylýar;
− antropogen täsirleri bilen bozulmadyk ýerlerde topragyň ýagdaýyna gözegçilik etmek (görnüş gözegçiligi).
Toprak-ekologiýa gözegçiliginde uzak aralykdan ölçemek (distansion) usullarynyň ulanylmagy, topragyň ýagdaýyna gözegçilik etmek, onda bolup geçýän hadysalara, olaryň üýtgemeleriniň dinamikasyny görkezýän uly göwrümli maglumat banklaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Topragyň ýagdaýyna gözegçilik etmekde, ýerüsti we uzak aralykdan gözegçilikler utgaşdyrylyp ulanylsa has oňat netijeleri berer. Ýerüsti gözegçiliginde, toprak nusgalary we onuň spektral derňewleri, deňeşdirmede etalon hökmünde ulanylýar.
Uzak aralykdan çöl ýerleriniň toprak-ekologiýa gözegçiliginiň awtomatlaşdyrylan ulgamy, toprak spektrometriýa usullaryny ulanmak arkaly aşakdaky toprak görkezijileri boýunça döredilýär:
− topragyň gurplulygy (topragyň üstki böleginde çüýrüntgileriň mukdary);
− toprakdaky bar bolan yzgar;
− gurakçylyk, çölleşmek;
− ösümlik örtügüniň ýagdaýy;
− toprak-ösümlik örtüginiň zaýalanma derejesi;
− toprakda organiki uglerodyň saklanyşy;
− toprak örtügüniň görünýän ýakyn infragyzyl (Vis-NIR), spektryň infragyzyl (NIR) bölegi, tolkun uzynlyklarynyň orta diapazonynda (MIR) serpikme ukyby.
Uzak aralykdan toprak-ekologiýa gözegçiliginiň işlenip düzülen konsepsiýasy Türkmenistanyň çägindäki toprak-ösümlik örtüginiň ýagdaýy hakynda sanly Geomaglumat banklaryny awtomatlaşdyrylan usulda döretmäge mümkinçilik berer. Işlenip taýýarlanan konsepsiýanyň ösüş maglumatlary Türkmenistanyň çägindäki tebigy landşaftlaryň toprak-ösümlik örtüginiň ekologiýa gözegçiliginiň Sanly Milli maksatnamasyny döretmekde esasy binýat bolup hyzmat eder.
Kakabaý Annaniýazow,
Bahar Muhammetnyýazowa,
Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty
Serdar Hudaýnazarow,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti