SAGDYN EKOULGAMLARYŇ GORAGYNDA
45 Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan halkara giňişlikde sebit we dünýä ähmiýetli başlangyçlar bilen işjeň çykyş edýär. Umumadamzat bähbitlerini nazarlaýandygy, ählumumy abadançylygy, parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilendigi üçin şol başlangyçlar halkara jemgyýetçilikde gyzgyn goldawa, giň ykrarnama eýe bolýar. Ekologiýa diplomatiýasy hem hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň hoşniýetli daşary syýasatynyň işjeň halkara başlangyçlar öňe sürülýän ugurlarynyň hataryndadyr. Döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde eden çykyşynda aýdyşy ýaly, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjyny-da öňe sürýär. «Şeýle merkeziň döredilmegi sebit mümkinçiliklerini birleşdirmäge, daşky gurşawy goramak ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berer, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga, hususan-da, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we gury ýeriň ekoulgamlaryny gorap saklamak işine saldamly goşant goşar» diýip, hormatly Prezidentimiz şol çykyşynda belledi.
Çölleşme — bu ählumumy ekologik we durmuş-ykdysady meseledir. Dünýä möçberli ekologik meseleleriň arasynda çölleşme hadysalaryna aýratyn orun degişlidir. Berlen bahalar boýunça çölleşmegiň ýüze çykmagynyň has ähtimal aýtymy bolan gurak ýerler gury ýeriň 47,5 göterimine golaýyny tutýar. Çölleşmek organiki ýaşaýşyň ähli görnüşleriniň tapdan düşmegine, gurak ekoulgamyň weýran bolmagyna getirýän fiziki-geografik we adamyň öz döreden (antropogen) hadysalarynyň jemidir.
Dünýä derejesinde ilkinji gezek çölleşmä garşy göreşmek meselesine 1977-nji ýylda Naýrobide geçirilen BMG-niň maslahatynda seredildi. 1992-nji ýylda Rio-de-Žaneýroda geçirilen daşky gurşaw we ösüş boýunça halkara maslahat çölleşmä garşy göreş baradaky ählumumy konwensiýany taýýarlamagyň gerekdigi hakynda ösýän ýurtlaryň teklibini kabul etdi. Eýýäm şol ýylyň dekabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasy agzalan konwensiýany işläp taýýarlamak üçin gepleşikleriň alnyp barylmagy boýunça edara binasy Ženewada ýerleşýän hökümetara komiteti döretdi. Köp sanly halkara, sebitleýin we milli guramalaryň, edaralaryň, alymlaryň, hünärmenleriň umumy tagallalary netijesinde konwensiýa taýýarlanylyp, 1994-nji ýylyň iýun aýynyň 17-sinde kabul edilýär. Şeýlelikde, şol gün «Çölleşmä garşy göreşmegiň bütindünýä güni» diýlip yglan edilýär.
BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek baradaky konwensiýasynyň esasy maksatlary adam täsiri netijesinde bolup geçýän çölleşme hadysasynyň öňüni almakdan, zaýalanan ýerleriň biologik önümliligini gaýtadan dikeltmekden, ýer we suw baýlyklaryny rejeli peýdalanmakdan ybaratdyr. Garaşsyz ýurdumyz bu konwensiýa 1995-nji ýylda goşuldy, 1996-njy ýylda bolsa Türkmenistanyň Mejlisi ony tassyklady. Konwensiýa amal edilmeginiň çäklerinde, Türkmenistanda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Olaryň arasynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek, öri meýdanlary dikeltmek ýaly işler hem wajyp ähmiýete eýedir.
Merkezi Aziýa sebitinde ilatyň 60 göteriminiň azyk üpjünçiligi we girdejililigi oba hojalygy pudagy bilen baglydyr. Häzirki wagtda suwarymly ekerançylyk ýerleriniň ikilenç şorlaşmagy iň howply ekologik hadysalaryň birine öwrüldi. Ýerleriň ikilenç şorlaşmak hadysasy diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, dünýäniň birnäçe ýurtlarynda oba hojalyk landşaftlarynyň çölleşmegine getirýän hadysalaryň biridir. Şu nukdaýnazardan, şorlaşan ýerleri fitomeliorasiýa usulynda dikeltmegiň tehnologiýasyny işläp düzmek iň wajyp meseleleriň biridir.
Ýurdumyzda 1996-njy ýylda çölleşmä garşy göreş baradaky hereketleriň taglymatyny we baş ugruny işläp taýýarlamak boýunça degişli iş topary döredilipdi. Çölleşmä garşy göreş baradaky hereketleriň Milli maksatnamasyny işläp taýýarlamak üçin jogapkärçilik şol wagtky Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Çöller institutynyň (häzirki Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň) üstüne ýüklenilipdi. 1997-nji ýylda maksatnamanyň ilkinji görnüşi işlenilip taýýarlanyldy. Maksatnamanyň çäklerinde bu mesele bilen baglanyşykly köp işler ýerine ýetirildi. Türkmenistan çölleşmegiň meseleleri boýunça halkara guramalaryň hem köpüsi bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar.
Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty tarapyndan degişli işler dowamly durmuşa geçirilýär. Institutyň biodürlülik laboratoriýasynyň ylmy işgärleri giň gerimli ylmy-barlag işlerini alyp bardylar. Olar Daşoguz welaýatynyň çäklerinde fitomeliorant ösümlikleri şorlaşan ýerlerde ösdürip ýetişdirmek bilen, meýdan şertlerindäki tejribe-synag işlerini geçirdiler. Bu ösümlikler, şol sanda süýji buýan kösükliler maşgalasyna degişli bolup, köklerinde atmosferadaky azody toplaýan bakteriýalar ornaşýarlar. Buýanyň kökündäki bu bakteriýalar ösümlikleriň özlerini we olaryň üsti bilen topragy atmosferanyň azody bilen baýlaşdyrýar we gurplandyrýar. Aýratyn bellemeli ähmiýetli taraplarynyň biri hem buýanyň köki ýerasty şor suwlaryň ýerleşýän derejesini aşaklatmaga we şorlaşan ýerlerde ösmäge ukyplydyr. Ylmy-barlag işleri ýokary tehnologik usulyýetlerde alnyp baryldy. Olara Türkmen oba hojalyk institutynyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň ýaş alymlary hem işjeň gatnaşdylar. Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň alymlary bu ugurda ýaş alymlary taýýarlamakda ylmy ýolbaşçylygy öz üstüne aldy. Häzirki wagta çenli bu ugurda ylmy-amaly gollanmalar taýýarlanyldy we çapdan çykdy.
Ýurdumyzyň gurak şertlerinde emeli usulda, adam eli bilen döredilen tokaý zolaklarydyr seýilgähleri çölleşmä garşy göreşmekde möhüm we gymmatly ekologiýa serişdesidir. Gök zolaklary, öri meýdanlary dürli oňaýsyz täsirlerden, şol sanda zyýan beriji mör-möjeklerden goramak, olara garşy himiki serişdeleriň ulanylmagyny çäklendirýän çemeleşmeleri önümçilige ornaşdyrmak we baglary sagdyn saklamak çölleşmä garşy göreşmek boýunça konwensiýanyň ýerine ýetirilmegine uly goşantdyr.
Tokaý zolaklaryny we öri meýdan ösümliklerini mör-möjekleriň zyýanly täsirinden goramak maksady bilen, milli institutda düýpli ylmy barlaglar geçirilýär. Zyýan berijileriň görnüş düzümi anyklanylýar, howanyň üýtgeýän şertlerinde olaryň ösüş aýratynlyklary öwrenilýär. Barlaglaryň netijesinde, tokaýlara we öri meýdan ösümliklerine zyýan ýetirýän mör-möjeklere, has takygy, çekirtgelere we şirejelere garşy göreş çärelerini ekologiýa taýdan howpsuz we ykdysady tarapdan amatly usulda geçirmek boýunça 4 sany ylmy-amaly gollanma işlenip düzüldi. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi ol gollanmalary çap edip, degişli döwlet edaralaryna, ýokary okuw mekdeplerine önümçilikde ulanmak üçin paýlap berdi. Häzirki wagtda hem alymlarymyz bu ugurdaky işlerini dowam edýärler.
Milli institutyň çölleşmegiň monitoringi we çägeleri berkitmek barlaghanasy tarapyndan çölleşmä garşy göreş hakyndaky konwensiýanyň çäklerinde ýurdumyzda ençeme çäreler durmuşa geçirildi. Şol sanda Garagumuň çäginde gurulýan we abadanlaşdyrylýan inženerçilik desgalaryny çägäniň syramagyndan we ýeliň köwmeginden goramak babatda köp sanly çäreler amala aşyryldy.
Tokaýlaryň we öri meýdanlaryň ekologiýasy barlaghanasynyň ylmy-barlag işleriniň netijesinde, Merkezi Garagumda hoz-miweli ekinleri ýetişdirmegiň nazaryýet esaslary we ylmy taýdan esaslandyrylan teklipler taýýarlanyldy. Hoz-miweli ekinler ösdürilip ýetişdirilende, duzlulyk derejesi ýokary bolan zeý-akaba suwlary we ýerasty suwlaryň ätiýaçlyklary ulanyldy.
Hoz-miweli ösümlikleri çöl şertlerinde ösdürip ýetişdirmegiň esasy agrotehniki usullarynyň biri olara organiki-mineral dökünleriň berilmegidir. Şeýle ekinleriň ýokary uýgunlaşyş aýratynlyklaryna eýedigine göz ýetirildi. Olar täze şertlere uýgunlaşmasyny üstünlikli başdan geçirýärler. Olary Merkezi Garagumda ýeňil çägeli topraklarda ösdürip ýetişdirmek üçin teklip edip bolýar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň çöl şertlerinde miweli ekinleri ösdürip ýetişdirmek boýunça mümkinçilikleriň bardygy anyklanyldy.
Institutyň ylmy-tehniki maglumatlar we taslamalar bölüminiň ylmy-barlag işleri, esasan, Aşgabadyň günortasynda, Merkezi Köpetdagyň eteginde döredilen tokaý zolaklarynda geçirilýär. Tokaýlaryň toprak-howa şertlerine edýän täsiri we geljekde olary durnukly dolandyrmak boýunça usullar öwrenilýär. Barlag işleri pürli we ýaprakly tokaýlarda hem-de açyk tokaýsyz meýdanlarda alnyp barylýar. Ýurdumyzda tokaýçylygy we tokaý hojalygyny ösdürmekde, tokaýlaryň toprak-howa şertlerine edýän täsirini öwrenmekde, olary durnukly dolandyrmakda ylmy-barlag işleriniň geçirilmegi örän wajypdyr. Tokaý zolaklarynyň tebigaty baýlaşdyrmakda, adamlaryň abadan ýaşamagyna amatly howa şertlerini döretmekde, toprak bozulmalarynyň öňüni almakda, suw gorlaryny arassa saklamakda we goramakda, oba hojalygyny ösdürmek üçin ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakda uly ähmiýeti bardyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda bu babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Her ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde ählihalk bag ekmek çäreleriniň geçirilmegi bolsa indi asylly däbe öwrüldi. Ýeri gelende, hormatly Prezidentimiziň ýakynda gol çeken degişli Karary bilen, «Türkmenistanyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň» hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanylandygyny hem bellemek gerek. Tokaýlaşdyrmak babatda alnyp barylýan tutumly işler Türkmenistanyň daşky gurşawy gorap saklamak, ekologik abadançylygy üpjün etmek baradaky halkara başlangyçlaryndan, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasyndan, çölleşmä garşy göreşmek, biologik dürlülik bilen bagly halkara hukuk resminamalaryndan gelip çykýan borçnamalarynyň, ýurdumyzyň howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine uly itergi berýär. Daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmek babatdaky tagallalar, bu ugurda alnyp barylýan ylmy barlaglar hormatly Prezidentimiziň ekologiýa syýasatynyň, şol sanda çölleşmäniň öňüni almak boýunça işleriň netijeliliginiň aýdyň güwäsidir.
Pirli KEPBANOW,
Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň direktory.