Köýtendagyň täsin gowaklaryny we kanýonlaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň sanawyna girizmek ugrunda
51 2026-njy ýylyň 23-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginde Tebigaty goramak boýunça Mihael Zukkow gaznasynyň, Conservation X Labs guramasynyň, Slowak speleologiýa jemgyýetiniň, Gumboldt adyndaky Berlin uniwersitetiniň, Özbegistan Respublikasynyň Ekologiýa we klimatyň üýtgemegi boýunça milli komitetiniň, Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Zoologiýa institutynyň, ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň wekilleriniň gatnaşmagynda gibrid görnüşinde duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň maksady «Köýtendag karstlary, kanýonlary we gowaklary» atly hödürnamany ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň transmilli obýekti hökmünde taýýarlamagy, obýekti hödürlemek boýunça Ýol kartasynyň häzirki ýagdaýyny, meýdan ekspedisiýalarynyň netijelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
Halkara bilermenler tarapyndan 2026-njy ýylyň ýazynda Köýtendag (Türkmenistan) we Surhan (Özbegistan) döwlet tebigy goraghanalarynda geçirilen meýdan ekspedisiýalarynyň netijeleri bilen tanyşdyryldy. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen dünýäniň beýleki ýurtlaryndaky dinozawrlaryň yzlarynyň suratlary görkezildi we olaryň Türkmenistandaky yzlar bilen deňeşdirme häsiýetnamasy berildi. Şeýle hem Türkmenistanyň we Özbegistanyň halkara derejede ykrar edilmegi üçin möhüm ähmiýete eýe bolan gowaklarynyň suratlary görkezildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar Deslapky bahalandyrma (Preliminary Assessment) baradaky haýyşnamany taýýarlamagyň barşyny, şol sanda obýektiň serhetlerini kesgitlemegi, esasy aýratynlyklaryny we atributlaryny tapawutlandyrmagy, esasy howplary seljermegi, dolandyryş meselelerini, şeýle hem resminamalary ylalaşmagyň we ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň komitetine gowşurmagyň tertibini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.
Deslapky sanaw (Tentative List) 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda iki ýurt tarapyndan hem Bütindünýä mirasynyň komitetine üstünlikli girizildi. Konwensiýanyň täzelenen Amaly gollanmasyna laýyklykda, gatnaşyjy döwletler doly nominasiýa dosýesini gowşurmazdan ozal Deslapky bahalandyrma tapgyryndan geçmelidirler. Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň (IUCN/TGHB) hünärmenleriniň oňyn netijenamasy alnandan soňra, ýurtlar doly mazmunly dosýeni jemleýji resmileşdirmäge we tabşyrmaga girişip bilerler.
Milli hünärmenler M. Zukkow gaznasynyň halkara maslahatçylary we özbek hünärmenleri bilen bilelikde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasyny goramak boýunça Konwensiýasynyň täze talaplaryny göz öňünde tutup, mundan beýläk-de bilelikdäki işleri dowam etdirerler.