Aşgabatda toplumlaýyn suw serişdelerini dolandyrmak we pudagara hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
27 Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Serhetüsti suw akymlaryny we halkara köllerini goramak hem-de peýdalanmak boýunça Konwensiýasynyň güýje girmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan pudagara maslahat göni we onlaýn görnüşde geçirildi. Ilkibaşda sebit hukuk guraly hökmünde döredilen bu Konwensiýa soňra ählumumy häsiýete eýe boldy. Merkezi Aziýada onuň düzgünleri Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG), Ýörite maksatnama (SPECA) hem-de suw meseleleri boýunça ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde ulanylýar.
Maslahat Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň guramaçylyk goldawy bilen geçirildi. Oňa agyz suwy bilen üpjünçilik, suwaryş ekerançylygy, lagym suwlaryny arassalamak, tebigy suw ekoulgamlaryny goramak hem-de gidrotehniki desgalary ulanmak ugurlarynda işleýän edaralaryň we guramalaryň hünärmenleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň wekilleri çöl meýdanlary giň orun tutýan we esasy suw serişdeleri serhetlerden daşarda emele gelýän Türkmenistan üçin halkara hyzmatdaşlygynyň aýratyn ähmiýete eýedigini bellediler. Ýurtda suw serişdeleriniň ylalaşylan sebit paýnamalary esasynda ulanylýandygy, suw hojalyk düzümini ösdürmek we suw serişdelerinden netijeli peýdalanmagy ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň dowam etdirilýändigi nygtaldy.
Duşuşygyň esasy maksady Türkmenistanda toplumlaýyn suw serişdelerini dolandyrmakda pudagara çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Suwaryş ulgamyny ösdürmek, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak hem-de suw hojalyk toplumyny dolandyrmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak boýunça amaly tekliplere aýratyn üns berildi. Şeýle hem hukuk taýdan düzgünleşdirmek, sanitariýa-epidemiologik howpsuzlyk, suw hojalygy pudagyny döwrebaplaşdyrmak, suwlary arassalamak we gaýtadan peýdalanmak ulgamyny kämilleşdirmek, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ösdürmek bilen baglanyşykly çykyşlar diňlenildi.
Maslahata gatnaşyjylar sebit hyzmatdaşlygy, suw pudagyny sanlylaşdyrmak hem-de howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Sanly çözgütleriň, usuly gollanmalary taýýarlamagyň we suw serişdelerini dolandyrmak babatda maglumat goldawyny giňeltmegiň möhümdigi bellenildi. Pudagara we döwletara utgaşdyrylyşyň mundan beýläk hem berkidilmeginiň suw serişdelerini durnukly dolandyrmakda we sebitiň suw howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm şert bolup durýandygy nygtaldy.
BMG-niň ÝYK-nyň Suw konwensiýasynyň wekilleri maslahaty gurandygy üçin Türkmenistana hoşallyk bildirip, suw serişdelerini dolandyrmagyň hukuk we tehniki mehanizmlerini kämilleşdirmek ugrunda sebit dialogyny dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler.
Gülnabat JUMAMYRADOWA,
Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty