Daşky gurşawy goramak ulgamynda GIS ulgamyny kämilleşdiriş okuwy
24 Ýurdumyzyň gözel tebigatyny gorap saklamak we tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak babatda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyndaky edara kärhanalarda zähmet çekýän hünärmenleriň arasynda yzygiderli hünär bilim derejelerini ýokarlandyrmakda okuw maslahatlary gurnalýar. 2026-njy ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň ýygnak zalynda «GIS-iň esaslary we Kartografiýanyň döwrebap gurallary» atly okuw maslahaty geçirildi. Bu okuw maslahatynyň esasy maksady döwlet tebigy goraghanalaryň we tokaý hojalyklaryň hünärmenleriniň sanly kartografiýa ulgamy boýunça bilimlerini kämilleşdirmäge hem-de tebigaty goramak tejribesine döwrebap geomaglumatlar ulgamlaryny (GIS) ornaşdyrmaga gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak müdirliginiň başlygynyň orunbasary M. Dosow okuw maslahatynyň geçirilmeginiň örän wajypdygy hem-de geomaglumatlar ulgamlary boýunça usulyýetleri özleşdirmegiň zerurlygy barada çykyş etdi. Ýurdumyzyň aýratyn goralýan çäklerini we tebigy tokaý meýdanlaryny netijeli dolandyrmakda we kartalaşdyrmakda sanly giňişlik maglumatlaryny utgaşdyrmak möhüm işleriň biridir.
Okuw maslahaty amaly-tejribe esasda geçirildi. GIS-hünärmen Begenç Mämmedow ýolbaşçylygynda okuw maslahatyna gatnaşyjylar iki sany: Google Earth Pro we SAS Planet ugurlary barada giňişleýin usulyýetleri özleşdirdiler, Geomaglumatlaryň hem-de kartalaşdyrmagyň elýeterli hem-de netijeli usullaryna esasy üns berildi.

Google Earth Pro ulgamy: hünärmenler meýdanlaryň ýerleşýän ýerleriniň belliklerini döretmegi we dolandyrmagy, aralyklary we meýdanlary ölçemegi, şeýle hem ýollary, köpburçluklary çyzmagyň we karta-suratlary goýmagyň. Şeýle hem ýazgylaryny ýazmagyň usullaryny özleşdirdiler,
SAS Planet ulgamy: günüň ikinji ýarymynda gatnaşyjylar bu programmanyň artykmaçlyklaryny seljerdiler, zerur bolan çäkleriň meýdanlarynyň maglumatlaryny kesgitlemekde dürli bellikleri ulanmagy özleşdirdiler. Okuw maslahatynda giňişlik belliklerini dolandyrmak, maglumat bukjalaryny döretmek we maglumatlaryň takyk suratlaryny almakda usulyýetleri öwrendiler. Şeýle hem kartalary çyzylan meýdanlary we başga maglumatlary resmileşdirmegiň usulyýetlerini öwrendiler.
Amaly-tejribe esasda geçirilen okuw maslahaty işjeň ýagdaýda geçdi, sorag jogaplar alşyldy. Esasan hem döwlet tebigy goraghanalaryň hünärmenleri geomaglumatlar ulgamynyň öz işlerinde zerurlygyny bellediler, tebigy baýlyklary ylmy tarapdan öwrenmekde bu geçirilen okuw sapagynyň ähmiýetini bellediler.