Ahal–teke bedewleri tebigatymyzyň zynaty.

16
  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bedew batly at-myradyň mekany ýylynda okgunly öňe barýan Garaşsyz, Baky Bitarap Watanymyzda Ahal-teke bedewleri diňe bir Türkmenistanyň buýsanjy däl, eýsem tebigat bilen ynsan sazlaşygynyň kämil nusgasydyr. Olaryň tebigat bilen baglanyşygy birnäçe esasy ugurda ýüze çykýar. Türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandy hem ahal-teke bedewlerini seýislmek we tebigy arassalygyny gorap saklamakdyr. Ynha, şu gymmatlyklary goramak we geljek nesillere ýetirmek şu günki günüň netijeli işleriniň biri bolup durýar. Türkmen halky atyny "ganaty" hasaplap, ony tebigatyň iň gymmatly peşgeşi hökmünde görüpdir. Türkmenistanyň giň sähralary we dag etekleri bedewleriň tebigy mesgenidir. Arassa howa, dermanlyk ösümliklere baý bolan öri meýdanlary atlaryň sagdyn we gurbatdy bolmagyny şertlendirýär. Bedewiň tebigat bilen arabaglanyşygy ynsanyň tebigata bolan garaýşyny hem terbiýeleýär. At bilen adamyň arasyndaky ruhy baglanyşyk tebigy duýgurlyga esaslanýar, bedew eýesiniň göwnüni we tebigatdaky üýtgeşmeleri öňünden syzmak ukybyna eýedir. Olaryň tebigat bilen arabaglanyşygy örän çuňňur bolup, bu gadymy hem-de asylly jandarlar özboluşly aýratynlyklary bilen tapawutlanýarlar. Ahal-teke bedewleri müňýyllyklaryň dowamynda Türkmenistanyň yssy we gury howa şertlerine uýgunlaşypdyrlar. Olaryň gylyk-häsiýetinde we beden gurluşynda çölüň erkinligi, daglaryň durnuklylygy we sähra giňişlikleriniň ruhy duýulýar. Türkmen atlary asyrlar boýy Garagum sährasynyň dözümli şertlerinde kemala gelipdir.    Olaryň gyzgyna we suwsuzlyga dözümliligi, çäge üstünde ýeňil hereket edip bilmegi tebigat tarapyndan berlen ukyplardyr. Bedewleriň syratlylygy, inçe aýaklary we gysga ýallary yssy howada bedeniň çalt sowamagyna kömek edýär.  Ahalteke atlarynyň öwüşginli reňkleri (laçyn reňk, dor, gyr) Gün şöhlesiniň astynda gumyň we sähranyň reňki bilen özboluşly bir öwüşgin döredýär.  Olaryň derisiniň ýuka bolmagy bolsa damarlarynyň görünmegine we güneş şöhleleriniň aşagynda "altyn" öwüşgin atmagyna sebäp bolýar. Bedewleriň ýüpek ýaly ýalpyldawuk derisi we syratly bedeni Günüň nury bilen utgaşyp, ajaýyp görnüş emele getirýär. Bedewleriň owadanlygy tebigatyň iň kämil şekillerini özünde jemleýär.
  Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda şan-şöhraty dünýä dolan eziz Diýarymyzda her bir günümiz toýdur baýramlara ulaşýar. Halkymyzyň buýsanjy hasaplanylýan ahalteke bedewleri ata Watanymyzda toýlarymyzyň bezegidir. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ýurdumyzda döwlet derejesinde bellenilip geçilmegi we dürli bäsleşikleriň, at çapyşyklaryň geçirilmegi bedew atyň türkmeniň ruhy dünýäsindäki ornunyň ýokarydygyny aňladýar.

Ekologiýa gözegçilik gullugynyň,Tehnologiýa we Innowasiýa bölüminiň esasy hünärmeni
Nurjemal Ataýewa

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04