TÜRKMENISTANYŇ DAŞKY GURŞAWY GORAMAK MINISTRI ISPANIÝANYŇ MOSKWADAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞDY

123
2025-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Ispaniýanyň Moskwadaky ilçisi jenap Rikardo Martineziň ýolbaşçylygynda wekiliýet Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministri bilen duşuşdylar. Duşuşykda jenap ilçi türkmen tarapy ýetip gelýän Halkara Bitaraplyk güni bilen mähirli gutlady hem-de mähirli garşylama üçin minnetdarlygyny bildirdi. Duşuşygyň dowamynda daşky gurşawy goramak, çölleşmä garşy göreşmek, hem-de plastik zyňyndylar boýunça ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda Hormatly Prezidentimiziň BMG-nyň assambleýasynda öňe süren Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjy boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň ahyrynda taraplar biri birlerine minnetdarlyklaryny bildirdiler. 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04