«Howa gutusy - 2026»

16
  2026-njy ýylyň aprel aýynyň 1-na BMG-nyň edara binasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Russiýa Federasiýasynyň Ilçihanasy bilen bilelikde amala aşyrylýan BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň sebit taslamasynyň jemleýji maslahaty geçirildi. «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin klimatyň üýtgemegi barada bilim» atly bu çäre Daşky gurşawy goramak ministrligi üçin ýurduň ekologik syýasatyny pugtalandyrmakda we ýaş nesliň arasynda klimatyñ üÿtgemeginiñ meselelerine ünsi artdyrmakda möhüm maslahat boldy.
  Çäräniñ esasy wakasy täzelenen «Howa gutusy - 2026» okuw toplumynyň tanyşdyrylmagy boldy. Bu toplum mekdep okuwçylarynda ekologik düşünjäni kemala getirmekde hem-de tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmak endiklerini ösürmekde täsirli gural hökmünde bahalandyryldy.
  Çäräniň açylyşynda hormatly myhmanlaryň gutlag çykyşlary dinlenildi. Bu bolsa klimatyñ üÿtgemeginiñ bilimi bilen bagly başlangyçlaryň döwlet we halkara derejesinde giň goldawa eýedigini görkezdi.
 Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri hökmünde, şeýle bilim başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde möhüm orun eýleýändigini aýratyn belläp geçýäris. Okuwçylarda ekologiýa medeniýetiň we klimatyň üýtgemeleri baradaky düşünjäniň ösdürilmegi durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy şertleriniň biridir.
  Türkmenistan durnukly ösüş maksatlaryna ygrarlylygyny yzygiderli görkezýär hem-de daşky gurşawy goramak bilen bagly meseleleri bilim ulgamyna we döwlet syýasatyna işjeň ornaşdyryar. Seminara degişli ministrlikleriň wekilleri, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň halkara bilermenleri, mugallymlar we alymlar gatnaşdylar.
Bu bolsa klimatyň üýtgemegi baradaky biliminiň pudagara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde ösdürilmegine ýardam berdi.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04