ÝAŞYL SYÝASATYŇ TÄZE BELENTLIGI!

25
  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda arassa daşky gurşawy döretmek, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek we bagy-bossanlyga öwürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Geçirilýän bu işleriň esasy maksady tokaý zolaklarynyň tutýan meýdanyny artdyrmak arkaly halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy aýawly peýdalanmakdan we geljekki nesillerimize ýetirmekden, şeýle hem bu ugurda sebit we halkara derejelerinde ysnyşykly hyzmatdaşlygy alyp barmakdan ybaratdyr.
   Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak syýasaty täze, hil taýdan has ýokary basgançaga galdyrylýar. Häzirki wagtda ählumumy derejede ýüze çykýan howanyň üýtgemegi we onuň netijeleri ekoulgamlaryň durnuklylygyny saklamakda çalt we ylmy esasly çäreleriň görülmegini talap edýär. Şu maksat bilen, 2026-njy ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken taryhy Karary bilen «Türkmenistanyň 2026–2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
Hormatly Prezidentimiziň bu maksatnamany kabul etmegi – biziň mukaddes topragymyzyň gadyr-gymmatyny bilmek, ata-babalarymyzdan miras galan gözel tebigatymyzy geljekki nesillere has barly, has gözel we arassa görnüşde gowşurmak baradaky edýän taýsyz tagallalarynyň aýdyň subutnamasydyr. Maksatnamanyň iň döwrebap aýratynlygy onuň sanly ulgam bilen utgaşdyrylmagydyr. Bu bolsa tebigaty goramakda ylmyň iň soňky gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagydyr.
  Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde gysga wagtyň içinde Diýarymyzyň ähli künjeklerinde, aýratyn hem paýtagtymyz Aşgabat we Arkadag şäherleriniň golaýyndaky dag eteklerinde müňlerçe gektary tutýan tokaý zolaklary döredildi hem-de bu ýerlerde amatly howa gurşawynyň emele gelmegine ýardam edildi.
  Ýurdumyzda alnyp barylýan ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlamaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilendir. Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, rejeli peýdalanmak, ekologiýa taýdan arassa täze tehnologiýalary, ýaşyl ykdysadyýeti, sanly ulgamy ornaşdyrmak, ýurdumyzda we sebitde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
 Türkmenistanyň döwlet syýasaty «Döwlet adam üçindir!» diýen belent ýörelgä esaslanýar. 2026–2030-njy ýyllaryň Milli tokaý maksatnamasynyň hem esasy özeni ýurdumyzyň raýatlarynyň ekologik taýdan arassa we howpsuz gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden ybaratdyr.
  Döwletimiz tebigaty goramak bilen, aslynda öz halkynyň gelejegini goraýar. Şäherlerimiziň daşyny gurşap alýan bagy-bossanlyklar, dag eteklerindäki jeňňellikler, Aral sebitindäki ýaşyl galkanlar — bular geljekki nesillere galdyrylýan iň gymmatly we iň mukaddes mirasdyr.
  Döwlet Baştutanymyzyň gol çekýän her bir taryhy maksatnamasy halkymyzyň ertirki güne bolan ynamyny has-da berkidýär, her birimize täze ylham we güýç-kuwwat berýär.
  Tebigaty söýmek we ony goramak — Watany söýmekdir.             2026-2030-njy ýylyň Milli tokaý maksatnamasy, ynsanyň tebigata bolan perzentlik borjuny döwlet derejesinde belent mertebä galdyrýar. Bu mukaddes wezipäni üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistan özüniň durnukly, sagdyn we asuda gelejegini gurýar. Arkadag şäheriniň Daşky gurşawy goramak müdirliginiň her bir işgäriniň hem bu ugurda alyp barýan işleri halkymyzyň saglygynyň we bagtyýarlygynyň bähbidine gulluk edýär.
 Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda ýaş nesillere terbiýe bermegiň ähmiýetine aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyz bu gymmatly eserinde ekologiýa, tebigata söýgi terbiýesini öňe sürmek bilen, şol möhüm wezipäniň ýaşlarda watançylyk terbiýesiniň kemala gelmegine ýardam edýändigini nygtaýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, tebigat ynsana diňe bir ýaşaýyş gurşawy däl-de, eýsem ruhy güýç we ylham çeşmesidir. Ynsanyň tebigat bilen sazlaşykda ýaşamagy onuň iki dünýäsini baýlaşdyrýar. Tebigaty söýmek ony diňe synlamak däl, eýsem ony gözüň göreji ýaly gorap saklamak, Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek tebigata bolan iň uly söýgüdir. 
 Mukaddes türkmen topragynyň her bir dury çeşmesinde, daglarynyň belentliginde, sähralarynyň giňliginde we şäherlerimizi gurşap alýan ýaşyl tokaýlyklaryň her bir ýapragynda mähriban Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çäksiz zähmeti, pähim-paýhasy bar. Tebigat — ýaşaýşyň gözbaşy bolsa, şol tebigaty bossanlyga öwürmek, goramak we geljekki nesillere miras galdyrmak döwletlilik sütünidir.
 Ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegi, tebigatymyzyň gözelligi we halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda gijesini gündiz edip zähmet çekýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

A.Arabaliýewa 
Arkadag şäheriniň Daşky gurşawy goramak müdirliginiň bölüm müdiri 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04