Diýarymyzy Bagy-Bossanlyga Öwürmek Ekologiýa Taýdan Dolandyryş Kadalary

23
  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli kanunçylygy kämilleşdirmek, ykdysadyýetimizi ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, adamlaryň saglygyny goramak, ynsanyň ekologiýa aň-düşünjesini çuňlaşdyrmak, daşky gurşawyň abadançylygy ulgamynda jogapkärçiligi artdyrmak meseleleri döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmäge, durnukly tebigy gurşawy kemala getirmäge gönükdirilen.
Soňky ýyllarda suw, ýer we geologiki serişdelerden netijeli peýdalanmak, biologiki köpdürlüligi hem-de tebigy aýratynlyklary goramak, çölleşmä, gür tokaýlaryň ýitip gitmegine garşy göreşmek, ilatyň ekologiýa düşünjesini ýokarlandyrmak, şeýle hem howanyň hapalanmagyny azaltmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Tutuş ýurdumyzda tokaý zolaklary, seýilgähler döredilýär. Şäherleriň we obalaryň töwereklerini büreýän «gök zolaklar» ilatly ýerleriň epgekden we tozanly ýellerden goralmagyna mümkinçilik berýär. Adamlar tebigat bilen ysnyşykly gatnaşykda ýaşap gelýärler.Milli tokaý maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Şunda tokaý zolaklarynyň çäkleriniň giňeldilmegine, tebigatyň biologik dürlüliginiň goralyp saklanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda tebigata aýawly çemeleşmegiň we onuň bilen sazlaşykly ýaşamagyň özboluşly ýörelgelerini kemala getiripdir. Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrýan ekologiýa syýasaty şu asylly ýörelgelere esaslanýar. 
  Mart aýynda Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek çäresi geçirildi. Diýarymyzda ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýazky hem-de güýzki möwsümleriniň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi döwletimiziň ekologiýa syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. Häzirki döwürde daşky gurşawy gormak, ýurdumyzyň tebigy serişdelerine aýawly çemeleşmek, ýakymly howa gurşawyny döretmek meselelerine döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň töweregindäki dag eteklerinde arça agaçlary oturdylan meýdanlar ýylsaýyn giňeýär. Olar topragy berkidip, ýerasty suwlaryň ýokary galmagyny saklaýar hem-de sil suwlarynyň döremeginiň öňüni alýar. Şeýle-de arça agajy uglerod oksidiniň howadaky derejesini peseldip, howany tozandan arassalap, ýellerden goranmagyň tebigy serişdesi bolup durýar. Mundan başga-da, Aşgabadyň töwereginde emele gelen tokaý-seýilgäh zolagy bu ýerde howanyň gowulanmagyna ýardam edýär. Dag derelerinde, baýyrlyklarda, ýapgytlarda arça agaçlarynyň tokaýlyklary döredilip, olaryň sany eýýäm onlarça milliona ýetýär. Şeýlelikde, ählihalk bag ekmek dabarasy ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyna beslenýän “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany’’ ýylynda ýurdumyzyň ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça ählumumy tagallalara goşýan mynasyp goşandynyň nobatdaky beýany boldy. 

Ekologiýa gözegçilik gullugynyň, Tehnologiýa we Innowasiýa bölüminiň esasy hünärmeni
Nurjemal Ataýewa

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04